Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG resmisi Türkmenistana sapar edýär, Aşgabat “pandemiýanyň syýasylaşdyrylmazlygyny” nygtaýar


BSG-niň Türkmenistana baran COVID-19 missiýasy brifing berýär. Arhiw suraty. 15-nji iýul, 2020.
BSG-niň Türkmenistana baran COVID-19 missiýasy brifing berýär. Arhiw suraty. 15-nji iýul, 2020.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge global pandemiýanyň fonunda öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistana sapar edýär. Klýugeniň Türkmenistana amala aşyrýan sapary Aşgabadyň hassahanalarynda käbir COVID-19 hassalarynyň öýlerine ugradylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Sebitiň saglyk ministrleri we hünärmenler bilen lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana tarap ýola rowana. Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen pandemiýa taýýarlygy, gözegçiligi hem-de saglyk babatynda Merkezi Aziýa ýol kartasyny maslahat etmek üçin mümkinçilik” diýip, Klýuge 7-nji oktýabrda özüniň Twitter hasabynda paýlaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Hans Klýuge bilen Aşgabatda duşuşyk geçirdi.

Resmi maglumata görä, taraplar BSG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar we “halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar”

Ýurtdan gowuşýan giň ýaýran ýokançlyk baradaky habarlara garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti öz çäginde koronawirusyň bardygyny tutanýerlilik bilen inkär edýär. Türkmen ýolbaşçylary öz çykyşlarynda gaýta-gaýta “pandemiýanyň syýasylaşdyrylmazlygyna” çagyryş edip gelýär.

Resmi maglumata görä, Aşgabatda geçirilen duşuşykda pandemiýany “syýasylaşdyrmazlyk”, oňa garşy göreşde “ylmy diplomatiýadan” peýdalanmak we BMG agzalarynyň “jebisleşmegi” nygtalypdyr.

BSG saglyk resmisiniň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň öň ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglarynyň öýlerine ugradylýandyklary barada habar berdi.

6-njy oktýabrda habarçylarymyz öýlerine ugradylýan hassalaryň aglabasynyň agyr ýagdaýdaky we ölüm howpy astyndaky näsaglardygyny habar berdiler. Galyberse-de, Aşgabadyň keselhanalarynyň birnäçesinde, şol sanda Görogly we Atamyrat Nyýazow köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän Kardiologiýa merkezinde hassalaryň ýakynlaryndan olaryň, hamala, öz islegi boýunça näsagy öýlerine alyp gidýändikleri barada dilhaty alyndy.

Hassahanalardaky COVID-19 näsaglarynyň öýlerine ugradylmagynyň BSG resmisiniň Türkmenistana amala aşyrýan sapary bilen ilteşklidigi ýa-da däldigi barada maglumat ýok.

DIM-iň habaryna görä, “lukmançylyk diplomatiýasy” boýunça halkara maslahat Aşgabatda 8-nji oktýabrda geçirilýär.

Iki hepde gowrak mundan ozal, ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar, şol sanda “Türkmen Helsinki fondy”, “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” we turkmen.news garaşsyz media serişdesi Hans Klýugeniň adyna açyk hat iberip, pandemiýanyň türkmen halkyna abandyrýan howplary, häkimiýetleriň koronawirusy erjellik bilen inkär etmegi dogrusynda aladalaryny beýan etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjylar Klýugeden Bütindünýä Saglyk guramasynda Türkmenistan boýunça pandemiýa meselesinde öz pozisiýasyny takyklaşdyrmagy, şeýle hem türkmen hökümetine bu meselede aç-açan ýüz tutmagy soradylar hem-de guramanyň Türkmenistan boýunça garaşsyz COVID-19 barlag geçirmek planlaryny ýatlatdylar.

Ýatlasak, geçen ýylyň awgustynda Hans Klýuge Türkmenistanyň koronawirus test seljermeleriniň BSG-niň öz barlaghanalarynda öwrenilmegi üçin alnyp gaýdylmagy babatynda türkmen prezidentinden rugsat sorandygyny we munuň oňyn kabul edilendigini mälim etdi.

Bir ýyl töweregi soň, 7-nji iýulda žurnalistler bilen geçiren onlaýn duşuşygynda Hans Klýuge Türkmenistanyň COVID-19 nusgalaryny Bütindünýä saglyk guramasynyň saglyk ekspertleriniň garaşsyz barlamagy boýunça, gynansak-da, öňe gidişligiň gazanylmandygyny aýtdy.

Öz çäginde koronawirusy boýun almazlykda tankyt edilýän Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden wideo ýüzlenmesinde dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreş tagallalarynyň “ýeterlik däldigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG