Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk üçin karz alýan Türkmenistan Türkiýä muzdsuz saglyk kömegini iberýär


Türk we türkmen baýdaklary
Türk we türkmen baýdaklary

Ýakyn taryhynda iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýän, pandemiýanyň döreden saglyk we durmuş meselelerini çözmek üçin Bütindünýä bankyndan 20 million dollar karz alan we hiç bir koronawirus hadysasyny, şol sanda ýurtda bolýan suw joşmalaryny, ýel-harasady, gurak gelen ýylyň agyr synaglaryny boýun almaýan Aşgabat, ata-baba däpleri dowam etdirip, millionlap bosgun kabul edýän, şol sanda türkmen migrantlaryna iş berýän Türkiýä muzdsuz, ynsanperwer kömek iberýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyndan ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek üçin, Türkiýä ynsanperwer kömegini ibermek baradaky karara gol çekdi diýip, TDH 13-nji awgustda habar berdi.

Türkiýede turan ýangynlar iýulyň aýagyndan bäri uly weýarançylyk döretdi, ona golaý adamyň ýogalmagyna, kenarýaka sebitlerinde ýüzlerçe binanyň ýykylmagyna we kurort şäherlerindäki adamlaryň köpçülikleýin ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy.

Şol bir wagtda, muzdsuz kömek kararyna gol çekilmegi Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde öz meselelerini gozgamaga çalşan türkmen migrantlarynyň, hukuk goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, 'hakyna tutma režim taraprarlarynyň' hüjümine sezewar bolmagynyň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ýurtdaky ýangyn aladalary sebäpli Aşgabada planlaşdyrylan saparyny yza süýşürmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Neşir muzdsuz kömegiň türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we ynsanperwerlik däpleri esasynda berilýändigini belleýär.

Ýöne ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkiýä muzdsuz berjek derman we beýleki serişdeleriniň möçberi anyklaşdyrylmaýar.

Soňky ýyllarda öz taryhyndaky iň agyr ykdysady çökgünligi, azyk we derman ýetmezçiligini başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistan mundan öňem goňşy ýurtlara kömek iberipdi.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň prezidenti 19-njy fewralda Russiýanyň Astrahan sebitine Türkmenistanda öndürilen önümleri muzdsuz ibermek hakyndaky buýruga gol çekdi.

Şonda n bu kömek, resmi maglumata görä, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredowyň taýýarlan teklipleri esasynda iberildi we TDH onuň “dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde” iberilýändigini nygtady.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň ilatyna garanda gowurak ýaşaýan orsýetlilere muzdsuz beriljek önümleriň derman we saglygy goraýyş serişdelerinden, azyk önümlerinden we harytlardan ybaratdygy aýdyldy.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň maý aýynda hem Astrahana 1000 tonnalyk ýük iberdi.

Şonda azyk we senagat önümlerini, dokma we gurluşyk materiallaryny öz içine alýan kömegiň Astrahana sebitdäki koronawirus aladalary sebäpli iberilendigi bellendi.

Geçen ýyl Türkmenistan goňşy Owganystana, Eýrana hem ynsanperwerlik kömeklerini iberdi, suw joşmalaryndan ejiz çeken Özbegistana kömek teklip etdi.

Ýurt içinden gelip gowuşýan maglumatlar, Azatlygyň habarçylaryna ýagdaýyny gürrüň berýän ýaşaýjylar ýerli ilatyň aglaba köplüginiň soňky ýyllarda gaty garyp düşendigini, gündelik iýjegini gazanyp bilmeýän, derman almaga puly ýetmeýän adamlaryň bolsa örän köpelendigini tassyklaýar.

Belki-de şu ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistan iýul aýynda Bütindünýä bankyndan 20 million dollar karz aldy. Bu serişdäniň koronawirus hadysalarynyň birini hem resmi taýdan tassyklamadyk ýurtda COVID-19 pandemiýasynyň täsirleri netijesinde dörän saglyk we durmuş meselelerini çözmäge gönükdiriljekdigi aýdyldy.

Ýerli synçylar we hökümet tankytçylary Aşgabatdaky hökümetiň ýurtdaky ykdysady çökgünligi, işsizligiň derejesini we azyk gytçylygyny, sosial-durmuş kynçylyklaryny boýun almakdan geçen, tebigy hadysalary, şol sanda bütin dünýäni alada goýan keselçilik ýagdaýlaryny hem tassyklamaýandygyny, emele gelen agyr ýagdaýyň pidasy bolan ilatyna, şol sanda çagalara, aýallara, garrylara we näsag adamlara hem ýeterlik kömek etmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG