Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabatda bir bazar ýykylýar, täze bazar gurulýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenabadyň “Bahar” etrapçasyndaky “66 bazar” atlandyrylýan bazary ýykylyp, ol “Azatlyk” posýologyna göçürilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy täze bazaryň gurluşyk işleriniň ep-esli ilerländigini habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, “Azatlyk” köçesiniň ugrunda ýerleşen köne bazar 2000-nji ýyllaryň ortalarynda salyndy we ol ilat arasynda lomaý bazar hökmünde tanalýardy. Bazarda bölekleýin we lomaý azyk önümleri hem-de gurluşyk harytlary satylýardy.

Ýöne pandemiýa bilen baglylykda 1-nji sentýabrdan bäri, bu bazada diňe azyk önümleriniň satylmagyna rugsat berilýär. Gurluşyk harytlaryny satýan söwdagärler bazaryň wagtlaýyn ýapylmagy bilen, sentýabryň soňky on günlüginde öz harytlaryny bazardan çykarypdyrlar. Olar öz harytlaryny bazaryň golaýynda ýerleşýän Birinji senagat zolagynyň awto duralgasynda satyp başlapdyrlar.

Köne bazarda söwda edýän telekçilere olaryň täze bazara göçüriljekdikleri barada duýdurylypdyr. Ýöne telekeçiler köne bazardan alan söwda orunlary we dükanlar üçin özlerine kompensasiýa tölenilmezliginden howatyr edýärler. Galyberse-de, bazar telekeçileriniň sözlerine görä, täze bazardaky dükanlaryň kireý tölegi 4 müň manada barabar bolar.

Şeýle-de, täze barada azyk önümleri satylýan bölümler, gurluşyk harytlary satylýan bölümler hem-de uly awto duralga göz öňünde tutulypdyr.

“66 bazar” atlandyrylýan bazarda awto duralga göz öňünde tutulman ekeni, şol sebäpden, köplenç bazara barýan adamlar öz ulaglaryny bazaryň gapdalynda ýerleşýän ýangyç guýujy beketde park edip gidýän ekeni.

Habarçymyz täze bazaryň 1-nji noýabrda işe başlamagyna garaşylýandygyny habar berýär.

Köne bazaryň täze bazara göçürilmeginiň aňyrsyndaky sebäpler boýunça Türkmenabadyň şäher häkimligi resmi düşündiriş bermeýär.

turkmen.news neşiri hem “66 bazaryň” ýykylýandygy we onuň 49-njy razýezdde gurulýan täze bazara göçürilýändigi barada habar berdi.

Neşir köne bazaryň ornuna näme guruljagynyň heniz belli däldigini belleýär, ýöne ýerli telekeçileriň arasyndaky bir çeşmä salgylanyp, köne bazaryň ornuna täjirçilik merkeziniň gurulmagynyň ahmaldygyny habar berýär. Galyberse-de, neşiriň maglumatlaryna görä, “66 bazaryň” golaýynda prezidentiň ýakyn töwereginiň eýeçiliginde bolan “Döwrebap” söwda merkezi ýerleşýän ekeni.

Azatlygyň habarçysyna görä, häkimiýetler bazary şäheriň çetine göçürmek işlerini täze bazaryň töwereklerini ilatlandyrmak tagallalary bilen esaslandyrýarlar.

Mundan ozal, täze bazaryň ýerleşýän ýeri bolan “Azatlyk” posýologynda 2 müň töweregi adama jaý mellekleri paýlanylyp berlipdir, ýöne bu sebitiň çöl şertleri sebäpli, ilat ol ýere göçüp barmaga kän bir höwes bildirmeýär.

2014-nji ýylda häkimiýetler şäheriň iň iri bazarlarynyň biri bolan “Dünýa bazaryny” hem ýykyp, ony şäheriň çetine göçürdi.

Türkmenabadyň çetinde, Lebap-Mary magistralynyň ugrunda Lebap welaýatynyň köp ugurly söwda bazary ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG