Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda telekeçileriň gündelik nagt girdejisi barlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň salgyt edarasynyň işgärleri hususy eýeçilikdäki söwda dükanlarynda barlaglary geçirip, telekeçileriň gündelik nagt girdejisiniň möçberini anyklaýarlar. Girdejisiniň hakyky mukdaryny gizläp, az salgyt tölän telekeçilere onlarça müň manat möçberinde pul jerimesi salynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Şu günler salgyt gullugynyň işgärleri hususy eýeçilikdäki dükanlaryň kassa işgärleriniň gapdalynda her gün 10 sagat oturýarlar. Olar muny birnäçe günläp gaýtalaýarlar we nagt hem-de kartlar esasynda gelýän girdejini öwrenýärler. Şol girdejini ozalky günler bilen deňeşdirýärler" diýip, efirde adynyň Gylyçdurdy diýlip tutulmagyny soran faraply telekeçi 30-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, nagt girdejisini az görkezen telekeçilere, girdejisiniň mukdaryna görä, 30 müň manada çenli jerime töletdirilýär.

Bu barlaglar Farabyň "Aşgabat", "Jeýhun market", "Aýdyň market", "Amyderýa" we "Kenarly market" ýaly hususy söwda dükanlarynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi salgyt müdiriýetiniň Lebapdaky edarasynyň bir işgäri habarçymyz bilen söhbetdeşlikde bu barlaglaryň sebäplerini soňky aýlarda telekeçileriň tabşyrýan salgydynyň ep-esli azalmagy bilen düşündirýär.

"Telekeçileriň käbiri satan harytlarynyň sanawyny görkezmeýärler. Şeýle-de, olar köplenç töleg terminallaryny işletmeýärler we nagt däl söwda etmeýärler. Şol sebäpli olaryň käbiri özleriçe - köplenç az - girdeji görkezýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran salgyt işgäri belledi.

Bellesek, ýurt raýatlary söwda nokatlarynyň, şol sanda döwlet we hususy dükanlaryň aglabasynda töleg terminallarynyň işledilmeýändigi sebäpli bank kartlary bilen söwda edip bolmaýandygy barada yzygiderli şikaýat edip gelýärler.

Olar bankomatlarda nagt ýetmezçiligi sebäpli aýlyklary we pensiýalary öz wagtynda nagtlaşdyryp bolmaýan mahaly, munuň özleriniň gündelik azyk zerurlyklaryny üpjün etmekde kynçylyk döredýändigini belleýärler.

Beýleki tarapdan, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan käbir telekeçiler dollaryň gara bazardaky bahasynyň onuň resmi kursundan 10 esse gymmatdygyny aýdyp, ýurtdaky walýuta çäklendirmelerinden ejir çekýändiklerini belleýärler. Şeýle-de, olar pandemiýa çäklendirmeleriniň hem öz söwdalaryna zarba urandygyny aýdýarlar.

"Şu ýagdaýlar sebäpli käbir telekeçiler özleriniň nagt söwdadan gelýän girdejileriniň belli bir bölegini gizläp, bizneslerini saklap galmaga synanyşýarlar" diýip, faraply bir telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk beýan edilen bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi salgyt müdiriýetiniň Lebapdaky edarasyndan we ady agzalan dükanlardan maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, soňky aýlarda ýurduň dürli künjeginde hususy söwda dükanlarynyň käbiri ýapylyp, telekeçileriň käbiri öz işini bes etdi.

Telekeçiler muňa çäklendirmeler sebäpli dükanlarynyň ençeme hepdeläp, käte aýlap ýapyk galmagynyň we azyk harytlarynyň ulanyş möhletiniň geçip, olaryň zaýa bolmagynyň we uly maddy zyýana galmaklarynyň sebäp bolandygyny aýtdylar. Bu barada Azatlygyň habarçylary habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG