Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa “daşary ýurt agentleri” kanunyna laýyklykda AÝ/AR-a salnan jerimeleri tassyklandan soňra, ABŞ “çuňňur alada” beýan etdi


AÝ/AR-yň Moskwadaky býurosy

ABŞ-nyň Döwlet departamenti “rus hökümetiniň söz azatlygyny çäklendirmek” tagallalaryna “çuňňur alada” beýan etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 3-nji martda Moskwa kazyýeti ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň jedelli “daşary ýurt agentleri” kanunyna laýyklykda kompaniýa salnan jerimeler boýunça appelýasiýasyny ret eden güni beýanat berdi.

“Bizi bu gün Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň repressiw daşary ýurt agentlerini bellige almak kanunçylygynyň astynda salnan jerimeler boýunça appelýasiýasynyň ret edilmegi aladalandyrýar” diýip, Praýs aýtdy.

“Bu kanunlar, şonsuzam Russiýada telewideniýe we radio ýaýlymlary berk çäklendirilen AÝ/AR-yň şahamçalarynyň işini mundan-da beýläk çäklendirmek üçin hem-de olaryň rus halkyna dogry we obýektiw habarlary bermeginiň öňüni almak üçin edilýän aç-açan tagallalardyr” diýip, ol aýtdy.

Praýs Moskwanyň hereketlerini “kabul ederliksiz” atlandyrdy. “Biz Russiýada garaşsyz we halkara habar beriş serişdeleriniň bolmagyny goldamaga dowam etdireris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Twer etrap kazyýetiniň kazysy Alekseý Kriworuçko 3-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özüniň media we metbugat materiallaryny döwlet media gözegçisi “Roskomnadzoryň” düzgünlerine laýyklykda bellik goýmazlyk sebäpli salnan jerimeleri tassyklady.

Aşaky kazyýet 10-nji fewralda Azatlyk Radiosyna jerime salypdy.

“AÝ/AR bu jerimeleri ret edýär we rus kazyýetiniň olar boýunça appelýasiýamyzy ýatyrmak kararyny kabul etmeýär” diýip, AÝ/AR-yň prezidenti Jeými Flaý kazyýet kararlaryna beren jogabynda aýtdy.

“Biz rus Internet düzgünleşdirijisi “Roskomnadzoryň” öz-özüňe bellik goýmak düzgünlerini – aslynda, biziň mazmun platformalarymyza zyýan ýetirmek we diňleýjilerimizi gorkuzmak baradaky buýruklaryny, döwlet howandarlygynda metbugat azatlygyna edilen hüjüm hasaplaýarys we ol Russiýanyň konstitusiýasyna hem-de media hakyndaky rus kanunlaryna gabat gelmeýär” diýip, Flaý aýtdy we “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu talaplara garşy çykmaga, protest bildirmäge hem-de olar boýunça appelýasiýa ýüz tutmaga dowam etdirer” diýip, sözüne goşdy.

Bu mesele bilen bagly has köp işler boýunça appelýasiýalara dowam etdirilýändigine garamazdan, düzgünnamalaryň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin hem-de jerimeleri tölemegi üçin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňünde 60 günlük möhlet bar, ýogsa-da ol Russiýanyň içinde öz işleriniň ýapylmak ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolar. AÝ/AR kazyýetiň 3-nji mart karary üçin hem appelýasiýa ýüz tutup bilýär.

“Kremliň basyş kampaniýalaryna garamazdan, AÝ/AR özüniň obýektiw hem-de garaşsyz habarçylygy bilen Russiýada barha köpelýän diňleýjilerini terk etmez” diýip, Flaý aýtdy.

“Rus halky hakykat talap edýän mahaly biziň redaksion garaşsyzlygymyza hem-de biziň diňleýjilermize ýetmek mümkinçiliklerimize täsir etmek üçin edilýän göz-görtele synanyşyklar AÝ/AR-yň öňüni baglap bilmez” diýip, ol sözüne goşdy.

“Roskomnadzor” bellik talaplarynyň bozulmagy boýunça 14-nji ýanwardan bäri AÝ/AR-a garşy 260 iş açdy. Moskwa kazyýeti 142 iş boýunça bireýýäm jerime tölemeli etdi, jerimeleriň umumy möçberi tas 1 million dollara golaýlaýar.

Russiýanyň “daşary ýurt agenti” diýilýän kanuny 2012-nji ýylda kabul edildi we şondan bäri oňa gaýta-gaýta üýtgetme girizildi. Bu kanun daşary ýurt kömegini kabul edýän hem-de hökümetiň syýasy işler bilen meşgullanýandyklary üçin bellige alynmaly hasaplaýan hökümete degişli däl guramalardan özlerini “daşary ýurt agentleri” hökmünde görkezmegini hem-de barlaglara tabyn bolmaklaryny talap edýär.

Bu kanuna girizilen soňky üýtgetmeler daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän habar beriş serişdelerini nyşana aldy.

Rus hökümeti 2017-nji ýylda Azatlyk Radiosynyň rus dilli başga-da alty habar gullugy bilen bir hatarda Rus gullugyny, hem-de AÝ/AR-yň “Amerikanyň sesi” bilen bilelikde ýöredýän “Häzirki zaman” kanalyny bu sanawa girizdi.

2020-nji ýylyň ahyrynda bu kanun üýtgedilip, rus hökümetine žurnalistleri, şol sanda daşary ýurtly žurnalistleri özüniň “daşary ýurt agentleri” sanawyna girizmäge hem-de olara garşy çäklendirme girizmäge rugsat berdi.

2020-nji ýylyň dekabrynda Russiýa bäş adamy, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň üç hyzmatdaşyny özüniň “daşary ýurt agentleri” sanawyna goşdy. Olaryň ählisi özleriniň bu sanawa girizilmegine şikaýat bilen ýüz tutýar.

Geçen ýyl “Roskomnadzor” sanawdaky media serişdelerinden özleriniň çap edýän ähli materiallaryna uly harply uzyn tekst bilen bellik goýmagy, ähli radio materiallara audio beýanat goýmagy hem-de ähli wideo materiallara 15 sekuntlyk tekst görnüşli jarnama goýmagy talap edýän düzgünleri kabul etdi.

HRW “daşary ýurt agenti” kanunçylygyny “çäklendiriji” diýip häsiýetlendirdi we olaryň “garaşsyz toparlary duşmanlaşdyrmagy” gönükdirilendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG