Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň gara bazar nyrhy arzanlaýar, emma harytlar arzanlamaýar


Aşgabat. Rus bazary. Arhiw suraty
Aşgabat. Rus bazary. Arhiw suraty

Aşgabatly bir ýaşaýjy özüniň palawlyk käşirini arzan bolanda alyp, gazana ataýmaly edip, doňduryp goýýandygyny, ýogsa saklap bilmeýändigini gürrüň berdi. Käşiri dagy çägä gömüp, hepdeläp saklap bolýardy, indi hemme zat himiýa, iýmän hem oňup bolanok diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ene käýindi.

Dollaryň gara bazar nyrhlarynyň arzanlamagy Maryda hem bazar harytlarynyň arzanlamagyna täsir etmedi diýip, ýerli habarçy habar berýär.

Lebapdaky habarçymyz iki-üç günlükde dollaryň Türkmenabatdaky gara bazarda 33 manat 80 teňňeden satyn alynýandygyny, ýöne azyk harytlarynyň bahalarynyň öňküligine galýandygyny habar berdi.

Ýurt içinden gelen soňky maglumata görä, şu gün dollaryň gara bazar bahasy 32 manatdan hem aşak düşdi, ýöne bazarlardaky nyrhlar tas öňküligine galýar.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" maglumatyna görä, 13-nji iýunda Aşgabadyň gara bazarynda dollar 33,5 manatdan satyn alyndy we 34,5 manatdan satyldy.
Iýunyň başlarynda dollar Lebabyň gara bazarynda 35,60-36,60 manat aralygynda satyn alyndy.

"Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar öňküsi ýaly gymmat, ýagny dollaryň gymmatlan wagtynda çykan derejesinde galýar" diýip, Marydaky habarçy adýar.

Ýöne ol Türkmenistanda öndürilýän gök önümleriň bahasynyň, dollaryň arzanlamagy bilen, az-da bolsa arzanlaýandygyny hem sözüne goşdy.

Mysal üçin, pomidoryň, kartoşkanyň 1 kilogramy 6 manat, soganyň, bulgar burçunyň, käşiriň 1 kg 5 manat bahalanýar, gara pagta ýagynyň 1,5 litri 40 manatdan satylýar diýip, habarçy aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ýerli önümleriň arzanlamagy olaryň geçginliligini artdyrmaýar, adamlar alaçlary bolsa, Türkmenistanda öndürilýän azyk önümlerini almajak bolýarlar ýa-da ýaýdanyp, az alýarlar.

"Türkmenistanda öndürilýän gök önümleri sowadyjyda hem üç günden artyk saklap bolmaýar, olar derrew çüýräp, porsap başlaýar" diýip, ýaşaýjylar Azatlyk bilen öz tejribelerini paýlaşdylar.

Öz topragymyzda öndürilen käşir öýe getireniňden soň ikinji gün eräp başlaýar, kartoşka, pomidor, hyýar ýaly önümler hem çalt zaýalanýar diýip, biri-birinden habarsyz alyjylar Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Aşgabatly bir ýaşaýjy özüniň palawlyk käşirini arzan bolanda alyp, gazana ataýmaly edip, doňduryp goýýandygyny, ýogsa saklap bilmeýändigini gürrüň berdi. Öňler käşiri dagy çägä gömüp goýsaň, hepdeläp saklap bolýardy, indi hemme zat durşuna himiýa öwrüldi, iýmän hem oňup bolanok diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ene käýindi.

Häzir kärende ýerlerinde ekilen bugdaýlar orulýar. Ýolbaşçylar bu ýylam bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini, galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleriň edilýändigini aýdýarlar, ýöne un nyrhlary ýokary bolmagynda galýar diýip, gelýän maglumatlarda aýdylýar.

Häzir Maryda iň pes sortly ýerli unuň 1 kilogramy 10 manatdan satylýar, ýokary sortly unuň 1 kilogramy 20 manat, etiň 1 kilogramy 70 manatdan satylýar diýip, habarçy aýtdy. Lebapdaky habarçy iki-üç gün öň bu sebitde etiň 1 kilogramynyň 65 manatdan, bäş litr ösümlik ýagynyň 250 manatdan satylýandygyny habar beripdi,

Maryda daşary ýurt harytlaryny satýan satyjylar öz nyrhlaryny dollaryň 37 manatdan satylan wagtyndaky nyrhy esasynda kesgitleýärler. Olar muny dollaryň gara bazar nyrhlarynyň durnuksyzlygy bilen düşündirýärler.

"Dollar belli bir nyrhda durmaýar, onuň bahasy bir günde hem, birnäçe sagat içinde hem üýtgäp bilýär, şu sebäpden biz, zyýana galmazlyk üçin, özümizçe strahowka, ätiýaçlyk çäresini görmeli bolýarys" diýip, satyjylaryň biri öz ýagdaýyny düşündirdi.

Başda hem belleýşimiz ýaly, şu gün dollaryň gara bazar bahasynyň 32 manatdan hem aşak gaçandygy aýdylýar. Emma onuň bahasynyň ertir nähili boljakdygy belli däl.

Ozal habar berlişi ýaly, 3-nji aprelde 1 dollaryň bahasy Türkmenistanyň gara bazarynda 40 manada ýetdi.

Emma häkimiýetler ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar we her ýylyň başynda aýlyklary we pensiýa pullaryny 10% köpeldip, ilatyň bol-elin durmuşda, bagtyýarlykda ýaşaýandygyny, şeýle-de ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlamagy dowam etdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG