Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar Aşgabada getirilip başlandy. ÝOJ-larda okuwlar ýene auditoriýalarda geçiriler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan gelip, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okaýan talyplar duýdansyz paýtagta getirilip başlandy. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda karantinde saklanýan bu talyplar karantin şertleriniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Bu ýagdaýlar barada karantinde saklanýan talyplaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bellesek, mundan ozal, has takygy awgustyň aýagynda, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň görnetin köpelýän wagtynda, talyplar öz ýaşaýan sebitlerinden Aşgabada we beýleki welaýatlara goýberilmändi. Şondan soň ÝOJ-larda okuwlar bölekleýin onlaýn tertibe geçirilipdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan talyplaryň sözlerine görä, 20-nji sentýabrdan başlap ýurduň ÝOJ-larynda okuwlar, geçen ýyllardaky ýaly, auditoriýalarda geçilip başlanar. Oňa ÝOJ-laryň ähli talyplary gatnaşar.

Şu sebäpli 10-njy sentýabrda Aşgabat şäherine dürli welaýatlardan talyplar getirilip başlandy. Şol güni Daşoguzdan gelen talyplaryň bir bölegi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirildi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan talyplaryň aýtmagyna görä, dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda bäş gün karantinde saklanýan ýaşlar mobil telefonlary arkaly özaralarynda hat alşyp, karantin şertleriniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler.

Dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan talyplaryň birek-biregi bilen alyşan hatlary.
Dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan talyplaryň birek-biregi bilen alyşan hatlary.

"Bu ýerde ýaşamana hiç hili şert ýok. Gaty ýaramaz. Umumy ýaşaýyş jaýy dört gatdan ybarat bolup, onuň bir gatyndan beýleki gatyna düşmek ýa-da çykmak gadagan" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran talyp 13-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ÝOJ-nyň resmileri karantindäki talyplara her gün sarymsak, limon we "Paracetamol" dermanyny berip, olary iýmegi talap edýärler. Resmiler "muny wirusdan goranmak çäreleri" diýip düşündirýärler.

Şol bir wagtda, talyplar özlerine her gün 0,5 litr içimlik suwuň we bir sany gamburgeriň paýlanýandygyny aýdyp, bularyň ýokary okuw jaýynyň hasabyna üpjün edilýändigini hem bellediler.

"Galan wagty talyplar öz hasaplaryna iýip-içmeli. Olar köplenç öz ýanlary bilen getiren azyk önümlerini iýýärler. Eger talybyň maddy ýagdaýy rugsat berýän bolsa, onda telefon arkaly umumy ýaşaýyş jaýyna nahar buýrup bolýar" diýip, talyp belledi.

Beýleki tarapdan, karantinde saklanýan talyplar umumy ýaşaýyş jaýlarynda ogurlyk wakalarynyň köpelýändigini aýdyp, ýaşlaryň 3000-den 7000 manada çenli aralykda pullarynyň ýitirim bolýandygyny hem belleýärler.

Dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan talyplaryň birek-biregi bilen alyşan hatlary.
Dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan talyplaryň birek-biregi bilen alyşan hatlary.

Bu aralykda, habarçymyz 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hem gelendigini habar berýär.

"Erkin eşikdäki talyplar awtobuslarda getirildi. Şu gün okuw binasynyň auditoriýalarynda tämizlik işleri hem geçirilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir talyp habarçymyza gürrüň berdi.

Häzirki wagt Türkmenistanyň dürli künjeginde koronawirus ýokançlygynyň giňden ýaýramagy ýurduň uniwersitetlerindäki okuw prosesine hem täsir edipdi. 1-nji sentýabrda dürli welaýatlardan talyplar ýörite awtobuslarda Aşgabada getirilipdi, ýöne soňra gysga wagtdan yzyna öýlerine iberilipdi.

Mundan ozal, talyplary ýurduň dürli sebitlerinden Aşgabada, Mara we Lebaba alyp barýan ýörite otlular hem, ýarym ýoly geçensoň yzlaryna gaýymaly bolupdylar. Şondan soňra ÝOJ-laryň resmileri talyplara dilden eden bildirişlerinde okuwlaryň bölekleýin onlaýn tertipde boljakdygyny we munuň 70 gün dowam etjekdigini aýdypdy.

Dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan talyplaryň birek-biregi bilen alyşan hatlary.
Dürli umumy ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan talyplaryň birek-biregi bilen alyşan hatlary.

Häzirki wagt ÝOJ-larda okuwlaryň duýdansyz auditoriýalarda geçilmeli edilmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Bu barada Azatlyk ýurduň Bilim ministrliginden hem goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, ýurduň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylar üçin bir aý yza süýşürilen sapaklaryň 6-njy sentýabrda, garaşylmadyk ýagdaýda, gaýtadan başlamagyndan bir hepde soňa gabat geldi.

Şonda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bilim işgärleriniň we ene-atalaryň ençemesi häkimiýetleriň bu ädimini "okuwçylary Garaşsyzlyk gününe görülýän köpçülikleýin çärelere çekmek tagallasy" diýip düşündiripdi.

Bellesek, Türkmenistan şu aýyň ahyrynda özüniň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär we Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG