Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahal nomerli awtoulaglar Aşgabatdan çykarylýar


Ýol gözegçiligi, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Ýol gözegçiligi, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda, paýtagta degişli bolmadyk belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmeleri ýene-de güýçlendirildi. Bu gezek paýtagtyň polisiýasy Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglary tutýar. Polisiýa işgärleri gadagançylygyň sebäbini düşündirmeýär.

Döwlet ýol gözegçilik polisiýasy, Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili awtoulaglary köp saklaýar, ähli ýolagçylary düşürýär we sürüjileri şäherden çykmaga mejbur edýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ahal nomerli ulagy saklan polisiýa işgärleri ulagda oturan ähli ýolagçylary geçip barýan taksileri saklap, olara mündürýär, saklanan ahally awtoulagy bolsa şäheri terk etmäge mejbur edýär. Şeýlelikde, şäher taksisine mündürlen adamlaryň ählisi bir ulagyň içinde şäheri aýlanyp, şol barmaly ýerine aşmaly bolýarlar we muny öz hasabyna töleýärler.

"Awtoulagda näçe adamyň bardygy we nirä barýandyklary hiç kim üçin möhüm däl, olaryň hemmesini bir takside ugradýarlar, soň bolsa olar şäheri aýlanýarlar we syýahaty üçin goşmaça töleg töleýärler" -diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Ahal nomerli awtoulaglaryň sürüjilerine bolsa, paýtagtda gatnamagyň olar üçin gadagan edilendigi barada aýdylýar we şäheri terk etmek talap edilýär. Şeýle-de, olara indiki gezek tutulan ýagdaýynda uly jerime salynjagy we awtoulag duralgasyna eltiljegi duýdurylýar.

Paýtagtyň ýol gözegçilik polisiýasynyň müdirliginde bu gadagançylygyň sebäplerini anyklap bolmady.

Azatlygyň anonim çeşmeleri bolsa, sebit belgileri bolan awtoulaglaryň paýtagtda gatnamagynyň gadagan edilmegini ýurduň 27-nji sentýabrda belleýän Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk bilen baglanyşdyrýar.

Geçen ýyllaryň tejribesinden, häkimiýetler döwlet baýramçylyklarynyň, uly sport ýaryşlarynyň ýa-da häkimiýetler üçin möhüm bolan beýleki çäreleriň öňüsyrasynda Aşgabada girmegi gadagan edýärler ýa-da çäklendirýärler. Çäklendirmeler hususy awtoulaglar we paýtagta degişli bolmadyk taksiler babatynda girizilýär. Her gezek täze çäklendirme girizilende taksileriň bahasy ýokarlanýar.

Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda sebit belgili awtoulaglaryň hereketine girizilen çäklendirme koronawirus keseliniň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegine gabat geldi.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Aşgabatda COVID-19 ýokaşan adamlaryň sanynyň ep-esli artmagy bilen birlikde gündelik ölüm derejesi 70 adamdan geçýär. Paýtagtyň keselhanalary hassalardan hyryn-dykyn.

Keseliň ýaýramagy sebitlerde-de möwjeýär. Birnäçe ýaşaýyş zolagy girip-çykmak üçin tutuş ýapyldy.

Soňky günlerde koronawirus keseliniň we ölüm derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagy baradaky habarlaryň arasynda tutuş ýurt boýunça keselhanalar, bazarlar, söwda merkezleri we hyzmat pudagy karantine ýapyldy.

Türkmenabat şäherinde karantin çäreleri güýçlendirilýär, ähli söwda merkezleri we hyzmat kärhanalary ýapylýar, diňe dermanhanalar we bir bazar açyklygyna galýar. Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň hadysalaryny resmi derejede boýun almaýar.

Döwlet habar beriş serişdeleri ýurt boýunça girizilýän çäklendirmeler barada hiç bir habar bermediler. Ilat nobatdaky çäklendirmeler barada diňe ýüzbe-ýüz bolan halatynda bilip galýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG