Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

10 ýyllap diktatorsyz. Kaddafiniň ölüminden soň, Liwiýa nirä barýar


Muammar Kaddafiniň garşysyna söweşen gozgalaňçylar onuň ölümini eşidenden soň, Sirt şäheri. 2011-nji ýylyň 20-nji oktýabry.
Muammar Kaddafiniň garşysyna söweşen gozgalaňçylar onuň ölümini eşidenden soň, Sirt şäheri. 2011-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

On ýyl mundan ozal, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda dünýäniň iň meşhur diktatorlaryndan biri bolan Muammar Kaddafi gozgalaňçylar tarapyndan ýaralanyp, gynamalara sezewar edilenden soň, öz dogduk şäheri Sirtiň golaýynda gozgalaňçylar tarapyndan öldürilipdi. Şondan bäri Liwiýada soňy görünmeýän raýat urşy dowam edýär. Oňa köp sanly toparlar we daşarky oýunçylar, şol sanda Russiýa gatnaşýar. On ýyldan soň Kaddafi režiminiň ýykylmagy sebäpli diňe bir Liwiýa däl, eýsem Liwiýadaky wakalardan ejir çeken köp sanly goňşy Afrika ýurtlary hem gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn hemişelik zorluk ýagdaýyndan çykalga tapmaga synanyşýarlar.

Şu ýylyň 24-nji dekabrynda Liwiýada ilkinji umumy prezident we parlament saýlawlary geçirilmeli, ikinjisi 2022-nji ýylyň ýanwaryna yza süýşürilmegi-de mümkin. Ýurtda BMG-niň ýolbaşçylygynda resmi taýdan atyşyklar bes edilip, parahatçylyk başlandy diýlen bolsa-da, krizisiň ýol berme ähtimallygy ýokar, ähli garşydaş güýçleriň arasyndaky iň çuňňur tapawutlar çözülmän gelýär.

2011-nji ýylda "Arap bahary" wakalarynyň fonunda demokratik şygarlar bilen Kaddafä garşy başlanan gozgalaň netijede, Liwiýa döwletiniň ýykylmagyna getirdi we köp sanly garaşsyz döwlet guramalary emele geldi, şeýle hem goňşy ýurtlarda tire-taýpa, ekstremizm we radikalizm ideýalarynyň täsiri artdy.

Liwiýanyň içi taryhy we "ideologiki" serhetlere bölündi, dürli ýaragly toparlar nebite baý bu ýurda gözegçilik etmek ugrundaky göreşlerini dowam etdirýärler, olar BAE we Müsür bilen Türkiýeden, Russiýadan we Saud Arabystanyndan başlap, Fransiýa we Italiýa çenli dürli daşary ýurt howandarlary tarapyndan goldanýar.

Muammar Kaddafi 2009-njy ýylda.
Muammar Kaddafi 2009-njy ýylda.

Öz döwründe Kaddafi diňe bir döwleti dolandyryjy bolman, goşgy ýazýardy, ýazyjy bolmagy-da halaýardy. Ol ölmezinden bir ýyl öň ähli wezipelerinden resmi taýdan çekildi we diňe özi üçin oýlanyp tapylan: "Doganlyk lideri we Liwiýa Arap Jemhurýetiniň Beýik 1-nji sentýabr Sosialistik Halk Rewolýusiýasynyň lideri" ady saklady. Aslynda bolsa, ol rehimsiz diktator bolup, 42 ýyllap (1969-njy ýylda, monarhiýa garşy döwlet agdarylyşygyndan soň) tagtda yzygiderli oturdy.

Kaddafi başgaça pikirlenýänlere çydamsyzdy, ol onlarça gezek janyna kast etmek synanyşygyndan aman galdy, dünýä liderleri bilen aragatnaşyk açanda, gözbagçylyk usullaryna ýüzlendi, özüni her dürli edip görkezdi, käte çadyrda ýaşaýan hem ýönekeý "sowatsyz" beduin bolsa, soňra Pan-Arap ýa-da Pan-Afrika gahrymany – özüni pida ediji hökmünde suratlandyrdy, dürli döwürlerde özüne "Afrika Patyşalarynyň şasy" ýaly atlary aldy, hatda Afrika Bileleşiginiň saýlanan başlygy (2008-nji ýylda) boldy. Şeýle hem, dünýäniň gurluşy, adamyň Ýerdäki maksady hem "Alla bilen şahsy aragatnaşygy" baradaky pikirlerini düşündirýän her dürli kitaplary – “Ýaşyl kitaby" we "Ak" kitaby ýazdy.

Umuman aýdylanda, Kaddafi 42 ýyl häkimiýet başynda bolan döwründe, iň bir geň kararlary çykaryp geldi, uruş dawalaryna gatnaşdy, Afrikadaky we Ýakyn Gündogardaky ähli konfliktlere goşuldy hem hakykat bilen gatnaşygyny ýitiren her bir diktatory emele getirip biläýjek "rewolýusiýa" özgertmelerini gurady.

Muammar Kaddafi 2008-nji ýylda Kiýewe eden sapary mahalynda, aýallardan düzülen janpenalarynyň goragynda.
Muammar Kaddafi 2008-nji ýylda Kiýewe eden sapary mahalynda, aýallardan düzülen janpenalarynyň goragynda.

Şeýle-de bolsa, dünýäde ol ilkinji nobatda, demokratik ýurtlara garşy çykýan ekstremist toparlaryň ählisini diýen ýaly goldaýan hökümdar bolup galýar. Günbatar, ilkinji nobatda, 20-nji asyryň ikinji ýarymynda bolup geçen köp sanly ganly terrorçylykly hüjümlere hut ol jogapkär saýylýar. Mysal üçin ABŞ-nyň öňki prezidenti Ronald Reýgan Kaddafini mydama "Ýakyn Gündogaryň baş guduz iti" diýip atlandyrýardy.

2011-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda dowam eden söweşlerden soň, NATO uçarlary tarapyndan goldanýan gozgalaňçy bölümler Liwiýanyň paýtagty Tripolini basyp aldy, Kaddafiniň rezidensiýasyna girdiler, diktatoryň özüni tapman, altyn heýkeliniň kellesini aldylar hem onuň daşary ýurtly myhmanlary kabul eden we daşary ýurtlara alyp gidýän beduin çadyryny otladylar.

Kaddafiniň içerki howpsuzlyk gullugynyň başlygy soňra şeýle diýdi: “Ol aşa gaharlydy, käwagt aklyndan azaşandyr öýdýärdik... Biz oňa paýtagtyň ýykylandygyny aýdanymyzdan soňam, Liwiýa halkynyň özüni söýýändigine ynanýardy".

Kaddafiniň garşysyna çykan bir topar gaharly gozgalaňçy ony Sirt şäherindäki uly ýoluň golaýyndaky zeýkeş turbasyndan çykaryp, ele saldylar. Şondan bäri ýurtda resmi taýdan eýýäm üçünji raýat urşy baýar. Liwiýanyň çäginde iň bolmanda iki hökümet döredildi, aslynda bolsa ýurtda köp sanly orta we kiçi toparlar hereket edýär, olar köplenç özbaşdak hereket edýärler, käte bir lagerden beýlekisine geçýäni-de bar. 2014-nji ýylda Liwiýa giren we hemişe diňe özleri üçin söweşýän "Yslam döwleti” toparyndan terroristler hem bar. Söweşler "Hemmeler hemmelere garşy" usulda barýar.

Häzirki wagta Liwiýada iki sany esasy syýasy güýç höküm sürýär (hersinde köp sanly ýerli garşydaş we ýaranlar bar) – Faiz Sarajyň ýolbaşçylygyndaky BMG tarapyndan ykrar edilen Tripolide Milli Ylalaşyk hökümeti hem-de özüni “feldmarşal” diýip atlandyran Halifa Haftaryň ýolbaşçylygynda Tobrukda ýerleşýän Liwiýanyň Milli Goşuny we olary goldaýan parlament – Liwiýanyň Wekiller palatasy bar. Soňky ýylda halk arasynda döreýän nägilelikleriň we koronawirus pandemiýasynyň fonunda, partiýalar ýeke ministrler kabinetini döretmek we umumy saýlawlara taýýarlanmak barada ylalaşyga gelene meňzeýär. 2021-nji ýylyň martynda Tripoli we Tobruk öz ygtyýarlyklaryny 2021-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek prezident saýlawlaryna çenli wagtlaýyn hökümete geçirmegi ylalaşdylar.

Şol wagtyň özünde Liwiýadaky syýasy ýagdaý her gün diýen ýaly üýtgeýär. Mysal üçin, ýerli kanunlara laýyklykda Faiz Saraj we Halifa Haftar 24-nji dekabrda geçiriljek saýlawlarda prezidentlige dalaş etmek üçin, saýlawdan üç aý öň ähli wezipelerinden resmi taýdan çekilmeli. Aslynda ses berişlik 2019-njy ýylyň ýazynda geçirilmelidi, ýöne Haftaryň goşuny Tripoli şäherine hüjüme başlanda, Türkiýäniň kömegi bilen yza serpikdirildi. 21-nji sentýabrda Liwiýanyň parlamenti Abdel Hamid Dbeýbanyň Milli jebislik hökümetine, ýagny wagtlaýyn hökümete ynamsyzlyk bildirdi. Bu hökümet mart aýynda tassyklandy we dekabrda geçiriljek saýlawlara çenli işlemelidi.

BMG tarapyndan ykrar edilen döwlet baştutany Faiz Saraj Tripoli şäherinde.
BMG tarapyndan ykrar edilen döwlet baştutany Faiz Saraj Tripoli şäherinde.

Geçen awgust aýynda Liwiýanyň Tripolidäki harby prokuraturasy Muammar Kaddafiniň belli ogullaryndan biri Seýf al-Islamy tussag etmek barada karar çykardy. Ol Wagner rus hakyna tutma bir topar bilen arabaglanyşygy bar diýlip güman edilýär we öz gezeginde Halifa Haftaryň goşunynyň tarapynda söweş alyp barýarka uruş jenaýatlarynda günäkärlenýär. Kaddafiniň 49 ýaşly ogly ýakynda syýasata dolanmak we ýurtda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň biri bolmak isleýändigini mälim etdi. Ondan öň Günbatar metbugaty Moskwanyň prezident saýlawynda, kiçi Kaddafini goldamagy meýilleşdirýändigini birnäçe gezek ýazdy.

Liwiýadaky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň Arap we Yslamy öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy Wasiliý Kuznetsow bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Liwiýada golaý wagtda ahyrsoňy ilkinji prezident saýlawlary geçirilmeli. Üznüksiz zorlukdan we uruşdan çykmak üçin, kiçijik bir mümkinçilik barmy?

Wasiliý Kuznetsow: Elbetde mümkinçilik bar, ýöne ähtimallyk gaty az. 2011-nji ýyldan bäri Liwiýada eýýäm iki saýlaw kampaniýasy geçirildi – 2012-nji we 2014-nji ýyllarda. 2014-nji ýyldaky saýlawlardan soň Tobrukda oturan Wekiller palatasy döredildi, ýöne bular raýat gapma-garşylygynyň we zorlugyň täze tapgyryna itergi boldy. Indi dekabr aýyna bellenen täze saýlawlar bolmaly. Emma saýlawlar geçenden ýa-da saýlawlar bolmazdan, Liwiýadaky ýagdaýyň kadaly şertlere geljekdigine uly şübheler bar.

Eger saýlawlar asla bolmasa, Tripolide ýerleşen häzirki hökümet we beýleki häkimiýetler öz kanunylygyny ýitirýärler, bu bolsa "döwlete degişli däl dürli oýunçylara” güýç gapma-garşylygyny dowam etdirmek üçin bahana bolar hem mümkinçilik döreder. Eger saýlaw geçse, bu ýerde azyndan iki howp bar. Olaryň birinjisi, ähtimallyk derejesi ýokary bolan ses berişligiň Liwiýanyň syýasy güýçleriniň bir bölegi, şol sanda uruş alyp barmaga güýji bar bolanlar tarapyndan ykrar edilmezligi bilen baglanyşykly. Ikinji mesele, saýlanjak hökümetde ýurdy dolandyrmak üçin hakyky gurallaryň bolmazlygydyr. Bir ýyl ozal Abdel Hamid Dbeýbanyň ýolbaşçylygyndaky "Milli jebislik hökümeti" diýlip atlandyrylýan wagtlaýyn hökümet döredildi. Ol Tripolide ýerleşýän we BMG tarapyndan ykrar edilen garşydaş Milli Ylalaşyk hökümetini we Haftaryň goşunlary tarapyndan goldanýan Tobrukdaky "gündogar hökümetini" çalyşdy. Ýöne 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ýerli parlament oňa, ýagny Abdel Hamid Dbeýbanyň kabinetine ynamsyzlyk bildirdi.

Sebäbi soňky ýyllaryň dowamynda Liwiýadaky toparlar ýurdy dolandyrmak üçin, esasy meseleler boýunça ylalaşyp bilmediler. Ilki bilen, milli býudjeti sebitleriň arasynda nädip paýlamalydygy barada. Ikinjiden, ýurduň ýaragly güýçlerini nädip birleşdirmeli. Bu iş ýüzünde geljekki hökümetde hem ykdysadyýeti dolandyrmak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin gurallaryň ýokdugyny aňladýar.

Kaddafä garşy göreşen harby güýçler Misurat şäheriniň eteginde
Kaddafä garşy göreşen harby güýçler Misurat şäheriniň eteginde

Azatlyk Radiosy: Liwiýalylaryň köpüsi on ýyl mundan ozal näme boljakdygyny göz öňüne getiren bolsalar, Muammar Kaddafi häkimiýet başynda galyp bilermidi ýa-da beýle bolmazmy?

Wasiliý Kuznetsow: Eger şeýle bolsa näme boljagyny kim bilýär... Ýöne daşary ýurt gatyşmadyk bolsa, Muammar Kaddafiniň häkimiýet başynda galmaga uly mümkinçiliginiň bardygy belli. Başga bir sorag ýüze çykýar; munuň üçin näçe gurban bermeli hem näçe gan dökmeli bolardy? Ol çekiljek pidalaryň on ýyllyk raýat gapma-garşylygy netijesinde Liwiýanyň ýitirenlerinden az bolmajagy belli. Belki-de, has köpräk bolmagy ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Wagtyň geçmegi bilen ýagdaý yzygiderli ýaramazlaşanda, adamlar hakykatda nähili bolsa-da, öňki döwri ideallaşdyryp başlaýarlar, ýagny gowy zatlary ýatda saklaýarlar, erbetlerini ýatdan çykarýarlar, adamzat şeýle, köplenç diktatory, "berk eli" we "durnuklylygy" arzuw edip başlaýarlar. Häzir Liwiýada Kaddafiniň döwrüni ideallaşdyrmak meýli barmy?

Wasiliý Kuznetsow: 2011-nji ýylda, Kaddafä garşy gozgalaň başlamazdan ozal, oňa duýgudaşlyk we antipatiýa nukdaýnazaryndan ilat takmynan 50-50-ä bölünipdi. Häzirem Kaddafiniň tarapynda galan şäherler we käbir sebitler ýa-da käbir syýasy toparlar bar, meselem, Beni-Walid şäheri. Ýöne Liwiýa jemgyýetiniň Kaddafiniň döwrüne ýa-da "täze Kaddafä", "kaddafizme" dolanmagy arzuw etmeýändigi belli. Güýçli el barada aýdylanda, Halifa Haftar muny berjaý etmäge synanyşdy, ýöne umuman şowsuz boldy. Ol "feldmarşal" ilatyň aglaba köplügi tarapyndan goldandy diýip bolmaz. Elbetde, bolup geçen wakalar sebäpli geçmişe isleg-höwes bar, ýöne bu Kaddafiniň ideallaşmagyna getirmeýär.

Azatlyk Radiosy: Kaddafiniň iň meşhur ogly Seýf al-Islamyň syýasatda goldawyň artýandygyny, onuň prezidentlige dalaş etjekdigi barada köp zat ýazylýar. Başgaça aýdylanda, onda kakasynyň portretini ýokary tutup, ýeňiş gazanmak mümkinçiligi barmy?

Wasiliý Kuznetsow: Seýf al-Islam hatda kakasynyň döwründe-de gaty bulaşyk şahsyýetdi. Seýf al-Islamyň dünýä üçin açyk görünjek, döwrebap Liwiýa barada Günbatara ýüzlenip aýdanlaryny ýatlaýaryn. Ýöne iki mesele bar; birinji mesele, men onuň çykyşlarynda Liwiýada kesekä garaşsyz syýasatçy boljakdygy baradaky pikiri görmedim, ýagny köp zat aýdýarlar, ýöne onuň adyndan, beýleki adamlar aýdýarlar.

Ikinji mesele, köp adamyň ony goldaýandygy barada aýdýarlar. Ilatyň bir bölegi ony goldaýan bolsa gerek, ýöne hakykat ýüzünde haýsy böleginiň goldaýandygyny bilýän ýok. Üçünji bir ýagdaýy-da nazarda tutmaly: oňa bildirilen agyr jenaýatlary, şol sanda Günbatarda-da gozgalýan işleri ýatyrmaly bolar. Umuman aýdanymda, onuň saýlawlara gatnaşmagyna, onda-da ýeňiş gazanmagyna ähtimallygyň azdygyna ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Liwiýada biri-birine garşy çykýan iki esasy güýje düýpgöter başgaça baha berýän iki sany ylmy mekdep bar. Käbir adamlar, mysal üçin, Tripolidäki hökümet kanuny taýdan saýlanan, demokratik, geljekki halk güýjüniň bir görnüşi, beýlekilere görelde hasaplaýarlar. Beýlekiler ol ýerde Türkiýe tarapyndan hemaýat edilýän radikal yslamçylaryň bardygyny we munuň umuman tutuş sebit üçin howpludygyny öňe sürýärler. Halifa Haftar bilen hem edil şonuň ýaly – käbirleri üçin geljekde rehimsiz harby diktator, ýagny "ikinji Kaddafi", dünýewi Liwiýa üçin söweşiji, dini gümürtiklere garşy söweşýär. Indi kime ynanmaly?

Wasiliý Kuznetsow: Hiç birine ynanmaly däl. Bularyň hemmesi ideologiki taýdan reňklenen baha. Tripolide halkara derejesinde ykrar edilen hökümet bar, ol, umuman, dünýäde hemmeler tarapyndan ykrar edilýär. Saýlanan diýip atlandyryp bolmaz, ýöne Berlin prosesiniň çäginde emele geldi. Şoňa laýyklykda Tobrukda Wekiller palatasy bar, bu hem kanuny. 2014-nji ýylda geçirilen saýlawlar şübheli bolsa-da, olar ykrar edildi. Şol bir wagtyň özünde hakyky täsirli güýç bolan Liwiýanyň Milli Goşuny bar.

Liwiýanyň Milli armiýasynyň söweşijisi öz ýaragyny Rejep Erdoganyň portretine gezäp dur. Sirt şäheri, 2020-nji ýylyň iýuly.
Liwiýanyň Milli armiýasynyň söweşijisi öz ýaragyny Rejep Erdoganyň portretine gezäp dur. Sirt şäheri, 2020-nji ýylyň iýuly.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin soňky on ýylda görýän ýowuzlygymyzyň ählisi hut Liwiýada bolup geçdi? “Arap bahary” hemme ýerde birmeňzeş başlandy, Tunisde, Aljirde hemme zat ilkinji nobatda asuda geçdi. Umuman aýdanyňda, Müsür hem öňki asuda ýoluna dolanýar, häzirki wagtda Hosni Mübäregiň döwründäki režime meňzeş diýen ýaly häkimiýet iş alyp barýar.

Wasiliý Kuznetsow: Gynansak-da, Liwiýanyň milli döwletliligiň döwri gaty çäkli boldy. Döwleti dolandyryjy ulgamlar, guramalar, institutlar, ýurdy birleşdirip biljek mehanizmler gaty gowşak bolup çykdy. Munuň üstesine-de, Liwiýanyň “maýa artykmaçlygy” ýa-da “serişdeleriň artyklygy”, "çeşme bollugy" goşuldy. Sada söz bilen aýdylanda, nebit köp, pul köp, ýarag köp – ýöne döwlet edaralary ýok.

Tunisde bolsa Birinji Jahan Urşundan soň ilkinji syýasy partiýa döredildi. Müsürde ilkinji syýasy partiýa, umuman, XIX asyryň ahyrynda döredildi. Tunisde geçen asyryň 20-nji ýyllarynda ilkinji gezek kärdeşler arkalaşygy hereketi döredildi (soň belli bir wagt gadagan edilse-de), Müsürde – 30-njy ýyllarda. Bu ýurtlar syýasy institutlaryň ägirt uly taryhyna eýelik edýärler.

Tunisiň we Müsüriň ikisiniň-de "denominasiýa", ýagny könäniň çalşygy bolup geçdi, ol ýurtlar tire-taýpa jemgyýetleri däl.

Liwiýada bolsa beduin taýpalarynyň arasyndaky gatnaşyklar bilen baglanyşykly ýagdaýyň hemişe gaty kyn bolandygyna garamazdan, "denominasiýa" döwri diňe indi bolup geçýär. Islendik ýagdaýda-da, döwletde jemgyýetçilik gurluşy düýpgöter üýtgeýän wagtynda, bu örän agyr döwür saýylýar. Müsürde hem Tunisde jemgyýetçilik gurluşy bireýýäm üýtgäpdi, bu ugurda jemgyýet öňden döwrebap görnüşe geçipdi. Onsoňam, ol jemgyýetlerde Liwiýadaky ýaly şeýle köp ýarag ýok! Meniň üçin bu esasy sebäplerden biri, elbetde, aslynda bar zat has çylşyrymly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG