Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda bugdaýyň bahasy ‘keýigiň şahyna çykdy’


Sebitlerde gaýtadan güýçlenýän bugdaý, un we çörek gytçylygy ýurtda nobatdaky galla hasylyny ýygnamak möwsüminiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.
Sebitlerde gaýtadan güýçlenýän bugdaý, un we çörek gytçylygy ýurtda nobatdaky galla hasylyny ýygnamak möwsüminiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda emele gelen un we çörek gytçylygy barada habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Lebapda 50 kilogram bugdaýyň bahasy 600 manatdan geçdi.

Şeýle-de, habarçy sebitiň un zawodlarynda alnyp barylýan barlaglar bilen baglylykda un ammarlarynyň möhürlenendigini habar berýärler.

Ýiti azyk gytçylygynyň arasynda türkmen kanun goraýjy edaralary Lebabyň un zawodlarynda 'güman edilen bidüzgünçilikler' bilen baglylykda birnäçe gezek derňew işlerini geçirdi. Ýöne geçirilen derňewleriň netijeleri jemgyýetçilige aýan edilmeýär.

“Adamlar degirmende bugdaý üwäp, un almaga çalyşýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, buhanka çöreginiň döwlet bahasy 100 göterim gymmatlady.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda emele gelen ýiti un ýetmezçiligi barada habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, un ýetmezçiligi bilen baglylykda çörek öndürýän hususy taraplar wagtlaýyn işlerini togtatdy.

“Netijede, günde bir gezek döwlet dükanlarynda satuwa çykarylýan çörek ýene gytaldy. Dükanlaryň öňünde emele gelýän nobatlarda köplenç dawa-jenjeller we uruşlar ýüze çykýar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.

Sebitlerde gaýtadan güýçlenýän bugdaý, un we çörek gytçylygy ýurtda nobatdaky galla hasylyny ýygnamak möwsüminiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Resmi maglumatlara görä, 14-nji iýuna çenli ýurduň bugdaý meýdanlaryndan 591 müň 242 tonna galla hasyly ýygnaldy.

Türkmenistan bu ýyl 690 müň gektarlyk bugdaý meýdanyndan şertnamalaýyn esasda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.

Birleşen Ştatlaryň Oba hojalyk departamentiniň ekerançylyk hasabatyna görä, 2021/2022 bazar möwsüminde Türkmenistanda 900 müň tonna bugdaý hasylynyň ýygnalmagy çak edilýär. 2020/2021 bazar möwsüminde bu mukdaryň 1 million 320 müň tonna barabardygy habar berilýär. Guramanyň hasabatlaryna görä, departament dünýä ýurtlarynyň ekerançylyk ýerleriniň meýdany we olardan ýygnalan hasylyň möçberi baradaky çaklamalary NASA-nyň emeli hemra maglumatlary esasynda toplaýar.

Geçen ýyl orak möwsüminiň tamamlanmagynyň yz ýany, awgust aýynda Lebap sebitiniň Saýat, Sakar we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän un zawodlarynda hukuk goraýjy edaralar derňew işlerini geçirdi. Şeýle-de, Hojambaz etrabynyň galla kabul ediş harmanhanalarynda derňewler geçirildi. Bu derňewleriň näme maksat bilen we anyk haýsy kanun goraýjy edaralar tarapyndan geçirilýändigi, şeýle-de olaryň netijeleri barada hasabat berilmeýär.

Galyberse-de, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habaryna görä, Tejende towuk budy üç hepde bäri, ne döwlet dükanlarynda, ne-de hususy dükanlarda tapdyrýar.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady çökgünligi başdan geçirýär. Global pandemiýanyň arasynda ýurtda ykdysady şertler has-da ýaramazlaşdy. Azyk harytlary we beýleki önümler hususy dükanlarda ep-esli gymmatlady. Döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň ýiti gytçylygy emele geldi.

Hökümet resmileri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Döwlet media serişdeleri Türkmenistanda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini, adamlaryň bolelin, abadan durmuşda ýaşaýandyklaryny tekrarlamaga dowam etdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG