Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Erdogan Daglyk Garabagda Bakuwyň gözegçiligindäki şähere sapar etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (çepde) we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Şuşada/Şuşide gol çekmek dabarasyna gatnaşýar. 15-nji iýun. Daglyk Garabag.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (çepde) we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Şuşada/Şuşide gol çekmek dabarasyna gatnaşýar. 15-nji iýun. Daglyk Garabag.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Daglyk Garabagyň Azerbaýjanyň gözegçiligi astyndaky bir bölegine sapar etdi. Bölünip aýrylan sebite ýanaşyk ýedi etrap bilen bilelikde bu ýer bölegini Baku geçen güýz ermeni güýçleri bilen arada bolan alty hepdelik uruşdan soň ele geçirdi.

Erdoganyň 15-nji iýunda amala aşyran sapary Ermenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “sebit parahatçylygyna we howpsuzlygyna garşy prowakasiýa” hökmünde ýazgaryldy. Sapar Erdogan bilen ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň Brýusselde geçirilen NATO sammitiniň gapdalynda geçiren duşuşygyndan bir gün soň amala aşyryldy.

Erdogan Bakuwa baranyndan soňra, Daglyk Garabagyň günorta-gündogaryndaky weýran edilen Fuzuli şäherine sapar etdi. Bu şäherçe azerbaýjan güýçleriniň etniki ermeni güýçlerinden geçen güýz gaýtaryp alan ilkinji şäherçesidir. Ol ýere 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri etniki ermeni güýçleri gözegçilik edýärdi.

Erdogan Fuzulide Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we onuň aýaly bilen duşuşdy. Soňra olar strategik Şuşa şäherine baryp görmek üçin Daglyk Garabagyň içindäki Azerbaýjanyň gözegçilik edýän territoriýasyna syýahat etdiler. Şuşa ermenileriň arasynda Şuşi diýlip bilinýär.

Geçen noýabrda Azerbaýjanyň bu şäheri ele geçirmegi urşuň möhüm pursaty boldy.

XS
SM
MD
LG