Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sudanly protestçiler barha ýazgarylýan harby agdarylyşyga garşy çykýarlar


Sudanly protestçi harby agdarylyşyga garşy çykýar

26-njy oktýabrda sudanly protestçiler harbylaryň hökümet agdarylyşygyna garşy protest geçirmegini dowam etdirdiler. Bu aralykda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, barha artýan halkara ýazgarmasynyň arasynda, duşuşyk geçirer.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 25-nji oktýabrda beýanat ýaýradyp, onda Birleşen Ştatlaryň sudan harbylarynyň hereketlerini “berk ýazgarýandygyny” aýtdy, şeýle-de Sudanyň premýer-ministriniň we beýleki raýat liderleriniň azat edilmegine çagyrdy.

Mundan bir gün öň, 25-nji oktýabrda, sudan harbylary Gündogar Afrika ýurdunda adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler we premýer-ministr Abdallah Hamdoky tussag etdiler.

Blinken sudan harbylarynyň hereketleriniň “ýurduň demokratiýa geçişini ýoga çykaryp biljekdigini, şeýle-de munuň Sudanyň parahat rewolýusiýasyna edilen haýynlyk bolandygyny” belledi.

25-nji oktýabrda BMG-niň baş sekretarynyň Sudan boýunça ýörite wekili ähli taraplary çydamlylygy görkezmäge çagyrdy.

“Men ähli kişiden ýokary derejede çydamlylygy görkezmegi soraýaryn. Men harbylara ýüzlenip, bikanun ýagdaýda saklananlaryň ählisini boşatmaga çagyrýaryn. Men ähli degişli taraplary dialoga dolanmaga we konstitusion kadalylygy ornaşdyrmaga, şeýle-de ýurduň içindäki parahatlylyga we syýasy geçişe wehim salmazlyga çagyrýaryn” diýip, Wolker Pertes BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda çykyş etdi.

26-njy oktýabrda Sudanyň paýtagty Hartumda, mundan bir gün öň harbylaryň protestçileri dargatmak üçin ýaraglardan ot açyp, birnäçe adamy öldürendigi baradaky maglumatlara hem garamazdan, ilat köçelere çykdy. Protestçiler “Geçmişe dolanmarys” ýaly şygarlary gygyrdylar.

Reuters habarlar gullugynyň ýerli şaýatlara salgylanyp beren maglumatyna görä, ýurtda tele-kommunikasiýa hyzmatlarynyň işinde päsgelçilik döräpdir, şeýle-de internet we aragatnaşyk üpjünçiligi berk çäklendirilipdir.

Mundan öň, Sudanyň esasy harby komandiri, general Abdel-Fattah Burhan telewideniýede eden çykyşynda ýurduň Özygtyýarly geňeşiniň, ýagny raýat-harby dolandyryş gurluşynyň, şeýle-de Hamdokyň geçiji hökümetiniň dargadylandygyny yglan etdi.

Dünýäniň ençeme döwleti tarapyndan ýazgarylan harby agdarylyşyk, Burhanyň bir aýdan hem az wagtyň içinde häkimiýeti raýatlaryň Özygtyýarly geňeşine geçirmeli döwrüne gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG