Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türme, gynamalar, «günä geçişlige» meňzeş çäre. Täjigistan öz tankytçylaryna nähili daraşýar


Täjik türmelerindäki tussaglaryň hukuklaryny goraýjy Buzurgmehr Ýorowa baýrak berlen pursady. Warşawa, 2019-njy ýylyň 18-nji sentýabry.

Diňe göz üçin amnistiýalar, türmelerde gynamalar we aktiwistlere adalatsyz höküm çykarylmagy dowam edýär. Gynansagam, beýle ýagdaý Täjigistan üçin gaýtalanyp duran ýagdaýa öwrüldi.

Täjigistanda häkimiýetlere garşy durýanlary kazyýet ulgamynyň jezalandyrýandygyny Halkara adam hukuklary guramalary köpden bäri öňe sürüp gelýär.

Soňky ýyllarda olaryň aýdýanlaryny tassyklaýan köp ýagdaý ýüze çykdy. Täjigistanyň kazyýetleri we çinownikleri rehimdarlyk hereketlerine ýüz tutanlarynda-da, ol adalatsyz ýaly görünýär.

ADWOKATLAR

Aklawçy Buzurgmehr Ýorow 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda tussag edildi. Tizara ony 28 ýyl azatlykdan mahrum etdiler.

Şu ýyl häkimiýetler Täjigistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli amnistiýa yglan edende, Ýorowyň möhleti dört ýyl azaldyldy.

50 ýaşly aklawçy kazyýetde günäsizdigini subut etmek mümkinçiligi örän az bolan adamlary goraýjy hökmünde tanalýar.

Buzurgmehr Ýorow 2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda.
Buzurgmehr Ýorow 2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda.

Ol Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň (TYGP) agzalaryny gorady. Bu partiýa bir wagtlar prezident Emomali Rahmonyň hökümeti bilen ygtyýarlyklary bölüşmek barada şertnama baglaşypdy (şertnama laýyklykda hökümet wezipeleriniň 30%-ni harby oppozisiýanyň wekilleri tutmalydy). Soňra bu şertnama Rahmon tarapyndan ýurda gözegçiligi güýçlendirmekde päsgelçilik hökmünde garaldy.

Ýorow telekeçi Zaýd Saidowyň aklawçysy bolan öz kärdeşi Fahriddin Zokirowy hem gorady.

Telekeçi Saidow 2013-nji ýylyň aprelinde “Täjikstoni Nau” atly täze syýasy partiýa döretdi. Dekabr aýynda ony kezzaplykda aýypladylar, ol köp aýallylykda we aýal zorlamakda günäli tapyldy. Bu aýyplamalar syýasy sebäpler bilen baglanyşyklydy.

Ony goran F. Zokirow 2014-nji ýylyň mart aýynda tussag edildi. Ol resminamalary galplaşdyrmakda aýyplanyp, sekiz aý türmä höküm edildi. Soň bolsa amnistiýa edildi.

Saidowyň ikinji aklawçysy Şuhrat Kudratow galplyk we para almakda aýyplanyp, dokuz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Iki amnistiýanyň dowamynda, onuň möhleti gysgaldyldy.

2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda paýtagt Duşenbäniň golaýynda güýç ulanmak ýüze çykdy. Hökümet ony Goranmak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky döwlet agdarylyşygyna synanyşyk diýip yglan etdi. Ol resmi birnäçe ýyl şondan öň TYGP-a gytaklaýyn baglanyşykly bolupdy.

TYGP haýal etmezden, şol hadysa gatnaşmakda aýyplandy hem ol ekstremist gurama saýylyp, ýurtda onuň işi gadagan edildi.

Ol partiýanyň Täjigistanda bolan ähli ýolbaşçylary tussag edildi we uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýorow TYGP-nyň ýolbaşçylaryndan käbir adamlary goramak isledi. 2015-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda beren interwýusynda ol müşderilerinden biriniň gynamalara sezewar edilendigini aýtdy.

29-njy sentýabrda Ýorow, hamana, 2010-njy ýylda bolup geçen galplyk aýyplamalary esasynda tussag edildi.

Ilkibaşda ony 23 ýyl azatlykdan mahrum etdiler, soňraky iki kazyýet işinde oňa ýene bäş ýyl goşuldy.

Kazyýet işleriniň birinde 11-nji asyryň akyldary Ibn Sinanyň sözlerini getirip, kazyýete hormat goýmazlygy üçin, goşmaça iki ýyl berildi.

Halkara ynsan hukuklary toparlary onuň tussag edilmeginden, höküm çykarylýança bolan ähli prosesi ýazgardylar.

BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Komissarlygynyň garamagyndaky esassyz tussag etmek boýunça iş topary 2019-njy ýylyň iýun aýynda gelen kararynda: "Kazyýetiň ähli ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, iň dogry çözgüt jenap Ýorowyň haýal etmezden boşadylmagy we onuň çeken ýitgisiniň öwezini dolmak we beýleki ýitiren hukugyny dikeltmek" diýilýär.

2019-njy ýyldaky amnistiýada Ýorowyň möhleti ýene alty ýarym ýyl azaldyldy. Eger onuň öňki dört ýylyny hem aýyrsaň, ýene 11 ýarym ýyl galýar.

OPPOZISIÝA WEKILI

Mahmurod Odinaew oppozisiýadaky Sosial-demokratik partiýanyň (SDP) başlygynyň orunbasary.

SDP häzirki wagtda Täjigistanda galan ýeke-täk oppozisiýa partiýasy.

Odinaýew häzir türmede, ol 14 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Soňky amnistiýa onuň möhletini üç ýyl gysgaltdy.

Täjigistanyň Sosial-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Mahmurod Odinaýew
Täjigistanyň Sosial-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Mahmurod Odinaýew

2020-nji ýylyň noýabr aýynda Odinaýew öz Facebook sahypasynda, Duşenbäniň häkimi, Täjigistanyň prezidentiniň ogly Rustam Emomala SDP-e azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy ýöriş geçirmäge rugsat bermäge çagyrýan habary iberdi.

Odinaýew 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda ýitirim boldy. 5-nji dekabrda prokuratura onuň tussag edilendigini tassyklady.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Odinaýewiň nägilelik bildirmek barada ýollan arzasyna esaslanyp, huligançylygy we ekstremizmi öjükdirmekde aýyplandy.

Bu işde onuň ogly Habibullo Rizoýew hem aýyplandy. Oňa 58 müň somoni (takmynan bäş müň ABŞ dollary) jerime salyndy.

2021-nji ýylyň martynda Odinaýewiň beýleki ogly Şaýhmuslihiddin Rizoýew huligançylykda we aýal zorlamaga synanyşykda aýyplanyp, alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Mahmurod Odinaýew we onuň ogly Şaýhmuslihiddin Rizoýew
Mahmurod Odinaýew we onuň ogly Şaýhmuslihiddin Rizoýew

59 ýaşly Odinaýew oktýabr aýynda köpçülikleýin amnistiýa sebäpli türme möhletini gysgaldyp biljek kagyzlara gol çekmekden ýüz öwürdi. Ol özüniň bikanun hem esassyz türmä basylandygyny aýtdy. Odinaýew derhal boşadylan we doly aklanan ýagdaýynda, ylalaşyga geljekdigini mälim etdi.

ÇOÝUN ÇÄÝNEK

2015-nji ýylyň sentýabr aýynda döwlet agdarylyşygy synanyşygy diýilýäninden soň tussag edilen dört TYGP agzasy özleriniň günäsizdigini tassyklap, işleriniň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda, ýaňadan gözden geçirilmegini sorap, türmeden daşara hat çykardylar.

Bu dört adam 25 ýyl azatlykdan mahrum edilen Zubaýdullohi Rozik; 16 ýyl azatlykdan mahrum edilen Hikmatullo Saýfullozoda; 28 ýyl azatlykdan mahrum edilen Rahmatullo Rajab we 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Muhammadali Faizmuhammad. Olaryň haty 16-njy sentýabrda daşary ýurtlardaky Täjigistanyň oppozisiýasy syýasy tussaglaryň gününi bellän mahaly köpçülige aýan edildi.

Rahmatullo Rajab, TYGP agzasy
Rahmatullo Rajab, TYGP agzasy

Täjik hökümeti ol çagyryşy ret etdi.

Sentýabr aýynyň ahyrynda türme keselhanasynda ýatan 70 ýaşly Saýfullozodanyň garşysyna hüjüm edilendigi barada habar peýda boldy. Iýun aýynda oňa ýüreginden operasiýa edilipdi, operasiýadan soň ony türme hassahananyň lukmançylyk bölümine iberdiler.

Saýfullozodanyň türmede gynalmalara sezewar edilýändigi hakda aladalar peýda boldy. Ýöne 8-nji oktýabrda ýurduň Adalat ministrligi gynamalar baradaky habarlary ret etdi.

Adalat ministrligi Saýfullozodanyň garşysyna hüjüm edilendigini tassyklady, ýöne oňa başga bir tussagyň hüjüm edendigini aýtdy. Onda-da ýöne bir tussag däl, eýsem TYGP-nyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Täjigistan oppozisiýasynyň hatarynda, raýat urşunda hökümete garşy çykyş eden bir adamyň hüjüm edendigini aýtdy.

Hossarlarynyň sözlerine görä, tussag Saýfullozodanyň ýatýan otagyna girip, çoýun çäýnek bilen kellesine urupdyr.

Türmeden gelen şikaýatyň başga biri Rahmatullo Rajaba degişli bolup, ol özüne fiziki taýdan hüjüm edilendigini aýdýar.

Rajabyň hossarlary oktýabr aýynyň başynda bir tussagyň oňa pyçakly hüjüm edendigini aýtdylar.

Rajabyň ýakynlary maglumat almak üçin, Wahdat türmesine gitdiler. Olara duşuşmaga rugsat berilmedi, ýöne telefon arkaly gürleşip bildiler.

Olar Rajabyň bu hüjümi ret edendigini, ýöne gaty seresaplylyk bilen gürleşendigini, telefon söhbetdeşligi wagtynda, Rajabyň ýeke däldigini, golaýda kimdir biriniň durandygynyň bildirýändigini aýtdylar.

Soňra Täjigistanyň Ombudsmeni Umed Bobozoda Rajabyň we Saýfullozodanyň, şeýle hem TYGP-nyň başga bir tussaglykdaky agzasy Abdykakhhor Dawlatowyň ýanyna baryp gaýtdy.

Bobozoda Rajab bilen Dawlatowyň gynamalary inkär edendigini, Saýfullozoda bolsa özüne hüjüm edilendigini tassyklandygyny, ýöne hüjüm edeniň türmäniň işgärleri däldigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, bu aýyplamalaryň garaşsyz tassyklanmasy ýok, sebäbi ähli maglumat türme ýolbaşçylaryndan ýa-da ombudsmenden gelýär.

Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň (TYGP) maslahaty. Duşenbe, 2015-nji ýylyň 12-nji marty.
Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň (TYGP) maslahaty. Duşenbe, 2015-nji ýylyň 12-nji marty.

HUKUK GORAÝJY

Izzat Amon 1996-njy ýyldan bäri Russiýada ýaşaýardy. Ol Russiýadaky täjigistanly işçi migrantlara goldaw berip başlady.

2000-nji ýylda Amon Moskwada täjikler üçin merkez döretdi we migrantlaryň hasaba alynmagyna, iş tapmagyna, ýaşaýyş jaýyny tapmagyna kömek etdi. Şeýle hem ol kanun kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan watandaşlaryna ýuridiki maslahat berdi.

2020-nji ýylda Täjigistanda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda Amon syýasy partiýa döretmek we saýlawlara gatnaşmak islegini mälim etdi. Ýöne kanunda dalaşgärleriň saýlawdan ozal azyndan 10 ýyl Täjigistanda ýaşamagyny talap edýän kanun maddasy sebäpli, tiz wagtdan bu pikirinden ýüz öwürdi.

Izzat Amon täjik migrantlarynyň hukuklaryny goraýjy
Izzat Amon täjik migrantlarynyň hukuklaryny goraýjy

Amon aram-aram Täjigistan häkimiýetleriniň Russiýada agyr iş bilen meşgullanýan we maşgalalaryna pul iberýän migrant işçileriň hukuklaryny goramak üçin, rus häkimiýetlerine garşy durup bilmeýändigini tankytlaýardy.

Rus häkimiýetleri Amony 2021-nji ýylyň 25-nji martynda tussag edip, ýurduna deportasiýa etdi. Täjigistanda bolsa oňa Russiýada alyp barýan işleri bilen baglanyşykly galplykda aýyplanma bildirildi. Kazyýet Amony günäli saýyp, on ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Bolýan bu zatlar sebäpli, garaşsyz synçylar, halkara adam hukuklary guramalary, adwokatlar birleşikleri we beýleki hukuk işleriniň geçirilişi hem-de höküm çykarylyş şertleri ilen gyzyklanýanlar Täjigistanda tussaglaryň hukuklarynyň bozulýandygy bilen ylalaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG