Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Jerime 'plany' ýokarlandy, Aşgabada iberilen ofiserleriň orny ýangyn söndürijiler bilen doldurylýar


Awtobus duralgasyndaky ýol gözegçisi. Arhiw suraty

Maryda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen we biri-birinden habarsyz iki resmi bu ýagdaýyň sebäbini sebitdäki polisiýa işgärleriniň köpüsiniň Aşgabada iş saparyna iberilmegi bilen baglanyşdyrdy.

Türkmenistanyň ýollarynda ýol-hereket howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy başlandy, halk içinde bu hökmany çäräni "awtoulagyňy bir aý öýde goýup, awtobus ulanmaly" döwür diýip atlandyrýarlar.

Şu aralykda, Marydaky polisiýa işgärleriniň ýaryndan gowragynyň Aşgabada iberilendigi, olaryň ýeriniň ýangyn söndürijiler bilen doldurylýandygy we 'adamlar üýşse, koronawirus diýip dargadyň, gulak asmasalar tussag ediň" diýen tabşyrygyň berlendigi habar berilýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen sürüjileriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, bu aýda ozalam ýagdaýy ýeňil bolmadyk sürüjiler has-da bez edilýär.

"Türkmenistanda adaty sürüji bolsaň, beýleki aýlarda hem gönençlik ýok, ýöne sentýabr aýynda has kyn. Sebäbi bu aýda köçede ýol gözegçileri köpeldilýär, olar islän awtoulaglaryny saklaýarlar we kemçilik bolsa-bolmasa jerime salýarlar" diýip, 50 ýaşyndaky aşgabatly sürüji Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda ýola gözegçilik edýän polisiýa ofiseri bilen-de, beýleki häkimiýet wekilleri bilen-de dawalaşmak, özüňi mamla hasaplamak diňe peýdasyz däl, eýsem howply.

"Bu ýagdaýy hemmeler bilýär we, adamlar köplenç 'ýamandan boýuňy satyn al' diýlenini edýär, ýalbaryp para berýär. Eger şeýtmeseň, sürüjilik şahadatnamaňdan dynmagyň mümkin, polisiýa hüjüm etmekde aýyplanyp, türmä düşmegiň hem daş däl" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji ýagdaýy düşündirdi.

Şol bir wagtda, pyýadalary köçeden geçirýän polisiýa geýimli, pagonlary PT ýazgyly ýaş oglanlardan ilat nägile.

"Olar irden bir sagat ýoluň ortasynda durup, çagalary uly ýoldan geçirýärler, sagat 10:00-dan soň ýoluň gyrasynda durýarlar, soňra ýanýolda duryp, ellerinden telefonlaryny aýyrman, öz işleri bilen başagaý bolup, ýoldan geçýän adamlary ýatdan çykarýarlar, çagalarymyz okuwdan boşap öýe gelende, günde diýen ýaly tasdan awtoulagyň aşagyna düşýär. "Gaty gelýän awtoulaglar zordan saklandy, köçeden geçmäge gorkýarys" diýip, çagalarymyz aýdýar. Polisiýa işgäri ýokmy, olar maşynlary saklanokmy diýsek, "ýok, geçirmeýär, telefonlaryny oýnap durlar, bize seredenoklar diýýärler" diýip, ene-atalar gürrüň berýärler.

Ýagdaý şeýle bolansoň, ýagdaýy bolan ene-atalar çagalaryny okuwa getirip, soň özleri alyp gitmäge çalyşýar. "Ol telefonly oglanlara çaga ynanyp bolmaz, olaryň kellesi işinde däl, başga ýerde" diýip, çagasynyň elinden tutup gelýän 40 ýaşlaryndaky aýal Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Faraply sürüjiler öz ýagdaýlary barada täze nakyl döretdiler we eger biri polisiýadan zeýrense, "Ýol azaby – ýol polisiýa azaby", olaryň arkasynda döwlet dur, döwlete bolsa seniň puluň gerek, ony çagalaryňdan öňürti we gowy naharlamaly" diýip gülýärler.

Farapda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa ofiseriniň sözlerine görä, bu aýda olardan edilýän talap has güýçlendirilýär we eger öňki aýlarda azyndan 25 sürüji saklap, kemçilik tapyp, olara jerime salan bolaslar, bu aýda azyndan 50 sürüjä jerime ýazmak talap edilýär.

"Jerime ýazmak boýunça plan-tabşyrygyny berjaý etmedik polisiýa ofiseri gije sagat 23:00-a çenli köçede, ýolda durup işlemäge mejbur bolýar, hatda olar öz garyndaşlaryny, tanyşlaryny hem saklap, ýalbaryp, 'ýagdaýyma düşüniň' diýip, ýeňilräk jerime salýarlar" diýip, faraply ofiser gürrüň berdi.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň berýän maglumatyna görä, şu gün, 10-njy sentýabrda irden sebitiň ýangyn söndüriji gullugynyň işgärlerini hem polisiýa lybaslaryny geýmäge mejbur etdiler.

Mundan öňem olar özlerine degişli bolmadyk işlere çekilýändiklerini aýdyp, Azatlygyň üsti bilen seslerini eşitdirmek synanyşygyny edipdiler.

"Ýangyn söndürijileriň ählisini Mary şäherinde, ýangyn söndüriji edaralaryň etrap merkezlerindäki bölümlerinde bankomatlaryň, dükanlaryň öňüne polisiýa eşiginde çykmaly etdiler. Olar ilki bir salym polisiýa işgärleri bilen köçeleriň gyrasynda, çatryklarda durup, döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň edýän işlerini öwrendiler" diýip, bu maglumaty sebitiň ýangyn söndürijiler edarasynda işleýän ynamdar çeşme hem tassyk etdi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme ýangyn söndürijleriň bu bolýan zatlara haýran galýandyklryny hem sözüne goşdy.

Maryda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen we biri-birinden habarsyz iki resmi bu ýagdaýyň sebäbini sebitdäki polisiýa işgärleriniň köpüsiniň Aşgabada iş saparyna iberilmegi bilen baglanyşdyrdy.

Geçen aýda Marydaky polisiýa ofiserleriniň tas 50 göterimini paýtagta iberdiler, häzir bolsa galanlaryny iberýärler. Bärde polisiýa ofiseri galmady diýen ýaly, sebitiň polisiýa işgärleriniň 80 göterimine golaýy häzir paýtagtda diýsem-de ýalňyşmaryn" diýip, hökümet edarasynyň işgäri aýtdy.

Polisiýa eşigini geýen ýangyn söndürijileriň biri bolsa, özlerine günde irden we agşam 10 minutlyk syýasy sapak geçýändiklerini gürrüň berdi.

"Arkadagymyz bol-elin, asuda durmuşda ýaşadýar, adamlar üýşe, goh-galmagal bolsa, 'koronawirus' diýip dargadyň, diňlemeseler, tussag edip, polisiýa bölümine eltiň" diýip tabşyrýarlar. Mundan öň biz hiç kime gerek däldik, emma birden arzylap, gowy gepleşip başladylar" diýip, köçede duran ýangyn söndüriji azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Emma muňa garamazdan, polisiýa eşigini geýen hem bolsalar, köçä çykarylan ýangyn söndürijileriň eginlerindäki pagonlardaky bellik (PS) öňküligine galýar we olaryň aýlyklary köpeldilmeýär.

"Paýtagta iberilen polisiýa işgärleri yzlaryna gaýdyp geler, biz ýene gereksiz bolarys" diýip, wagtlaýyn ýol gözegçisi bolan ýangyn söndüriji Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Marydaky ýangyn söndürijileriň polisiýanyň işine çekilmegi daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň ýurtda planlaşdyrylýan konstitusiýa üýtgetmelerine garşy protest çärelerini geçirýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG