Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garagumda kärende ýerlerine mekgejöwen eken daýhanlaryň ekinleri sökülýär


Illýustrasiýa suraty. Baldakly ýaş mekgejöwen.
Illýustrasiýa suraty. Baldakly ýaş mekgejöwen.

Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynda kärende ýerlerinden ikinji hasyl almakçy bolýan käbir daýhanlaryň ekin meýdanlary häkimiýetler tarapyndan sökülýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kärende ýerlerinden galla hasylyny ýygnap alan käbir kärendeçiler bugdaýyň yzýany öz ekerançylyk ýerlerine mekgejöwen ekipdirler. Daýhanlar bugdaý hasylynyň yzyndan mekgejöwen ekip, özleriniň kärende ýerlerinden ikinji gezek hasyl almak isleýändiklerini aýdýarlar.

Ýöne ýerli häkimiýetler, daýhanlaryň sözlerine görä, muňa garşy çykýar.

“Mekgejöwen ekilen ýerleri traktor bilen sürüp, ekinleri aýyrýarlar” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ekinleriň sökülmegi boýunça ýerli häkimiýetler daýhanlaryň soraglaryny kanagatlandyrmaýarlar, ýöne bir arçynlyk wekili etrabyň ekerançylyga niýetlenen kärende ýerleriniň hususylaşdyrylandygy barada çaklamalary öňe sürýär we Garagum etrabynda mekgejöwen ekilen ýerleriň sökülmegini bu ýagdaý bilen ilteşdirýär. Şeýle-de, arçynlyk wekili welaýatyň beýleki etraplarynda-da döwlet eýeçiligindäki köp kärende ýerleriniň hususylaşdyrylandygyny öňe sürýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň we edara-kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy batlandy, ýöne Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň Garagum etrabynda we beýleki etraplarynda daýhanlaryň kärende ýerleriniň hususylaşdyrylandygy baradaky öňe sürmeleri welaýat häkimligine tassykladyp bilmeýär.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki oba hojalyk pudagynda kärendeçiler köplenç plan borçnamasy esasynda döwlete hasyl tabşyrýar.

Hökümet 2018-nji ýylda ýurduň oba hojalyk pudagynda zähmet gatnaşyklaryny täzeden düzgünleşdirdi.

Şu ýyl Türkmenistanda orak möwsümine iýunyň başlarynda girişildi we aýyň ahyryna çenli bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini yglan edildi.

Mekgejöwen maý, iýun aýlarynda ekilýär. Geçen aý bugdaý hasylyny harmana tabşyryp, kärende ýerine mekgejöwen eken bir daýhan kyn şertlerde öz hojalygyny we mallaryny gyşdan çykarmak üçin eken mekgejöwen ekininiň häkimiýetler tarapyndan sökülmegine nägilelik bildirýär.

Daýhan etrabyň kyn durmuş şertlerini çörek ýeter-ýetmezçiligi, ilatyň azyk paýlarynyň wagtynda berilmezligi, hususy dükanlarda unuň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy ýaly problemalar bilen delillendirýär.

Daýhanlar bu meseleler boýunça etrap häkimine arz-şikaýat bildirmegiň netije bermeýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, soňky ýyllarda Senagatçylar we telekçiler birleşigine agza hususy kärhanalar ýurduň oba hojalyk pudagynda işjeňleşip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG