9-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) ABŞ Senatynyň komitetine Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkanyň ýurtda media azatlygyny mundan-da beýläk çäklendirmek üçin, Russiýadaky “daşary ýurt agentleri” kanunyna öýkünmegi maslahatlaşandygyny aýtdy.
Daşary gatnaşyklar komitetinde uzakdan şaýatlyk eden Flaý Russiýadaky kanunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky işlerine nähili täsir edendigini, awtoritar liderleriň “birek-birekden öwrenýändiklerini”, maglumat akymyny çäklendirýän kanunlary kabul etmek taktikalarynyň ýaýraýandygyny we olaryň şeýle usullary dürli formada we dürli tizlikde uýgunlaşdyrýandyklaryny gürrüň berdi.
“Meniň aladam – biz bu meýili Russiýada görýäris, biz muny, zurnalistikanyň kriminallaşdyrylmagyny başga tizlikde Belarusda görýäris” diýip, Flaý aýtdy.
Bular awtoritarlaryň “maglumat giňişligine gözegçilik etmek, öz raýatlaryny döwlet propagandasy bilen ýa-da režim üçin amatly bolan media guramalary bilen çäklendirmek” synanyşyklarydyr.
Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” kanuny daşary ýurt ýardamlaryny kabul edýän hem-de Russiýanyň hökümetiniň "syýasat bilen meşgullanýar" diýip hasaplaýan hökümete degişli bolmadyk guramalardan bellige alynmagy, özlerini “daşary ýurt agentleri” diýip tanatmagy, barlaglara tabyn bolmagy we öz maglumatlaryny tagmalamagy talap edýär.
Moskwanyň nyşana alan daşary ýurt maýaly media guramalarynyň arasynda AÝ/AR hem bar. Azatlyk Radiosyna kanuna boýun egmezlik üçin millionlarça dollar jerime salyndy. Kompaniýa Moskwanyň halkara borçnamalary bozýandygyny aýdyp, Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetine bu kanuna garşy ýüz tutdy.
Flaý komitete Russiýanyň Azatlyk Radiosyna garşy soňky ädimleriniň kompaniýanyň Russiýadaky bank hasaplarynyň doňdurylmagyny öz içine alýandygyny aýtdy.
Ol Belarusda demonstrasiýalar we umumy syýasy ýagdaýlar barada habar bermäge synanyşýan AÝ/AR žurnalistleriniň “örän howply iş” ýerine ýetirýändiklerini aýtdy. Ol öz işi bilen öýünden daşaryk çykan bir AÝ/AR žurnalistiniň öýüniň daşynda tussag edilendigini belledi, beýlekiler bolsa öz işlerini edýändikleri üçin yzygiderli töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Režimiň kabul edýän kanunlary sebäpli köçede žurnalistika bilen meşgullanmak tas mümkin däl” diýip, Flaý aýtdy.
Flaý Kongresiň goldaw beýanatlarynyň bu tagallalara garşy durmaga we žurnalistler nyşana alynanda muňa jogap gaýtaryljakdygyny üpjün etmäge ýardam berýändigini aýtdy.
Ol komitete hatda Azatlyk Radiosy Moskwadaky býurosyny ýitirse-de, žurnalistler Belarusyň içinde işläp bilmeseler-de, Azatlyk Radiosynyň bu ýurtlarda diňleýjilere ýetişmek üçin “öz programmalaryny muňa uýgunlaşdyrjakdygyny we öz tagallalaryny iki esse artdyrjakdygyny” aýtdy.
Ýöne ol taktikalary üýtgetmegiň köplenç tehnologiýa talap edýändigini, täze serişdeleriň Russiýada-da, Belarus-da kyn sredada barha Azatlyk Radiosyna has köp mätäç galýan diňleýjilere ýetmek üçin “uzak ýol aşýandygyny” aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.