Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda hususy awtomobil eýeleri öz ulaglarynda paýtagta barmajakdyklary hakda dilhat bermeli edildi


Illýustrasiýa suraty. Ýol kenarynda park edilen awtoulag.
Illýustrasiýa suraty. Ýol kenarynda park edilen awtoulag.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Lebap welaýatynda hususy awtoulaglaryny guratlyk barlagyndan geçirdýän raýatlardan öz ulaglarynda Aşgabada barmajakdyklary barada dilhat talap edilýändigini habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, bu dilhatyny polisiýa talap edýär.

Türkmen häkimiýetleri mundan ozal köpýyllyklaryň dowamynda paýtagt Aşgabady welaýat ýaşaýjylaryndan arassalamak, welaýat belgili awtoulaglary mümkingadar paýtagta ýantaşdyrmazlyk barada tagalla edip geldi.

Lebaply sürüjilerden talap edilýän dilhat häkimiýetleriň bu ugurdaky tagallalarynyň soňky subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň martynda global koronawirus pandemiýasy sebäpli welaýatlaryň arasynda raýatlaryň hereket çäklendirmesi güýje girizildi. Ýöne bu çäklendirmelerden ozal hem häkimiýetler ýygy-ýygydan, hususan-da baýramçylyk senelerine gabatlap welaýat ýaşaýjylaryny Aşgabatdan çetde tutmaga synanyşdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, lebaply sürüjiler, hususan-da hususy taksi sürüjileri Aşgabada barmakda dürli kynçylyklary başdan geçirip gelýär.

“Aşgabada gatnaýan taksiler Lebap-Mary sebitleriniň serhedinde postdaky MHM işgärlerine 1500 möçberinde para bermeli” diýip, bir Lebap ýaşaýjysy anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwran atly beýleki bir sürüjiniň gürrüň bermegine görä, pandemiýa başlaly bäri lebaply ýaşaýjylar garaýoly bilen Aşgabada barmakda agyr kynçylyklara sezewar boldy.

Lebap-Aşgabat aralygynda gatnaýan taksi sürüjisiniň sözlerine görä, COVID-19 başlaly bäri Lebap-Aşgabat arasynda heläkçilikli ýol hadysalary ýaly dürli sebäpler bilen birnäçe adam aradan çykdy. Sürüji 14 töweregi adamyň Lebap-Aşgabat aralygynda agyr ýol şertleriniň pidasy bolandygyny aýdýar.

Pandemiýanyň fonunda Azatlyk Radiosy welaýatlardan Aşgabada barmaga synanyşýan adamlaryň kösençlikleri, ýaşyryn gatnaýan taksiler, Garagumyň içinden ýol ýasap, çöli kesip geçmäge mejbur bolýan sürüjiler, ýük ulaglarynyň tirkeglerinde gizlenip, paýtagta aşmaga synanyşýan raýatlar, hatda ýoluň ep-esli bölegini pyýadalap geçmäge synanyşýan welaýat ýaşaýjylary barada habar berdi.

“Serdardan Ahalyň çägine çenli pagta daşaýan traktoryň tirkeginde, pagtanyň içinde, soňra bir çopanyň köne motosiklinde geldim. Arçmandan Gökdepä çenli aralygy mal bazaryna mal alyp barýan üsti açyk, "ZIL" kysymly ýük ulagynda geçdim" diýip, bir faraply ýaşaýjy özüniň Türkmenbaşydan Türkmenabada gelişi barada geçen noýabrda gürrüň berdi.

“Biz Marydan 7 oglan bolup ýola düşdik. Günde ýüzümizi gijä tutup ýol aşdyk. Ähli barlag postlaryny aýlanyp geçdik. Öňümizden suwly ýap çyksa, ilkibada aýlanyp köpri ýa-da geçelge gözläp, ýolumyzy has daşlaşdyrdyk. Soňra suwly ýapdan ýüzüp geçmäge başladyk” diýip, geçen awgustda bir maryly ýaşaýjy özleriniň Aşgabada gidişleri barada habar berdi.

Ýurt boýunça pandemiýa çäklendirmeleri gowşaýan mahaly, Lebap-Aşgabat aralygynyň ýol çäklendirmesi has-da çynyrgaýan çemeli. Sebäbi, lebaply sürüjilerden Aşgabada barmazlyk barada ýazmaça dilhat alynýar, çäklendirme dokumentleşdirilýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, lebaply sürüjiler Marynyň postuny aşandan soňra, Tejen, Kaka, Gäwers (Ak bugdaý etrabynda) postlaryna 100 manatdan para bermeli.

“Eger taksiler para bermek islemeseler, Garagumda-da ýol bar” diýip, sürüji aýtdy, ýöne bu ýoluň örän kyndygyny sözüne goşdy.

Hepdäniň başynda Awazada dynç almaga mejbur edilýän lebaply döwlet işgärleri, şol sanda bir häkimlik işgäri çäkli transport gatnawlary sebäpli özleriniň Awaza syýahat edip bilmeýändiklerini gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG