Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby gulluga täze çagyrylan lebaply esgerlerden COVID-19 ýüze çykaryldy


Harby gulluga täze çagyrylan ýigitler otly bilen harby bölümlere äkidilýär (arhiw suraty)
Harby gulluga täze çagyrylan ýigitler otly bilen harby bölümlere äkidilýär (arhiw suraty)

Lebap welaýatynda çagyryş boýunça harby gulluga täze alnan esgerleriň arasynda COVID-19 ýüze çykarylyp, olar dessine Türkmenabadyň hassahanasyna ugradyldy.

Türkmenistanda häzir harby gulluga çagyryş möwsümi dowam etdirilip, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan we ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar oktýabr-dekabr aralygynda mejbury harby gulluga alynýar.

Bu kompaniýanyň çäklerinde Lebabyň ençeme, şol sanda Hojambaz, Köýtendag, Kerki we beýleki etraplaryndan gulluga täze çagyrylan ýigitler toplanyp, soňy bilen ýurduň beýleki künjeklerindäki harby bölümlere ugradylmak üçin, bir otly bilen Türkmenabada getirildi.

“Oglumyzy gulluga ugratmak üçin ençeme sagat ýoly söküp, Türkmenabadyň wokzalyna geldik. Şol ýerde, degişli harby bölümlere ugradylmazyndan ozal, gulluga alnan ýigitlerden COVID-19 testleri alyndy. Çagamdan koronawirus tapyldy diýip, ony şäheriň bir hassahanasyna äkitdiler. Ýogsa, oňa waksina sanjymy hem urlupdy. Oglum bilen görüşmäge, halyndan habar tutmaga hem rugsat bermeýärler” diýip, Magdanly şäherinden gelen ejeleriň biri 28-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýeti aýan edilmeýän söhbetdeşimiz bir otlyda getirilen başga-da onlarça ýigitden koronawirusyň ýüze çykarylandygyny sözüne goşdy.

Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini ýurduň çäklerinde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Lebabyň saglyk we harby edaralaryndan, anna güni ýerli edaralaryň iş sagatlarynyň dowamynda goşmaça maglumat ýa-da kommetariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Mundan öň, Azatlyk ýurduň ençeme sebitindäki, esasan-da Aşgabadyň, Bekrewäniň, Gökdepäniň harby birikmelerinde we harby-howa güýçleri bölümlerinde koronawirusyň degişlilikde uly depginler bilen ýaýraýandygy barada habar beripdi.

Şol pursat, ýagny iýul aýynda ýagdaýlaryň jikme-jiklerini öwrenen habarçylarymyz bu ýerlerde keselleýän adamlar esgerlerden, ofiserlerden we şertnamalaýyn gulluk edýän ofiserlerden hem-de olaryň maşgala agzalaryndan ybaratdygyny, şeýle-de olara COVID-19-yň deregine, lukmanyň netijelerinde pnewmoniýa diagnozynyň goýulýandygyny belläpdiler.

Mundan başga-da, habarçymyz bu keselçilik hakda dil ýarmazlyk barada harby lukmanlardan, şepagat uýalaryndan we arassaçylyk işgärlerinden dil hata gol çekmek talap edilýändigini hem anyklamagy başarypdy.

Galyberse-de, esger çagalaryna bu keseliň ýokuşmagyndan we olara talaba laýyk saglyk bejergisiniň berilmezliginden alada edýän ene-atalara, diňe pul ugratmaga rugsat berlip, olara perzentleriniň halyndan habar tutmaga mümkinçilik döredilmändi.

Şeýle-de, ýurtdaky agyr ykdysady krizisiň arasynda harby gulluk şertleriniň ýaramazlaşandygy baradaky maglumatlar bilen birlikde, harby bölümlerde gerekli däri-dermanlaryň hem ýiti ýetmezçilik edýändigi bellenilýär.

Türkmen hökümeti global pandemiýa başlanaly bäri ýurtda ölüm howply wirusyň ýeke ýagdaýynyň bardygyny hem ykrar etmeýär.

Ýöne resmiler, ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpdügi baradaky habarlaryň arasynda, keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini, şol sanda hereket çäklendirmelerini, maska geýmek we köpçülikde iki metr aralygy saklamak düzgünlerini güýçlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG