Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Britaniýa bilen Owganystandaky ýagdaýy maslahat etdi


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri Britaniýanyň resmileri bilen 23-nji awgustda gepleşik geçirip, Owganystandaky ýagdaýy maslahat etdiler.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Arkalaşyk we Ösüş boýunça ýolbaşçysy Lord Ahmad Uimbldonski bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdir.

Konstruktiw ýagdaýda geçirilen gepleşiklerde taraplar Owganystandaky ýagdaýy, umumy kynçylyklara we howplara garşy göreşmek, halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy we ynsanperwer taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we gepleşikleri bu ugurda dowam etdirmek barada ylalaşdylar diýlip, DIM-niň resmi maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistan 15-nji awgustda "Talybanyň" Kabuly ele geçirmeginden soň, birnäçe günläp reaksiýa görkezmedi. 18 awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi yzly-yzyna beýanat berip, türkmen hökümetiniň Owganystanda bolup geçýän wakalary ýakyndan synlaýandygyny, ýurtdaky türkmen wekilhanalarynyň adaty iş tertibinde öz işlerini dowam etdirýändigini hem-de türkmen-owgan gümrük geçelgeleriniň adaty tertipde işleýändigini mälim etdi.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Hyratdaky we Mazar-i Şerifdäki baş konsullary “Talybanyň” Hyrat hem-de Balh welaýatlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Türkmenistan bilen Owganystan TOPH gaz geçirijisi, TOT demir ýoly ýaly transmilli taslamalara gatnaşýar. Iki goňşy ýurduň 800 kilometr töweregi serhedi bar.

“Talyban” wekilleri şu wagta çenli iki ýurduň arasynda geçirilen duşuşyklarda transmilli taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistany ynandyryp gelýär.

Türkmen diplomatlary "Talyban" Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri, toparyň wekilleri bilen Owganystanda duşuşan daşary ýurt diplomatlarynyň ilkinjileriniň hataryna girdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG