Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda şaýy metjidine edilen hüjümde onlarça adam öldi


Gandagarda şaýy metjidinde partlama boldy. 15-nji oktýabr, 2021 ý.
Gandagarda şaýy metjidinde partlama boldy. 15-nji oktýabr, 2021 ý.

Owganystanyň günortasyndaky Gandagar şäherinde şaýy metjidinde juma namyzy wagty ýüze çykan partlamada azyndan 32 adam öldi, başga-da 53-si ýaralandy. Bu barada ýurduň saglyk resmileri habar berýärler.

“Häzire çenli 32 adamyň jesedi we ýaralanan başga-da 53 adam getirildi” diýip, şäheriň merkezi keselhanasynyň işgärleriniň biri AFP habarlar gullugyna aýtdy.

Imam Bargah metjidine edilen hüjümden bir hepde ozal, Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäherinde hem şaýy metjidine bombaly hüjüm edilipdi. “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň ýerli şahamçysy “Yslam döwleti – Horasan” toparynyň öz üstüne alan bu hüjüminde 46 adam heläk bolupdy.

Sosial medialarda žurnalistleriň partlamanyň bolan ýerinden alan suratlarynda ýerde çaýkanyp duran ganyň üstünde ýatan ýaralanan adamlary we ölenleriň jesetlerini synlasa bolýar.

Partlamanyň näme sebäpden ýüze çykandygy entek anyk däl. Hiç bir topar hem munuň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

AP habarlar gullugynyň şaýatlaryň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, metjide janyndan geçen dört jeňçi hüjüm edipdir.

Hüjümçileriň ikisi özüni metjidiň girelgesindäki barlag nokadynda partladyp, beýleki iki hüjümçiniň juma namazyna ýygnanlaryň içine kürsäp girip, özüni ýarmagyna mümkinçilik döredipdir.

“Yslam döwleti – Horasan” topary “Talybanyň” häkimiýetine garşy çykýar. Olar yslamyň şaýy mezhebine uýýanlary öldürilmäge mynasyp dinden çykanlar hökmünde hasaplaýarlar. Ekstremistiki topar awgustda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler ýurtdan çykarylanyndan, şeýle-de häkimiýeti “Talyban” eýeläninden soň amala aşyrylan ençeme ganly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

“Talybanyň” metbugat wekili Bilal Karimi partlamany tassyklady we derňew işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Başga goşmaça maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG