Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň 100-den gowrak lideriniň tokaýlaryň çapylmagyny togtatmak barada ylalaşmagyna garaşylýar


Britan premýer-ministri Boris Jonson Glazowda geçýän COP26 sammitiniň dowamynda. 1-nji noýabr

BMG-niň klimat boýunça Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçýän sammitiniň dowamynda, 2-nji noýabrda dünýäniň 100-den gowrak lideriniň tokaýlaryň çapylmagyny togtatmagy we bu prosesi 2030-njy ýyla çenli yza gaýtarmagy göz öňünde tutýan dokumente gol goýmagyna garaşylýar.

Britaniýanyň premýer-ministriniň edarasynyň 2-nji noýabrda ýaýradan beýanatyna görä, COP26 sammitiniň çäginde bu bilelikdäki beýanata dünýäniň tokaýlarynyň umumylykda 85%-ni emele getirýän döwletleriň liderleri gol goýarlar.

Bu döwletleriň hataryna Braziliýa, Indoneziýa we Kongo Demokratik Respublikasy dagy girip, bu ýurtlaryň çäginde dünýäniň iň iri we howp astyndaky tokaýlary ýerleşýär.

Britan premýer-ministriniň beýanatynda munuň “soňky nesiliň dowamynda tokaýlary gorap saklamak boýunça ädilen iň uly ädimdigi” bellenilýär, şeýle-de “bu borjy öz üstüne alanlara 2025-nji ýyla çenli 12 döwletiň umumy hasapda 12 milliard dollar möçberinde jemgyýetçilik maliýe serişdesini bölüp berjekdigi” aýdylýar. Mundan başga-da, şahsy pudak üçin goşmaça 7,2 milliard dollar berler.

Maliýe gurluşlaryň 30-dan gowragynyň ýolbaşçylary hem tokaýlaryň çapylmagynyň öňüni almak tagallalaryna sermaýa ýatyrmak boýunça borçnamalary alarlar.

Premýer-ministr Boris Jonson bu “deňi-taýy bolmadyk borçnamalaryň” üsti bilen “adamzadyň uzak wagtyň dowamynda tebigatyň basybalyjysy bolmagynyň deregine, indi onuň goragçysyna öwrülmek mümkinçiligine eýe boljakdygyny” aýtdy.

Agaçdyr baglaryň oba-hojalyk we gurluşyk pudaklary üçin uly mukdarda çapylmagy netijesinde, dünýäde tokaýlar tiz depginler bilen ýitirim bolýar. Daşky gurşawy goragçylar baglaryň global ýylanma sebäp bolýan zyýanly kömürturşy gazlary özüne siňdirýändigine ünsi çekip, agaçlaryň çapylmagynyň öňüni almaga çagyrýarlar.

Global Forrest Watch guramasynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda 258 müň inedördül metr tokaý çapylypdyr. Bu görkeziji Britaniýanyň tutýan meýdanyndan hem uludyr.

Maglumat üçin aýtsak, klimat boýunça COP26 konferensiýasyna gatnaşýan Türkmenistanyň delegasiýasyna ýurduň syýasy durmuşynda barha köp roly oýnaýan, maliýe pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Bu barada 1-nji noýabrda habar beren ýarym-resmi hökümetçi neşirleri Türkmenistanyň klimatyň üýtgemegi meselesine çynlakaý çemeleşýändigini, şeýle-de daşky gurşawy gorap saklamak boýunça anyk işleri amal edýändigini öňe sürdüler.

Emma resmi we ýarym-resmi türkmen neşirlerinde Türkmenistanyň çäginden atmosfera syzyp çykýan uly mukdardaky zyýanly metan gazy barada çap bolan maglumatlar barada hiç zat aýdylmaýar.

19-njy oktýabrda “Bloomberg” neşirinde çap bolan maglumatda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gaz känlerinden syzyp çykýan zyňyndylaryň daşky gurşaw üçin uly problema döredýändigi bellenilipdi.

Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

Nebit we gaz pudagynyň kömürturşy gazy we metan zyňyndylaryny goşmak bilen, parnik/ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga çalyşýan wagtynda, Türkmenistan, öňki Sowet respublikasy Merkezi Aziýada metan zyňyndylarynyň we metan syzmalarynyň möçberi we ýygjamlygy boýunça dünýäniň gaz öndürýän ýurtlaryň arasynda iň ýokary derejelerde durýar diýip, neşiriň habarynda bellenýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG