Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk maslahaty geçirilip, 'gazanylan üstünlikler' öwüldi


Maslahata gatnaşyjylar. 25-nji sentýabr, 2021.
Maslahata gatnaşyjylar. 25-nji sentýabr, 2021.

Aşgabatda şu gün, 25-nji sentýabrda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, ýurtda dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň we saglyk aladalarynyň arasynda, Türkmenistanyň Halk maslahaty geçirildi. Döwlet baştutany öz sözlän sözünde ýene "gazanylan üstünlikler" barada aýdýan sözlerini gaýtalady we täze kitabyny ýazyp gutarandygyny, ony "Garaşsyzlyk - bagtymyz" diýip atlandyrandygyny habar berdi.

Türkmen TW-si düýn Aşgabatda Halk maslahatynyň beýleki sebitlerden gelen maskaly agzalarynyň aýdym-saz bilen garşylanylyşyny görkezen bolsa, bu gün Halk maslahatynyň mejlisiniň arasy açygrak oturdylan, emma maskasyz adamlaryň gatnaşmagynda geçirilişini görkezdi.

"Türkmenportal" neşiriniň maglumatyna görä, mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýat, etrap, şäher häkimleri, ýaşulular gatnaşdy. Mundan başga, el çarpylýan sahnalarda bu çärä onlarça ýaş adamyň, belki-de studentleriň hem çagyrylandygy belli bolýar.

Ozal habar berilmegine görä, parlamentiň ýokary palatasy, ýagny Halk maslahatynyň 56 agzasy bolup, oňa her welaýatdan we Aşgabatdan sekiz, jemi 48 agza saýlanýar, ýene 8 agza prezident tarapyndan bellenilýär. 25-nji sentýabrda halk maslahatyna gatnaşan adamlaryň sanyna seretseň, olaryň köpüsi saýlanan ýa prezident tarapyndan bellenen adamlar däl diýip, synçylar aýdýar.

Maslahatyň esasy temasy türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyň 30 ýylynda gazanan üstünlikleri boldy, ýurdy mundan beýläk hem ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, türkmen halky taryhy taýdan örän gysga döwürde özüni parahatçylyk söýüji, gurmagy we döretmegi başarýan dostlukly millet hökmünde görkezdi.

Gurbanguly Berdimuhamamedow "gazanylan üstünliklerden" kanagatlanýandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamamedow "gazanylan üstünliklerden" kanagatlanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, prezident, premýer-ministr we şol bir wagtda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy bolup durýan Gurbanguly Berdimuhamedow "kuwwatly ykdysady ösüşiň çuňňur binýadynyň" esaslandyrylandygyny öňe sürdi.

Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ýurduň ykdysady ýagdaýynyň, şol sanda azyk üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşýandygyny, ilatyň durmuş derejesiniň örän pese gaçandygyny habar berýärler. Emma hökümet mejlislerinde gyssagly çözülmegini talap edýän sosial meseler, tebigy hadysalar, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlaryny hem uly alada goýan pandemiýa hadyslary resmi taýdan boýun alynmaýar.

Prezident öz çykyşynda türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ähmiýeti, halkara giňişligindäki "ýokary abraýy" barada hem durup geçdi, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly, işjeň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik strategiýany durmuşa ornaşdyrmagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Soňra, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky permanlara gol çekildi.

Döwlet mediasynda yzygiderli tekrarlanmagyna görä, Türkmenistanyň Halk maslahaty ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda “iňňän möhüm" orun tutýar we jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň “öz pikirlerini aýtmagyna”, döwletde “demokratiýanyň dabaralanmagyna ýol açýar”.

Emma synçylar açyk we adalatly saýlawlarda saýlanmadyk adamlar tarapyndan düzülen guramanyň Türkmenistanda awtoritar dolandyryşy pugtalandyrmagyň we hakyky demokratik özgertmeleriň öňüni almagyň özboluşly guralyna öwrülendigini öňe sürýärler.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň güýçlendirilmeginde ulanylan Halk maslahaty 2008-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýatyryldy we soň, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, gaýtadan dikeldildi.

Täzeden dikeldilen maslahat 2018-nji ýylda Garaşsyzlyk gününi üýtgedip, 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirmek baradaky teklibi tassyklady; Türkmenistanyň raýatlarynyň garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri alýan durmuş ýeňilliklerini, mugt berilýän tebigy gaz, elektrik we suw paýlaryny ýatyrmak baradaky karara biragyzdan ses berdi.

Maglumat üçin aýdylsa, geçen ýylyň sentýabrynda, Türkmenistanyň baş kanunyna girizilen soňky üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirilip, täze parlament “Milli Geňeş” atlandyryldy we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG