Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti demirgazykda iki etraby öz gözegçiligine alandygyny yglan etdi


Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynda hökümet güýçleriniň we "Talyban" söweşijileriniň arasyndaky söweşden soň
Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynda hökümet güýçleriniň we "Talyban" söweşijileriniň arasyndaky söweşden soň

Owganystanyň Goranmak ministrligi 29-njy iýunda beren beýanatynda demirgazykdaky Farýap welaýatynyň iki etrabyny öz gözegçiligine geçirendigini habar berdi.

"Talyban" soňky hepdelerde hökümet güýçlerinden onlarça etraby basyp aldy. Bu ýagdaý Kabulda günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiň we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň yza çekilmeginden soň dargap biljekdigi baradaky aladalary orta atdy. ABŞ Owganystandaky goşunlaryny 11-nji sentýabryň terrorçylykly hüjümleriniň 20 ýyllygyna gabatlap şu ýyl çykarýar.

28-nji iýunda owgan hökümet güýçleri Puştun Kot we Han Çaharbag etraplaryny yzyna aldy, hökümet goşunynyň Gazni we Parwan welaýatlarynyň beýleki iki etrabyny yzyna almak ugrundaky tagallalarynda hem öňegidişlik gazanandygy aýdylýar.

Resmiler we beýleki çeşmeler owgan güýçleriniň Gunduz we Tahar welaýatlarynda-da öňe barýandygyny aýtdylar.

Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren habaryna görä, Baglan, Gunduz, Balh, Tahar we Farýap regionlarynda şeýle hem günorta-gündogardaky Paktiýada we Zabulda güýçli söweşler alnyp barylýar.

Geçen hepde "Talyban" Owganystanyň Täjigistan bilen esasy serhet geçelgesini ele geçirdi we demirgazykdaky Gunduz we Mazar-e Şerif şäherlerine hüjüm etdi.

28-nji iýunda Gazni we Paktika welaýatlarynyň dört etraby "Talybanyň" gözegçiliginde boldy.

Gazniniň kanun çykaryjysy Hoddad Irfani "Gazniniň 18 etrabyndan, jemi ýedi etraby" "Talybana" degişli diýip pikir edýärin" - diýdi.

Owganystanyň hökümet resmileriniň we "Talybanyň" arasynda syýasy çözgüt tapmak baradaky gepleşikleriň petige derelen wagtynda Pentagon "Talyban" Owganystanyň 419 etrap merkeziniň 81-sine gözegçilik edýär diýip çaklaýar.

Geçen hepdede ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani we Owganystanyň Milli barlyşyk geňeşiniň başlygy Abdylla Abdylla bilen Ak tamda geçiren duşuşygynda "biz sizi goldarys we elimizden gelenini ederis" diýdi we muny üpjün etmek üçin "zerur gurallar bar” diýip belledi.

Baýden "owganlar öz geljegini çözmeli bolarlar" - diýdi.

BMG-nyň Owganystandaky ýörite wekili Debora Lyons maý aýyndan bäri "Talybanyň" ýurduň 370 etrabynyň 50-den gowragyny basyp alandygyny aýtdy we çaknyşygyň güýçlenmeginiň" golaýdaky we uzakdaky ýurtlar üçin howpsuzlyk problemasynyň agyrlaşmagyny aňladýandygyny aýtdy.

Soňky günlerde "Talyban" söweşijileriniň Owganystanyň demirgazygyndaky hüjümleriniň netijesinde Owganystanyň hökümet güýçleriniň ençeme harbysy serhetden geçip, Täjigistana gaçdy.

Täjigistanyň döwlet serhet gullugynyň habaryna görä, 27-nji iýunda "Talyban" söweşijileriniň Balh welaýatynyň Kaldor etrabynyň Çukçuk şäherinde ýerleşýän serhet gözegçilik nokadyna hüjüm edensoň, 17 owgan esgeri Täjigistana gaçypdyr. Bu barada Täjigistanyň döwlet mediasy habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG