Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tükmen häkimiýetleri ýene awtoulag ussahanalary, awtoýuwalgalar bilen 'söweşýär'


Aşgabat. Ussahana alnyp barylýan maşyn. Arhiw suraty

Türkmenistanda häkimiýetler, ýerli çeşmäniň sözleri bilen aýdylsa, ýene öz galdyrmadyk dyrmygyna büdreýär, raýatlaryň iş ýerleribilen “söweşi" dowam etdirip, awtohyzmat kärhanalaryny ýapdyrýar.

Raýatlaryň hususy awtohyzmat kärhanalaryny ýapdyrmak geçen ýylyň aprelinde, döwlet baştutanynyň bu ugurdaky gözegçiligi berkitmek talabyndan soň başlandy we aralykda biraz böwşeňleşen ýaly etdi.

Emma bu çäreýurtdaky manat, maliýe meseleleri bilen baglylykda ýene gün tertibine geldi:Daşoguzdakytehniki hyzmat ussahanalary, maşyn ýuwulýan ýerler, awtomobil şaýlaryny satýan dükanlar wagtlaýyn, barlag geçirmek üçinýapdyrylýar diýip, Daşoguzdaky çeşme habar berýär.

Bu çäräniň “salgyt tölegleriniň doly tölenmezligi ýa salgytdan gaçalak etmek” bilen düşündirilýändigi aýdylýar.

Anonimlik şertinde gürleşen resminiň sözlerine görä, awtomobillere hyzmat edilýän pudakdan döwlete tölenmeli salgyt doly möçberinde tölenmändir, şu sebäpden tutuş welaýatda barlag, derňew işlerine başlamak barada ýokardan dilden görkezme berlipdir.

Emma barlaglara diňe salgyt gullugynyň işgärleri däl, eýsem ýangyn howpsuzlygy işgärleri hem gatnaşýar. Olar awtomobil ussahanalarynda, awtoýuwalgalarda we dükanlarda howpsuzlyk çäreleriniň görlüp-görülmändigini barlaýarlar.

Ýangyn söndürijileriň sözlerine görä, geçen aý Daşoguz şäherinde awtohyzmat binalarynyň 10-a golaýynda ýangyn döräpdir,awtomobil şaýlaryny satýan iki dükan bolsa ýanypdyr.

“Häzir Daşoguz şäherinde awtomobillere tehniki hyzmat edýän, maşyn ýuwýan ýa-da awtomobil şaýlaryny satýan dükanlaryň birini hem tapyp bolanok, olaryň ählisi ýapyk, işlemeýär, bu hem olaryň hyzmatyndan peýdalanýan adamlar, hem bu ussahanalaryň arkasyndan maşgala ekleýän adamlar üçin kösençlik” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

“Barlag geçirmek üçin ussahanalary, dükanlary hökman ýapmaly däl ahyryn, bu işi adamlaryň zerurlyklaryna, iş-aladasyna zyýan bermän hem edip bolardy ahyryn” diýip, şu aralykda awtoulagy kem tapyp, ussa gözläp ýören daşoguzly sürüjileriň biri Azatlygyň çeşmesine aýtdy.

Türkmenistandaky hususy awtoserwisler we awtoýuwalgalar geçen ýylyň apreline çenli, görnüşinden, salgyt töleglerini nähili töleýändigine, ulanýan suwuny nireden we nähili bahadan alýandygyna garamazdan, arkaýyn işlediler.

Emma ýerli çeşmeler olaryň hemişe kynçylygynyň bolandygyny, herhal prezidentiň tankydyna çenli ol problemalaryň häkimiýetler bilen “ikiçäk düşünişmek” esasynda çözülendigini aýdýarlar.

2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde geçirilen hökümet maslahatynda prezident Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde dünýäniň öňdebaryjy iş-tejribeleriniň ornaşdyrylýandygyny belläp, paýtagtda we onuň töwereklerinde awtoulaglara hyzmat edýän kärhanalaryň “bikanun hereketlerine” ünsi çekdi. Şonda Berdimuhamedow agyz suwunyň hem bikanun ulanylýandygyny tassyk etdi.

Bu tankytdan soň ýurtda müňlerçe awtoserwis we awtoýuwalga ýapyldy, olaryň haçan işläp başlajakdygy aýdylmady.

Emma indi Daşoguzdaky ýagdaýdan çen tutulsa, ozal işi togtadylan ussahanalaryň köpüsi gaýtadan açylypdyr ýa täze ussahanalar, awtoýuwalgalar döräpdir. Şol bir wagtda-da salgytdan gaçmak, bu ugurdaky açyk-aýdyňlyklaryň ýetmezligi, prezidentiň berk tankydyna garamazdan, problema bolup galýana meňzeýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly we daşoguzly telekeçiler bu ýerde meseläniň iş ýerini edinjek we saklajak bolýan adamlarda däl-de, eýsem olara şeýle mümkinçilik bermeýän we wagtal-wagtal barlag geçirip, kärhanalary ýapýan häkimiýetlerdedigini, olaryň bu ýerden bähbit görýändiklerini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG