Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Guramaçylykly jenaýata garşy global polisiýa çäresinde ýüzlerçe adam tussag edildi


Awstraliýa Federal polisiýasy guramaçylykly jenaýatçylyga garşy “Ironside” operasiýasynyň dowamynda

Birnäçe guramanyň habar bermegine görä, halkara polisiýasy guramaçylykly jenaýatçylyga garşy “dünýäde iň çylşyrymly” çäresini amala aşyrypdyr.

Häkimiýetler 18 ýurdy öz içine alýan giň operasiýada ýüzlerçe terrorçy toparyň, mafiýa guramasynyň we motorly jenaýat toparlarynyň ýüzlerçe agzasynyň tussag edilendigini habar berdiler.

"Ironside operasiýasy" diýlip atlandyrylan çäre ençeme ýurduň, şol sanda ABŞ-nyň, Ýewropa döwletleriniň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň kanun goraýjy edaralarynyň arasynda üç ýylyň dowamynda alnyp barylan hyzmatdaşlyga esaslandy.

Üç ýyllap dowam eden operasiýada ANOM atly ýapyk şifrlenen programma döredildi we güman edilýän jenaýatçylaryň ony howpsuz ulgam öýdüp ulanmagy gazanyldy.

"Bu maglumatlar geçen hepde Täze Zelandiýadan Awstraliýa, Ýewropa we ABŞ-a çenli dünýä derejesinde ýüzlerçe kanun goraýjy operasiýalara sebäp boldy. Netijede 800-den gowrak adam tussag edildi, 700-den gowrak ýer barlandy, 8 tonnadan gowrak kokain ele salyndy" diýip, Ýewropolyň operasiýalar boýunça müdiriniň orunbasary Filipp Lekof 8-nji iýunda Ýewropanyň polisiýa gullugynyň Gaagadaky baş edarasynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ýewropolyň beýanatyna görä, bu operasiýa, şifrlenen jenaýat işlerine garşy göreşde şu güne çenli geçirilen iň uly we çylşyrymly kanun goraýjy amallaryň biridir.

ABŞ-nyň FBI guramasynyň kömekçi müdiri Kalwin Şiwers öz gullugynyň soňky 18 aýda jenaýat guramalaryna "100-den gowrak ýurtda 300-den gowrak şifrlenen enjam" berendigini aýtdy.

"Diňe tussag edilmeleriň we ele salmalaryň sany barada däl-de, eýsem adamyň janyna howp salýan ýagdaýlaryň 100-den gowragyny anykladyk" diýip, Kalwin Şiwers aýtdy.

Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň häkimiýetleri bütin dünýäde guramaçylykly jenaýatçylyga “agyr zarba” hökmünde häsiýetlendiren çäreleriň netijeleri barada ilkinji bolup habar berdiler we 18 ýurtda terrorçylyk we guramaçylykly jenaýat toparlaryna gatnaşmakda güman edilen ýüzlerçe adamyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Diňe Awstraliýada geçirilen operasiýanyň çäginde 224 adama aýyplama bildirildi.

18 aýdan gowrak wagtyň dowamynda Latin Amerikadan Aziýa çenli jenaýat sindikatlarynyň neşe gaçakçylygy, pul ýuwmak işleri, adam öldürmek ýaly jenaýatçylyklary planlaşdyrmagyna polisiýa edaralary gözegçilik etdi.

Awstraliýanyň metbugaty Türkiýede gaçyp gizlenýän awstraliýaly neşe gaçakçylarynyň başlygynyň bilmän, programmany jenaýat toparlarynyň arasynda ýaýradandygyny habar berdi.

Awstraliýanyň polisiýasy dünýäde 11 000-den gowrak jenaýatçynyň ANOM enjamlaryny ulanýandygyny aýtdy.

"Enjamlar salaşykly ýaýradyldy we programmanyň kanunydygyna ynanýan jenaýatçylaryň arasynda meşhurlyk gazandy, sebäbi ýokary derejeli guramaçylykly jenaýat wekilleri onuň ynamdardygyna kepil geçdi" - diýlip, resmi beýanatda aýdylýar.

Geçen ýylda Ýewropanyň polisiýasy dünýädäki jenaýat toparlary tarapyndan ulanylýan “EncroChat” girlin aragatnaşyk ulgamyny döwensoň ýüzlerçe adamy tussag etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG