Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşarda galan raýatlaryň ýene bir tapgyry ýurda getirildi, olara COVID-19 garşy sanjym edilýär


"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny ýurda getirdi. Ýurda dolanan raýatlar Türkmenabatdaky baş karantin merkezine äkidildi we olara karantiniň ilkinji gününde COVID-19-a garşy hytaý sanjymy edildi. Karantiniň ilkinji gününde sanjymyň birinji dozasyny kabul eden raýatlar 21 günlük karantinden soň sanjymyň ikinji dozasyny kabul eder.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, 13-nji maýdan 14-nji maýa geçilen gije Dubaýdan gelen türkmen çarter uçary 200 töweregi ýolagçy bilen Türkmenabadyň halkara howa menziline gondy.

Aeroportuň bir işgäriniň sözlerine görä, gije sagat 2:30 töwereklerinde ýörite gatnaw bilen ýurda dolanan raýatlar saglyk barlagyndan geçirildi.

“Olary sagat 9-a çenli aeroportuň çäginde sakladylar. Soňra olar ýogaçy awtobuslarda baş karantin zonasyna alnyp gidildi” diýip, howa menziliniň işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Karantin astyna alnan raýatlaryň sözlerine görä, olara COVID-19-a garşy hytaý sanjymy edilipdir.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatda mundan beýläk daşary ýurtlardan ýurda getirilýän raýatlaryň ählisine sanjym ediljekdigi habar berilýär.

Karantiniň ilkinji güni bir doza sanjym edilen raýatlar 21 gün möhlet bilen karantinde saklanýarlar we habarçynyň maglumatlaryna görä, olara sanjymyň ikinji dozasy karantiniň 21-nji güni ediler.

Dubaýdan ýörite çarter gatnawy bilen ýurda getirilen raýatlardan 25 çaga we 25 eje Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynda karantin astyna alnypdyr. Şeýle-de, 110 erkek adam we 45 zenan Türkmenabatdaky baş karantin merkezine ýerleşdirilipdir.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, Dubaýdan gelen uçarda Taýland, Malaziýa, Günorta Koreýa we Türkiýede galan türkmenistanly raýatlar hem bar ekeni.

“Dubaýdan gelen uçara 60 töweregi raýat başga ýurtlardan gelip goşulypdyrlar. Olar 10-njy maý – 13-nji maý aralygynda Dubaýa gelipdirler” diýip, howa menziliniň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol howa gämisinde 100-den gowrak erkek adamyň, 50 töweregi çaganyň we enäniň hem-de ýene 50-ä golaý zenanyň bolandygyny tassyklady.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýurda getirilen raýatlaryň goşlary aeroportda galdyryldy. Ýolagçylaryň goşlarynyň 21 günlük karantin möhleti tamamlananyndan soňra eýelerine gaýtarylyp berilmegine garaşylýar.

“Raýatlar karantin döwri özlerine zerur bolan arassaçylyk serişdelerini we käbir egin-eşiklerini ýanlary bilen aldylar. Galan ýükler aeroportuň ýörite ammarynda galdyryldy” diýip, howa menziliniň işgäri gürrüň berdi.

Karantin astyna alnan raýatlara koronawirusa garşy sanjym edilmegi wirusa garşy waksinalaryň täze tapgyrlarynyň ýurda gelip gowuşýan wagty amal edilýär.

Hökümetçi “Orient” neşiriniň türkmen mediasyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistana Orsýetde öndürilen “Sputnik V”, “EpiVacCorona”, Hytaýda öndürilen “СоrоnаVас”, şeýle-de iňlis-şwed kompaniýasynyň öndüren “AstraZeneca” sanjymlary getirildi.

Ýöne habarda sanjymlaryň mukdary barada anyk sanlar getirilmeýär.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň malgumatlaryna görä, şu günler Türkmenabat şäherinde hassahana işgärlerine, saglyk öýleriniň maşgala lukmanlaryna we aeroportuň işgärlerine koronawirusa garşy sanjym edilýär.

14-nji maýda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) Türkmenistanda koronawirus ýokuşmalaryna garşy ulanmak üçin Orsýetden üç görnüşli, Hytaýdan bolsa iki görnüşli sanjymyň ýeterlik mukdarynyň getirilendigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylary ýurda gaýtarýar, olara ýokanja garşy sanjym edýär, karantin astynda saklaýar, ýöne resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysasy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG