Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki aýallar barada aýdym aýdan Pälwan bagşy azatlyga çykdy


Pälwan Halmyradowyň türmä basylmazyndan öňki suraty
Pälwan Halmyradowyň türmä basylmazyndan öňki suraty

Sosial mediada türkmen estrada aýdymçysy Pälwan Halmyradowyň türmeden boşadylandygyny görkezýän şatlykly wideolar paýlaşylýar. Ol 2016-njy ýylda, Azatlyga anyk bolmadyk aýyplamalar esasynda, 7 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Käbirleri şonda onuň aýdymlary üçin ýanalandygyny aýtsa, beýlekileri bikanun walýuta amallary bilen bagly tussag edilendigini öňe sürüpdi.

Onuň golaýda, garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen günä geçişde azatlyga çykanlaryň sanawyna goşulandygy baradaky resmi däl maglumatlar birnäçe gün ozal ýaýrady, ýöne Azatlyk bu habarlary şol wagt anyk çeşmeler arkaly tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi.

Azatlygyň habarçylary 2017-nji ýylyň ýanwarynda Pälwan Halmyradowyň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdiler we şondan soň onuň ýagdaýy barada hiç bir maglumat alyp bolmady. Türkmen häkimiýetleri türmä basylan raýatlar, şol sanda günäsi geçilen öňki tussaglar baradaky maglumatlary hem çap etmeýär.

Radionyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, meşhur aýdymça 2016-njy ýylyň noýabr aýynda iş kesilipdir. Ýöne onuň kazyýet diňlenişiginiň detallary açylmady.

Ýerli synçylar Pälwan Halmyradowyň soňky ýyllardaky aýdymlarynda dini temalaryň, şol sanda türme temasynyň, hususan-da türmedäki aýal-gyzlar temasynyň ünsi çekendigini belleýärler.

Bagşynyň “Yrsk çekmesin” atly aýdymy, anonimlik şertinde gürleşen sungat synçysynyň pikirine görä, türkmen aýal-gyzlarynyň köpçülikleýin türmä basylmagynyň adaty bir ýagdaýa öwrülen ýurdunda ýaňlanan ilkinji protest aýdymlarynyň biri boldy.

Emma muňa garamazdan, bir-birinden habarsyz iki çeşmäniň maglumatyna görä, bagşa kesilen 7 ýyl türme tussaglygy din ýa-da onuň döredijiligi bilen bagly däl-de, bikanun walýuta amallary bilen bagly bolupdyr.

“Din bilen bagly bolsa, ýedi ýyldan has köp iş keserdiler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Pälwan Halmyradowyň häkimiýetler bilen nähilidi bir ‘problemasynyň’ bardygy öňräk belli boldy: aýdymçy 2016-njy ýylyň güýzünde güýzünde kän görünmän başlady. Mundan öň ol birnäçe ýyl telewideniýede görünmedi, ýurduň dabaraly sahnalarynda aýdym aýtmady.

Türkmen metbugaty ozal Pälwan Halmyradowyň türmä basylandygy, häzir bolsa azatlyga çykandygy barada hiç bir maglumat bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG