Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary goşuna ekzamen güni alynýar


Harby çäre, Türkmenistanyň Lebap welaýaty (arhiw suraty)
Harby çäre, Türkmenistanyň Lebap welaýaty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine ýaşlaryň harby gulluga alynmagynyň bahar möwsümi dowam edýär. Köp esgerler şu ýyl hem mekdebi tamamlamak üçin synaglar gutarmanka goşuna alynýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, harby gulluga çagyryş möwsümi hem öňki ýyllardan tapawutlanmaýar. Şu ýyl hem harby gulluga çagyrylýanlar mekdebi gutaryp-gutarmanka goşuna alnyp gidilýär. Aşgabatdaky käbir mekdeplerde, şol sanda 15-nji mekdepde okuwçylaryň soňky synagdan geçmegine wagt berilmeýär. Mekdep ýolbaşçylary okuwçylara bu barada duýduryş beripdir.

Aşgabadyň mekdeplerinde 18 ýaşy dolan okuwçylara gowşurylan bu çagyryşda olaryň 15-nji iýulda irden sagat 8-de harby bölüme barmalydygy aýdylýar. Mekdebi gutarmak üçin jemleýji synaglar hem şol gün geçirilýär.

Mekdep ekzamenlerinden öň goşuna çagyrylmak praktikasy Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Öňki ýyllarda 18 ýaşyna ýeten ýaşlar mekdebi gutarman goşuna alnypdy, şeýle-de ýurda gelen badyna göni aeroportda zor bilen goşuna alnyp gidilipdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertlerinde gürleşen harbylaryň aýtmagyna görä, ýaşlary gyssagly goşun gullugyna almak boýunça ýurtda ornaşan praktika ýaragly güýçleriniň düzüminde esger ýetmezçiligi bilen baglanyşykly. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlar az taýynlyk bilen gulluga gidýär. Köp mekdeplerde esasy harby taýýarlyk sapaklary hem geçirilmeýär.

Türkmenistandaky mekdeplerde okuw möhleti häzir 11 ýyl, indiki ýyldan okuw möhleti 12 ýyla çenli ýokarlanar. Uçurymlaryň indiki ýyl ýaragly güýçlere gulluga nähili tertipde alynjakdygy entek belli däl. Ýurduň häkimiýetleri muňa degişli planlaryny şu wagta çenli yglan etmediler.

Bu aralykda, harby gulluga çagyrylýanlar we olaryň ene-atalar ýetip gelýän harby gulluk barada alada bildirýärler. Goşunda gulluk üçin esasy şertleriň bolmazlygy, azyk ýetmezçiligi, zerur lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, ýaşlaryň saglygyna howp salýar, gullukdaşlaryň we harby ýolbaşçylaryň sütemi köpleri harby gullukdan boýun gaçyrmak üçin ýol gözlemäge ýa-da gulluk ýerlerinde ýolbaşçylara para bermäge mejbur edýär.

Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň jan saglygy barada çynlakaý alada edýärler. Harby gulluga çagyrylanlaryň arasynda ölüm we şikes ýetmek ýaly pajygaly wakalar Türkmenistanda giňden ýaýran.

Azatlygyň habarçylary ogullarynyň goşun gullugyndan sag-aman gaýdyp gelmegi üçin ene-atalaryň para üçin zerur mukdarda pul ýygnaýandygyny, munuň üçin bergä batýandygyny ýa-da öz emlägini satýandygyny, şeýle hem harby gullukdaky çagalaryna yzygiderli maddy kömek etmeli bolýandygyny habar berýärler.

Ýakynda harby gulluga çagyrylan harby gullukçylaryň sözlerine görä, kadaly iýmitlenmek üçin ene-atalar her gün azyndan 20 manat, aýda tas 600 manat ibermeli. Bu Merkezi bankyň kursuna göre, 187,5 amerikan dollaryna barabar. Pul mobil telefonlarynyň hasaby arkaly geçirilýär.

Ykdysady çökgünlik, giňden ýaýran işsizlik we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegi ýaly şertlerde bu mukdar köpler üçin elýeterli däl.

Ykdysady kynçylyklar harby bölümleriň maddy üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagyna getirdi. Arassaçylyk şertleri aýratyn mesele boldy. Häzirki wagtda harby gulluga çagyrylýanlaryň saklanýan ýerinde ýuwujy serişdeler köplenç ýetmezçilik edýär, bu bolsa gap-gaçlaryň hapa bolmagyna getirýär we olary ulanmagy howply edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň harby bölümlerindäki çeşmelere salgylanyp habar berdiler.

"Harby komissariatyň görkezmesine laýyklykda harby gulluga çagyrylanlara nahar iýilende çemçe ulanmazlyk barada duýduryş berildi. Sebäbi harby bölümlerde ýuwujy serişdeleriň ýoklugy sebäpli gap-gaçlar we çemçeler diňe sowuk suw bilen ýuwulýar. Gap-çanaklaryň hemmesi hapa we ýagly. Şeýle hapa çemçeleriň ulanylmagy agzyň içinde we dodakda ýara döremegine getirýär, şeýlelikde, ýaşlara çemçe ulanman, nahary, şol sanda çorbany çörek batyryp iýmek tabşyrylýar "- diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen harby çeşme gürrüň berdi.

Ýurtda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, şertnamalaýyn harby gulluk we alternatiw gulluk ýurt raýatlary üçin göz öňünde tutulmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG