Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar ABŞ-da, Şweýsariýada we Türkiýede protest aksiýalaryny gurady


Türkmenistanda diktaturany bes etmek we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Mansur Mingelowy boşatmagy talap eden protestçileriň ýörişi. Nýu-Ýork, 28-nji sentýabr, 2021
Türkmenistanda diktaturany bes etmek we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Mansur Mingelowy boşatmagy talap eden protestçileriň ýörişi. Nýu-Ýork, 28-nji sentýabr, 2021

Türkmen aktiwistleriniň Türkmenistanyň hökümetiniň işinden nägilelik çykyşylary 30-nji sentýabrda ABŞ-da we Şweýsariýada ýene dowam etdirildi. Olara Stanbuldaky aktiwistler hem goşuldy. Protestçiler türkmen hökümetiniň ýurtdaky sosial-ykdysady kynçylyklary, koronawirus keseliniň ýaýramagyny äsgetmeýändigine, şeýle-de ýurduaň daşyndaky türkmen migrantlarynyň pasport kynçyyklaryna we problemalary açyk gozgaýan aktiwistlere basyşa köpçüligiň ünsüni çekýärler. NÝ-da we Waşingtonda türkmen aktiwistleriniň ençemesi BMG-niň, BSG-niň edaralarynyň we Türkmenistanyň hem Türkiýäniň ilçihanalarynyň öňünde jemlenen bolsa, Ženewada BMG-niň we BSG-niň edara jaýlarynyň öňünde bir adamlyk piket geçirdildi. Bu aralykda Stambulda basyşa sezewar bolan türkmen aktiwistleri öz nägileliklerini bildirmek üçin täze bir usulda çykyş edýärler – aýra-aýra öý protestini geçirýärler.

Azatlyk Radiosy daşary ýurtdaky aktiwistler hereketiniň häzirki çykyşlary barada gürrüň bermegi guramaçylaryň özlerinden sorady. Ženewada bir adamlyk piket geçirýän “Türkmenistanyň demokratik saýlawy” (DWT) hereketiniň lideri Myrat Gurbanow sowallarymyza jogap berdi.

Türkmenistanlylar ABŞ-da, Şweýsariýada we Türkiýede protest aksiýalaryny gurady
please wait

No media source currently available

0:00 0:08:12 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG