Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Rus-türkmen mekdebinde ikinji işgär aradan çykdy


Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebi, Aşgabat (arhiw suraty)

Aşgabatda Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň ýene bir işgäri aradan çykdy. Çeşmeler onuň hem koronawirusdan ýogalandygyny habar berýär. Bu aralykda paýtagtyň mekdeplerinde okaýan okuwçylara mekdebe gitmezlik üçin doldurmaly anketalar paýlanýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini Azatlygyň habarçylary Aşgabatdan habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 7-nji sentýabrda irden Aşgabatda Puşkin adyndaky mekdebiň mugallymy Tatýana Wýaçeslawowna Ýarowenko koronawirusyň netijeleri zerarly aradan çykypdyr. Ol biologiýadan sapak beripdir we 7 "A" klassyň ýolbaşçysy bolupdyr.

“Turkmen.news” hem mugallymyň ölümi barada habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, Tatýana Ýarowenkonyň okuwçylary häzirki wagtda aljyraňňy ýagdaýda galýarlar. Ene-atalar çagalaryny mekdebe goýbermekden gorkýarlar, mekdep mugallymlary bolsa, işe gitmekden howatyrlanýarlar.

Mugallymyň ölümi bu okuw jaýynda bir hepdäniň içinde ikinjidir.

1-nji sentýabrda mekdebiň müdiri Ýelena Systsowa aradan çykdy. Azatlyk Radiosy mekdebiň müdiriniň keselländigi barada awgustyň aýagynda habar aldy. Mekdepde okuwçylara direktoryň we onuň bu mekdepde işleýän ejesiniň koronawirus bilen keselhana ýerleşdirilendigi we 1-nji sentýabrda ölendigi habar berildi. Şonda mekdep müdiriniň ejesiniň reanimasiýadadygy aýdyldy.

“Turkmen.news” neşiri bu okuw jaýynda 20-ä golaý mugallymyň COVID-19 bilen keselidigini habar berdi. Neşir, mekdepde müdiriň ölendiginiň tassyklanandygyny, ýöne takyk sebäbiniň aýdylmandygyny habar berdi.

A.S. Puşkin adyndaky rus-türkmen bilelikdäki orta mekdebiniň müdiriniň ölüminiň sebäbi Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem mälim edilmedi. 1-nji sentýabrda ilçihananyň web sahypasynda Ýelena Systsowanyň ölümi barada sebäbi aýdylmazdan habar berildi.

Rus-türkmen mekdebiniň wekilleri we Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy, bilim edarasynyň ýene bir mugallymy Tatýana Ýarowenkonyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýagdaý barada resmi düşündiriş bermedi.

Bu aralykda, ýurt boýunça orta mekdep okuwçylarynyň ene-atalary COVID-19 keseliniň möwjeýän wagtynda çagalaryny mekdebe ibermekden gorkýarlar.

Okuw prosesi bir aý yza süýşürilip, soň 6-njy sentýabrda garaşylmadyk ýagdaýda täzeden başlandan soň, okuwçylaryň üçden birine golaýynyň mekdebe gatnamaýandygy ýüze çykdy. Köpüsi kesel, mugallymlar ýeterlik däl. Sagdyn çagalaryň ene-atalary olary mekdebe goýbermek islemeýärler diýip habarçylar aýdýarlar.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýärler, emma ýagdaýa käbir çäreler bilen reaksiýa bildirýärler.

Hususan-da, mekdeplere degişli täzelikleriň biri okuwçylaryň sapaklara gatnaşmazlygynyň resmileşdirilmegine degişli.

Aşgabatda okuwçyny okuwdan alyp galmak üçin mekdeplerde çagalara anketalar paýlandy. Ýörite anketalar 7-nji sentýabrda paýtagtyň birnäçe mekdebinde, şol sanda 36-njy we 55-nji mepkdeplerde paýlandy.

Çaganyň sapaklara gatnaşmazlygy üçin mekdebiň müdiriniň adyna ýazylmaly arzanyň nusgasy
Çaganyň sapaklara gatnaşmazlygy üçin mekdebiň müdiriniň adyna ýazylmaly arzanyň nusgasy

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan görülýän çäreleriň arasynda ilatyň hereketine düýpli çäklendirmeler hem girizilýär.

“Turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanyň Daşoguz we Mary welaýatlarynda sebitleriň arasyndaky ulag baglanyşyklary ýapylýar. 6-njy sentýabr agşam, Garabogaz şäheriniň Balkan welaýatyndaky girelgesi we çykyşy ýapyldy. Şäherde azyk önümleri dessine gymmatlady.

Aşgabadyň we Türkmenistanyň welaýatlaryndaky saglygy saklaýyş edaralarynyň wekilleriniň adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyga aýtmagyna gora, ýurt koronawirusyň güýçli tolkunyny başdan geçirýär, keselçilik hadysalarynyň we ölümleriň sany öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelýär.

Lukmançylyk edaralary köp sanly hadysalara döz gelip bilmeýärler, keselhanalar hassalaryň ählisini kabul edip ýetişmeýär, lukmanlar ölenleri ýakynlaryna tabşyrmak üçin ýetişiksiz günde kynçylyk çekýär we hassalaryň ençemesi öýlerinde ölýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we Türkmenistandaky çeşmeleriniň habar bermegine görä, test netijeleri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar. Ýurduň lukmançylyk edaralarynda koronawirus testler arkalı anyklanýar, ýöne hasaba alynmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG