Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda wirusyň ýaýramagyna garşy hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynda koronawirusyň täze tolkunynyň dörändigi barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahaly, Maryda keselçiligiň ýaýramagyna garşy hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirildi. Maryny beýleki regionlar bilen birleşdirýän ýollardaky postlarda gözegçilik artdyrylyp, sebite goýberilýän raýatlar we ulaglar göz-görtele azaldy. Bu çäklendirmeleriň arasynda, ilata köpçülikleýin sanjym etmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, 14-nji iýulda Mary bilen beýleki sebitleriň arasyndaky barlag postlary ýapyldy. Mara girmek isleýän awtoulaglar barlanýar. Ýolagçylardan COVID-19 testiniň negatiw netijesini görkezmek talap edilýär.

"Lebapdan we Aşgabatdan gelýän raýatlaryň aglabasy Mara goýberilmeýär. Welaýata günde diňe çäkli möçberde awtoulag girip bilýär. Ýük ulaglarynyň Mara girmegine rugsat berilmeýär" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýurduň beýleki sebitlerinden Mara gelýän raýatlardan diňe analiz tabşyryp, negatiw test netijesini görkezmek däl, eýse ýaşaýan ýerindäki Öý dolandyryş edarasyndan resminama (sprawka) almak hem talap edilýär. Bu resminamanyň güýji üç günde gutarýar.

"Welaýatyň Serhetabat (öňki Guşgy) tarapy ymykly ýapyldy. Bu tarapa hiç hili adam geçirilmeýär. Bu ýere ýük ulaglary hem goýberilmeýär. Welaýatyň bu tarapyna adamlaryň we ulaglaryň näçe wagtlap goýberilmejekdigi barada maglumat ýok" diýip, çeşmämiz belledi.

Maryda hereket çäklendirmeleri güýçlendirilen mahaly, welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynyň işgärlerine "ýokary taýýarlyk derejesinde bolmalydyklary" barada duýduryş edildi.

"Ýolbaşçylar wirusyň ilat arasynda ýaýramak derejesiniň awgust aýynda has-da ýokarlanmagyna garaşylýandygyny hem aýdýarlar" diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, habarçymyz welaýatda ilata köpçülikleýin sanjym etmek işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny hem habar berdi. 7-nji iýulda Türkmenistan COVID-19 waksinasyny ýurduň 18 ýaşdan ýokary raýatlary üçin hökmany etdi.

Türkmen hökümeti global pandemiýa başlanaly bäri ýurtda ölüm howply wirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almady. 27-nji iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir gezek "ähli çäreleriň görülýändigini" we ýurtda koronawirusyň ýokdugyny gaýtalady.

Emma geçen aýyň üçünji ongünlüginden bäri Azatlygyň Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylary wirus bilen keselleýänleriň gaýtadan köpelendigini, olaryň aglabasyna dümew we pnewmoniýa diýlip diagnoz goýulýandygyny habar berip gelýärler.

Bu habarlaryň arasynda, ýurtda şu ýylyň aprel aýynda ýeňilleşdirilen hereket çäklendirmeleriniň gerimi gaýtadan güýçlendirilip başlandy. Maska režiminiň berjaý edilişine gözgeçilikler hem berkedi. Bu çäklendirmeler geçen tomusda ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň köpelen we ilatyň arasynda ölüm derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanan döwründe girizilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG