Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" adam öldürenleri hem neşe söwdagärlerini türmeden boşatdy. Indi olar prokurorlary yzarlaýarlar


Owganystanyň resmi hökümetiň dargamagy bilen hökümetde işlän prokurorlar indi howp astynda galdylar, olara öň gözenegiň aňrysynda oturdan jenaýatçylary tarapyndan haýbat atylýar. Haýbatlar hem gorkular awgust aýynda talyp söweşijileri ýurdy basyp alanynda, tussaglary boşadandan soň ýüze çykyp başlady.

Owganystanda öňki prokurorlar gizlenmäge mejbur bolýarlar: olary “Talyban” tarapyndan boşadylan öňki jenaýatçylar yzarlaýarlar. Talyp söweşijileri ýurdy basyp alansoň, türmelerdäki tussaglaryň ählisini diýen ýaly boşadypdy.

Humaýun Owganystanda resmi hökümet bar wagtynda, köp ýyllap günortadaky Helmand welaýatynda agyr jenaýatlary derňedi. Bu sebit dünýädäki neşe maddalarynyň köp bölegini taýýarlap ýetişdirilýän we geroiniň gaýtadan işlenýän ýeridir. Humaýun Owganystandaky bikanun neşe söwdasyna gatnaşanlara garşy iş alyp barypdy.

Indi bolsa öňki prokuror höküm edilen jenaýatçylar tarapyndan özüne haýbat atylýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, jenaýatçylar özleriniň tölemeli bolan jerimeleriň we kazyýet tarapyndan konfiskasiýa edilen emlägiň öwezini dolmagy talap edýärler.

Humaýun hem köp owganly ýaly, özüni diňe ady bilen tanadýar, şeýle etmek olar üçin howpsuz. Ýakynda Helmand welaýatynyň Nad Ali sebitinden jaň eden öňki tussagyň talaplaryny mysal hökmünde getirýär.

— Ol maňa maşynynyň konfiskasiýa edilmegine jogapkärdigimi aýdyp, ony derrew yzyna gaýtaryp bermelidigimi buýurdy – diýip, Humaýun Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy.

Ol özüniň beýle talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýeke-täk adam däldigini-de sözüne goşdy.

— Öňki tussaglaryň köpüsi indi maňa we beýleki kärdeşlerime haýbat atyp, pullarynyň yzyna berilmegini talap edýärler. Bir wagtlar kazyýet kanuny hökümete we Konstitusiýa laýyklykda işleýärkä, olara jerime salyndy ýa-da emläklerini konfiskasiýa etmek buýruldy. Muňa garamazdan, bolup geçen wakalar üçin olar biziň jogapkärdigimizi aýdýarlar. DEGIŞLI MAGLUMAT

Owganystanyň dürli künjeklerinden bolan öňki prokurorlar özlerine abanýan howplar barada şuňa meňzeş ýagdaýy gürrüň berýärler.

Geçen aýda "Talyban" tarapyndan owgan türmelerinden boşadylanlaryň köpüsi "Talyban" söweşijileri ýa-da "Yslam döwleti" ýaly beýleki barlyşyksyz toparlaryň agzalary hem şoňa meňzeşlerdi.

Şeýle hem "Talyban" söweşijileri tarapyndan boşadylan tussaglaryň arasynda, jenaýat üçin günäkärlenen tussaglar bardy, olaryň jenaýaty “Talybanyň” yslam kanunlaryna eýermeklerine görä-de, agyr jezalara, hatda ölüm jezasyna höküm edilip bilner diýip, Humaýun düşündirýär.

Owgan aklawçylary öňki azatlykdan mahrum edilen tussaglaryň eýýäm azyndan üç prokurora hüjüm edip, ar almak maksady bilen öldürendigini Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Haýatulla Han lakamy bilen özüni tanadan öňki hökümet aklawçysy hüjüme duçar bolanlary tanaýandygyny aýtdy.

— Olaryň arasynda 26-njy awgustda Nangarhar welaýatynda öldürilen Ahmadi Şah bar. Ertesi gün Farah welaýatynda başga bir prokuror öldürildi. 12-nji sentýabrda öňki prokuror Nusrat Ullah öldürildi. Indi bu ýerdäki [öňki] prokuroryň hemmesine uly howp abanýar – diýip, ol Azatlyga mälim etdi.

Owganlylar Pakistanyň serhedinden geçýärler. 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabry.
Owganlylar Pakistanyň serhedinden geçýärler. 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabry.

"Talyban" hereketi öz söweşijileriniň agdarylan owgan hökümetinde işlänleri nyşana almajakdygyny birnäçe gezek mälim edipdi, ýöne ar alyş we repressiw öldürmeler baradaky habarlar Owganystanda giňden ýaýraýar. Şeýle-de bolsa, "Talyban" öňki hökümet işgärleriniň ar almak maksady bilen öldürilmegine reaksiýa bildirmän gelýär. Söweşiji topar geljekki kazyýetiň gurluşy we Owganystanyň öňki adalat işgärleriniň işe gaýdyp barmagyna rugsat berjekdikleri barada-da belli söz aýtmaýar.

Owganystanyň Kabuldaky Amerikan uniwersitetinden, işini meýletin taşlap giden dotsent Harun Rahimi “Talybanyň” öňki prokurorlardan hiç biriniň işe almagyna garaşmaýandygyny aýdýar.

— Kazyýet derňew proseduralary – ol adalaty dogry kesgitlemegiň elementidir. Jenaýatda aýyplanýan adamyň günäkärdigini hakykatdanam subut etmek üçin, döwletiň wekili – prokuror gerek. Emma “Talybanyň” baş kazysy bilen duşuşan Hyratdaky prokurorlar bilen gürleşenimde, talyplar özleriniň kazyýet ulgamyna mätäç däldigini aýdypdyrlar. Olar Hyratda "Talyban" tarapyndan hiç kimiň wagtlaýyn prokuror edilip bellemändigini aýdypdyrlar. Garaz, "Talyban" prokurorlara mätäç däldigini düşündiripdir. Eger hereketiň söweşijileri bir adamy tussag etse we jezalandyrmaly bolsa, bu işi prokuroryň deregine özleriniň amala aşyrjakdygyny duýdurypdyr – diýip, Harun Rahimi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

— Hukuk nukdaýnazaryndan kanunyň ygtyýarlylygy – polisiýa derňewçileri däl, eýsem kanuny düzgünlere eýerýän degişli amallara esaslanmaly; ol bolsa "Talyban" güýçleri üçin gaty geň görünýär. Bu ýagdaý "Talybanyň" gozgalaňçy hereketinde bolşy ýaly, kölegeli kazyýet dolandyryşyň dowam etdiriljegini görkezýär. Welaýatda köplenç diňe bir kazy bolar hem onuň ýeke özi karar çykarar – diýip, Rahimi düşündirýär.

"Talyban" söweşijileri tarapyndan jenaýatçy diýlip güman edilýänleriň köpçülikleýin jezalandyrylyşy baradaky wideolarda, jenaýat saýylýan hereketiň “Talyban” serkerdeleriniň ýa-da dini lideriň ýolbaşçylygynda çalt karar berýän kölegeli kazyýetleri resmileşdirip biljekdigini görkezýär.

— "Talybanda" öňki hökümetiň kazyýet we hukuk ulgamynyň institusional gurluşyny ornaşdyrmak barada pikir edýändigini aňladýan hiç hili alamat ýok. Olar öňki dolandyryşa ýigrenç bilen garaýarlar. Olar özleriniň has yslamy hasaplaýan düzgünlerini, yslamyň kölegeli kazyýetlerde çykaran höküminiň ýönekeý görnüşini dowam etdirmek isleýärler – diýip, Rahimi aýdýar.

«Talyban» söweşijisi Kabuldaky Aýallaryň işi baradaky öňki ministrligiň öňünde, aýallaryň kanuny hukuklaryny ýokarlandyrmagy talap edýän demonstrasiýa wagtynda, owgan aýallarynyň plakatlaryna syn edýär. 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabry.
«Talyban» söweşijisi Kabuldaky Aýallaryň işi baradaky öňki ministrligiň öňünde, aýallaryň kanuny hukuklaryny ýokarlandyrmagy talap edýän demonstrasiýa wagtynda, owgan aýallarynyň plakatlaryna syn edýär. 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabry.

Aýal prokurorlar öz işlerine gaýdyp gelmek umydyny görmeýärler. Olardan käbiri her gün özlerine haýbat atylýandygyny, özleriniň başynyň amanlygyndan alada edýändiklerini aýdýarlar.

Kabulda prokuror bolup işlän Jemile lakamly bir aýalyň sözlerine görä, özi we kärdeşleri ýurtdan çykyp gitmek üçin köp alada edýärler.

Ol öňki hökümet üçin alyp baran işleri sebäpli özüniň we maşgalalarynyň howp astyndadygyny aýdýar.

— Biziň sargydymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bütin dünýä ýetirmegini isleýäris. Howp-aladalar bilen ýok bolmazlygymyz üçin, halkara jemgyýetçiligi biziň howpsuz ýere çykmagymyza hökman kömek etmelidir – diýip, özüni Jemile ady bilen tanadan aýal Azatlygyň Owgan redaksiýasyna aýtdy.

Angliýa eýýäm Kabulyň aýratyn howply jenaýat tribunalynyň käbir prokurorlaryny we kazylaryny Mançester we beýleki şäherlere göçürdi. Ol kazyýet topary Owganystandaky aýratyn agyr jenaýat işlerine garaýardy.

Makala taýýarlananda, Azatlygyň Owgan gullugynyň žurnalistleri-de gatnaşdy, ýöne howpsuzlyk ätiýaçlygyndan, olaryň atlary görkezilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG