Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Aşgabatýylylykda” käbir işgärleriň aýlyk haklarynyň iki esse töweregi azaldylmagyna garaşylýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabatýylylyk” trestinde birinji we ikinji kategoriýaly işgärleriň aýlyk haklarynyň iki esse töweregi kemeldilmegine garaşylýar. Bu barada trestiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Edaranyň işgäriniň sözlerine görä, ortaça 1600 manat aýlyk alýan işgärleriň aýlyk haklary 700 manada çenli aşakladylýar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, aýlyklaryň peseldilmeginiň sebäpleri düşündirilmeýär, ýöne öz derejesini ýokarlandyrmak isleýän işgärlerden 2 müň manat töleg töläp, üç aýlyk okuw kurslaryna ýazylmak talap edilýär.

“Ol ýerde olara ozal onsuz hem bilýän zatlary öwrediler” diýip, edaranyň işgäri aýdýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bar bolan ençeme problemalara garamazdan, “Aşgabatýylylyk” töleg we artykmaçlyklar babatynda nusgalyk edaralaryň biri hasaplanýan ekeni. Ýöne bu edaranyň işgärlerinden hem, Türkmenistanyň beýleki býujet edaralarynda bolşy ýaly, dürli maksatlar üçin pul toplamak tejribeleri saklanyp galýar.

Trestiň işgäri aprel aýy üçin öz aýlyk haklarynyň ozalkysy ýaly töleniljekdiginiň aýdylýandygyny, ýöne maý aýy üçin aýlyklaryň öňküsinden iki esse az töleniljekdigini aýdýar.

Onuň sözlerine görä, edarada üçünji derejeli işgärlere şu wagta çenli 700 manat möçberinde aýlyk tölenilýärdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy “Aşgabatýylylygyň” ýyladyş ulgamlarynyň gözgyny ýagdaýdadygyny, ulgamy abatlamak üçin zerur bolan artykmaç şaýlaryň ýetmezçilik edýändigini habar berýär.

Habarçy edarada birinji we ikinji kategoriýaly işgärleriň aýlyk haklarynyň kemeldilmegi boýunça täze jikme-jiklikleriň öňümizdäki günlerde aýan edilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

“Aşgabatýylylykda” aýlyklaryň iki esse azaldylmagy baradaky habarlar ýurtda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän wagtlaryna gabat gelýär. Ýurduň beýleki künjeklerinde-de käbir edara-kärhanalar öz işgär sanyny kemeldýär, galyberse-de käbir býujet edaralary tölege ukypsyzlyk sebäpli öz işgärleriniň aýlyk haklarynyň belli bir bölegini haryt bilen töleýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy apreliň ortalarynda gündogar Türkmenistanda ýurduň iň iri nebit kärhanalarynyň birinde, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işgär sanynyň 30 göterim töweregi kemeldilýändigini we galan işgärleriň aýlyk haklarynyň belli bir böleginiň haryt bilen tölenilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Geçen aý Farapda häkimiýetler jemagat gulluklarynda, obalarda tehnikalara hyzmat ediş edaralarynda, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynda we etrap gaz üpjünçilik edarasynda işgär sanynyň 30 göterim kemeldilýändigini yglan etdiler.

Şeýle-de, geçen aý Darganatada magaryf işgärleriniň we lukmanlaryň aýlyk haklarynyň 50 göterimi Türkmenistanda öndürilen azyk harytlary, dokma önümleri, gap-çanaklar we lampoçkalar bilen tölenip başlandy.

Türkmen häkimiýetleri edara-kärhanalarda iş orunlarynyň kemeldilmegi, işgärleriň aýlyk haklarynyň azaldylmagy we aýlyklaryň belli bir böleginiň ýerli önümler bilen tölenilmegi boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG