Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda ýene bir türkmen aktiwisti tussag edildi


Nýu-Ýorkdaky protestde galdyrylan plakalar. 2021.

Stambuldaky türkmen aktiwistleriniň ýene birisi saklandy, türk polisiýasy 20-den gowrak türkmenistanlyny gözleýär diýip, Moskwadaky "Memorial" merkezi habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasyndan alnan maglumata görä, türkmen aktiwisti Baýram Allalyýew şu gün Stambulda tussag astyna alyndy diýip, "Memoralyň" 22-nji oktýabrda ýaýradan habarynda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Allalyýewi, hemişelik oturym rugsadyny almaga arza bermegi üçin, migrasiýa gullugyna çagyrypdyrlar we haçanda ol zerur bolan dokumentleri doldurýan wagtynda polisiýa işgärleri gelipdir.

Ýene üç türkmen aktiwisti bolsa, üçünji gün, Stambulda hasaba duran salgysy esasynda gözlendi diýip, adam hukuklaryny goraýan topar belleýär.

Tassyklanylmadyk maglumatlara görä, polisiýa işgärleriniň ýanynda nätanyş türkmenistanlylar hem bar.

Şu aralykda, has anygy düýn, Dürsoltan Taganowany migrasiýa gullugyna çagyryp, gaçybatalga sorap ýazan arzasyny yzyna almaga yrjak boldular. Bu arza oňa ýurduna iberilmezlik kepilligini berýär diýip, habarda bellenýär..

Resmi wekiller aklawçy Musfa Ýamana türk polisiýasy tarapyndan gözlenilýän 25 türkmen aktiwistiniň sanawy bilen tanyşmak mümkinçiligini döretdiler, ýöne bu sanawyň nusgasyny almaga rugsat bermediler.

Çeşmaniň maglumatyna görä, Antaliýada 18-nji oktýabrda tussag edilen Ahmet Rahmanowyň deportasiýa edilmegi baradaky kazyýet kararyndan şikaýat edildi. Bu şikaýat 15 gün içinde serediler.

Türk polisiýasynyň türkmen oppozisionerlerine gary güýçlenýän basyşy, ýokary derejelerde ygtyýar berilmek bilen, Ankaranyň türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda 12-nji noýabra bellenen mejlisiniň öňüsyrasyndaky syýasy oýunlaryň bir bölegi bolup durýar diýip, "Memorialyň" habarynda bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG