Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda ýyladyş möwsümi başlanýar, hünärmenler ulgamyň tehniki ýagdaýyndan alada edýärler


Jemagat gulluklarynyň işgärleri näsazlyklary bejerýär. Mary

Aşgabadyň häkimliginiň buýrugy bilen paýtagtda täze ýyladyş möwsümi başlanýar. Azatlygyň habarçylary jaýlara ýylylygyň berilmeginiň wagtyndan biraz öň edilmeginiň howanyň sowamagy bilen baglanyşyklydygyny habar berdiler. Hünärmenler bolsa, ýyladyş ulgamynyň taýyn däldigini we jaýlarda ýylylygyň kesilip durmagyna sebäp bolýan tehniki näsazlyklaryň täzeden başlanmagyndan aladalanýandygyny mälim etdiler.

Şu ýyl Aşgabadyň häkimligi şäher binalaryna ýylylygy bermegi 6-njy oktýabrda buýurypdyr. Adatça bu biraz soňrak 12-15-nji oktýabr aralygynda bolup geçýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenler paýtagtyň ýyladyş ulgamynyň işlemäge taýyn däldigini aýtdylar we kynçylyklary aňryçäk derejede agyr diýip atlandyrdylar.

"Tutuş ulgam taýyn däl. Tomusda hiç hili taýynlyk görülmedi. "Turbalar eleme deşik". Gyzgyn suwy ýer astynda geçirýän turbalar köneldi. Ýyladyş möwsüminde turbalar hemme ýerde ýarylýar we ýeriň, asfaltyň üstünde bug göterilýär, suw gyzdyrýan gurallardaky basyş azalýar we köplenç ýarylýar "-diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, suw ýyladýan kotel gurallary arassalanmandyr we möwsüme taýýarlanmandyr. Soňky ýyllarda umumy ýyladyş ulgamynda ulanylan suw gyzdyrýan uly gurallar kiçiräkler bilen çalyşypdyr. Olaryň ýarylýan halatlary bolýar. Bu gurallaryň ýerleşýän kotelnýa jaýlarynda döreýän näsazlyklar hem jaýlara barýan ýylylygyň öçmegine sebäp bolýar. Gazyň hapalygy we durnuksyz elektrik üpjünçiligi olaryň yzygiderli partlamagyna we beýleki kemçilikleriň döremegine sebäp bolýar.

Aşgabadyň jemagat hyzmatlarynyň işgärleriniň sözlerine görä, ýyladyş ulgamyndaky problemalaryň birnäçe sebäbi bar we olar maddy-tehniki üpjünçiligiň kemçiliklerinden başga-da hünärmenleriň ýoklugy, işgärleriň güýjüniň talaba laýyk ulanylmazlygy bilen baglanyşykly.

6-njy oktýabrda Azatlyk bilen ady agzalmazlyk şertde gürleşen bir çeşme "ähli işgärler tükeniksiz ýowarlara çekilip işden galýar, şu günem ýowar boldy", diýdi.

Mundan başga-da, tehnikleriň köpüsi, arassaçylyk işlerinde işledilip, öz wezipelerini berjaý edip bilmeýärler. Hünärmenler diňe 5-6 aý möwsümde işleýärler. Ätiýaçlyk şaýlary ýok, ýokary hilli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek mümkin däl.

Hünärmenleriň sözlerine görä, zerur howpsuzlyk çäreleri hem berjaý edilmeýär. Bu ýagdaýa uly täsir ýetirýär.

Aşgabatdaky jaýlara ýylylygyň biraz ir berilip başlamagy şu ýyl howanyň tiz sowap başlamagy bilen baglanyşykly. Habarçylar howanyň birden sowandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýylylyk problemasy saklanyp galýar. Býujetiň uly bölegini sosial pudaga sarp edýändigini aýdýan hökümet döwlet puluny gymmat bahaly binalary, ýadygärlikleri we dabaralar üçin desgalary gurmak üçin sarp etmegini dowam etdirýär.

Bu aralykda, paýtagtda we sebitlerde köp ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamy işlemeýär we hatda munuň üçin batareýalar ýok. Muňa garamazdan, ýyladyş üçin tölegleri kommunal hyzmatlar üçin töleglere goşulýar. 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda kommunal hyzmatlaryň bahasy 60 esse ýokarlandy. Ýurt boýunça oý hojalyk hyzmatlary üçin bergili maşgalalar gazdan, elektrik togundan we suwdan kesilýär.

Ýylylygyň yzygiderli kesilmegi bilen birlikde suw we gaz üpjünçiliginde tehniki meseleler hem ýüze çykýar. Ilat uzak wagtlap elektriksiz we agyz suwsuz galýar.

Türkmenistan sebitdäki iň uly elektrik we gaz üpjün edijisidir, şeýle-de elektrik energiýasy üçin bazaryny giňeltmegini dowam etdirýär. Awgust aýynda gelnen şertnama laýyklykda Türkmenistan awgust-dekabr aýlary aralygynda Gyrgyzystana 501,900,000 kilowat sagat elektrik energiýasyny berer.

TASS-yň habaryna görä, Türkmen elektrik energiýasyny esasy satyn alyjylaryň biri bolan Owganystanyň Türkmenistan tarapyndan berilen elektrik energiýasy üçin bergisi eýýäm 5,1 million dollara ýetipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG