Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ öýi "Demirgazyk akymy 2" bilen bagly sanksiýalar girizmek barada ses berýär


Germaniýanyň Baltika deňziniň kenaryndaky Lubmin sebitinde "Demirgazyk akymy 2-niň" bir bölegi.
Germaniýanyň Baltika deňziniň kenaryndaky Lubmin sebitinde "Demirgazyk akymy 2-niň" bir bölegi.

Demokratlaryň kontrollugyndaky Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi Russiýanyň "Demirgazyk akymy 2" gazgeçiriji taslamasyna sanksiýalar girizjek ýyllyk goranyş çykdajylary baradaky kanun taslamasyna täze kanunçylygy girizmek barada ylalaşdy. Munuň Baýdeniň administrasiýasy bilen Germaniýanyň arasynda şu ýylyň iýulynda gazanylan şertnamany howp astyna salmagy mümkin.

Wekiller oýi 22-nji sentýabrda geçirilen ses berişlikde Milli howpsuzlyk baradaky kanuna (NDAA), şol sanda sanksiýalar kanunyna giriziljek üýtgetmeleriň bukjasyny biragyzdan kabul etdi.

Wekiller öýüniň 23-nji sentýabrda Milli howpsuzlyk baradaky kanun boýunça ses bermegine garaşylýar. Kanun taslamasynyň kanuna öwrülmegi üçin onuň Senatda tassyklanmagy we oňa prezident Jo Baýden tarapyndan gol goýulmagy zerurdyr.

Maý aýynda Baýden gazgeçirijiniň gurluşygyny goldaýan Germaniýa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak maksady bilen, Kongres tarapyndan hökmany edilen sanksiýalary ýatyrmaga razy boldy. Bu ädim gazgeçirijiniň şu aýyň başynda tamamlanmagyna ýol açdy.

Bu karar ABŞ-nyň iki partiýasynyň hem kanun çykaryjylarynyň arasynda uly seslenme döretdi we olaryň bu karary düýpgöter tersine üýtgedýän täze kanun taslamasyny kabul etmegine itergi berdi.

ABŞ-nyň Ukrainadaky öňki ilçisi Jon Herbst ses berişlikden soň "Kongrese Şöhrat" diýip, Twitterde paýlaşan twitinde belledi.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik Geňeşiniň analitigi we gazgeçirijiniň ýiti garşydaşy bolan Herbst munuň "başga bir Baýden gowagynyň öňüni almak we Demirgazyk akymy 2-ni duruzmak üçin zerur ädim" bolandygyny hem aýtdy.

Bu çäre, “Demirgazyk akymy 2” gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşýan guramalara we şahslara, şol sanda taslamany tassyklaýanlara garşy täze hökmany sanksiýalary girizmäge rugsat berýär.

Russiýa şu aýyň başynda 11 milliard dollarlyk taslamanyň gurluşygynyň tamamlandygyny habar berdi, ýöne onuň ulanyşa girizilmegi üçin tassyklanmagy zerurdyr.

Bu proses birnäçe aý dowam edip biler. Bu ýagdaý, ABŞ-nyň sanksiýalar baradaky kanun taslamasy öňümizdäki ýylyň başyna çenli kanuna öwrülse, onuň gazgeçirijiniň ulanyşa girizilmegini togtadyp biljekdigini aňladýar.

Gaz üpjünçiliginiň ýetmezçiliginiň arasynda, Russiýa Ukrainanyň üstünden Ýewropa gaz mukdaryny eksport etmekden ýüz öwürdi we bu bahalaryň rekord derejä ýokarlanmagyna getirdi. Bu ädim ekspertler tarapyndan Russiýanyň tassyknamany çaltlaşdyrmak synanyşygy diýlip häsiýetlendirildi.

“Demirgazyk akymy 2” taslamasy Ukrainanyň üstünden geçjek gury ýer ýollaryndan aýlanyp geçip, Kiýewi ýylda 2 milliard dollar tranzit töleginden mahrum etmek we rus gazyny gös-göni Germaniýa eltmek üçin döredildi.

Ukraina we Polşa, milli howpsuzlyga howp abandyrýandygyny aýdyp, bu taslama berk garşy çykýarlar, Germaniýa bolsa ony goldaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG