Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

PÝGG ýangyç beketlerinde nobatçylyk çekip, düzgün bozan sürüjileri gözleýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýangyç beketlerinde durup, mundan ozalky günlerde ýa hepdelerde ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjileri gözleýärler. PÝGG-niň işgärleri düzgüni bozan sürüjileri anyklanda, olardan pul jerimelerini dessine tölemegi talap edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Şu günler PÝGG-niň işgärleri “Türkmennebitönümleri” döwlet kompaniýasyna degişli ýangyç beketleriniň golaýynda, has takygy Oguzhan köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygyndaky, Gündogar we Ankara köçeleriniň ugrundaky ýangyç beketlerinde nobatçylyk çekýärler.

"Olar ulag sürüjileri ýangyç guýdurmak üçin öz nobatyna garaşyp duranda, ulaglaryň döwlet belgilerini özlerindäki noutbuklar arkaly ýörite maglumatlar bazasyna girizýärler. Olar ondaky ýörite tilsimiň üsti bilen ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjileri we olaryň näçe manat möçberde jerime karzynyň bardygyny anyklaýarlar. Sebäbi ulaglaryň ählisi ýangyç guýmak üçin beketlere gelmeli bolýar" diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde 8-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

PÝGG-niň işgärleri düzgün bozandygy anyklanan sürüjileri saklap, olardan jerimäni öz ýanlaryndaky töleg terminalyna dessine tölemegi talap edýärler.

"Eger sürüji hiç ýerde işlemeýän bolsa we onuň plastik bank karty bolmasa, onda sürüji golaýda ýerleşýän Halk bankyň şahamçalaryna baryp, jerimäni töläp gelmeli bolýar. Polisiýa işgärleri diňe jerimäni töländigi baradaky kwitansiýany görkezen sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalaryny yzyna berýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly sürüji habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ýurtda ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberi adatça 50-150 manat aralygynda, käte ondan-da köp bolýar.

Şol bir wagtda, ol käbir sürüjileriň jerimesiniň sanynyň 30-a golaýlaýandygyny aýdyp, bellenilen möhlete çenli jerimäni tölemedik raýatlaryň jerimesiniň möçberiniň günsaýyn artydyrylýandygyny aýdýar.

Bellesek, "Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakyndaky" kanunynyň 577-nji maddasynda jerimäni hukuk bozujy özüne jerime salnandygy hakynda kararyň gowşurylan gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir diýilýär.

Şeýle-de, şol maddanyň bäşinji böleginde "bellenilen möhletde jerime tölenilmese, onda salnan jerimäniň möçberiniň möhleti geçirilen her gün üçin 0,5 göterim artdyrylýandygy" nygtalýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar häkimiýetleriň özlerinden jerimäni 10 günüň dowamynda tölemegi talap edýändigini aýdýarlar.

Jerimäni tölemekden ýüz öwren sürüjiniň ulagy ewakuwator ulagyna ýüklenip, jerime duralgasyna alnyp gidilýär we sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar.

PÝGG-niň işgärleri bu çäreleri ýurtda dowam edýän "Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk bilen baglanyşdyrmak bilen çäklenýärler.

Azatlyga bu aýdylanlar barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak başartmady.

Türkmen hökümeti indi ençeme ýyl bäri her ýylyň sentýabrynda geçirilýän biraýlygyň dowamynda ýurduň ýollaryndaky ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilşine gözegçiligiň ýola goýulýandygyny aýdýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleriniň aglaba çola ýollarda tizligi ýokarlandyran sürüjileri “awlamak”, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak bilen meşguldygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň käbirleri ýurtda nagt pul ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyna ünsi çekip, häkimiýetleriň bu çäresini "býujete pul serişdesini ýygnamagyň" ýene bir usuly diýip düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG