Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Türkmengazyň" başlygyna, baş prokurora berk käýinç, soňky duýduryş berildi


"Nebit-gaz toplumynda prokuror gözegçiligini gowşadan" baş prokurora Batyr Atdaýewe berk käýinç we soňky duýduryş berildi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2% ýokarlanandygyny aýdyp, prezidente hasabat bereninden soň, döwlet baştutany hepde ahyrynda geçiren mejlisinde hemleli gürläp, hökümetiň iň girdejili pudagynyň birnäçe ýolbaşçysyna käýinç, şol sanda "nebit-gaz toplumynda prokuror gözegçiligini gowşadan" baş prokurora berk käýinç we soňky duýduryşyny berdi.

Bu gezek işinde kemçilik goýberenleriň başynda ýurduň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanowyň ady gelýär; soňra maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow we baş prokuror Batyr Atdaýew dagynyň atlary agzalýar.

Soňky iki resmä berlen käýinjiň “berkdigi”, şeýle-de olara işde goýberen kemçiliklerini gysga wagtda düzetmek üçin soňky duýduryşyň berlendigi nygtalýar. Türkmen TW-sinden görnüşine görä, prezident B.Atdaýewe ýüzlenende 'has gaharly' göründi we, anonim şertde gürleşen aşgabatly synçynyň pikirine görä, bu haýbat ozalky içeri işler ministri Isgender Mulikowa berlen soňky duýduryşy ýatladýar.

Adatça bolşy ýaly, käýinçleriň we soňky duýduryşlaryň anyk sebäbi aýdylmaýar we emeldarlaryň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy habar berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet mejlisinden bir gün öň geçiren iş maslahatynda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigini aýdyp, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Döwletgeldi Rejebowa käýinç berdi.

Şol bir wagtda, iki maslahatda hem uly ösüş sanlary getirildi, döwlet baştutany daşary ýurtlara eksport edilýän ýerli önümleriň, nebit-gaz önümlerini hasaba almanyňda, 48 prosente golaý artandygyny öňe sürdi.

TDN-nyň sebäbini anyklaşdyrmazdan ýazmagyna görä, döwlet baştutany mejlisde Ş.Abdrahmanowa söz berende, döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewi, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewi hem-de baş prokuror B.Atdaýewi sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ş.Abdrahmanowyň gözlerine görä, hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 122,8%, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 134,7% berjaý edildi.

Emma G.Berdimuhamedow, hasabaty diňläp, getirilen uly ösüş sanlary barada hiç zat aýtman, ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet baştutanynyň sözlerinden görnüşine görä, ýurtda “uglewodorod çig malyndan öndürilýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini köpeltmek” mümkinçiliklerinden doly we ýeterlik peýdalanylmaýar.

Şunuň bilen baglylykda, habarda aýdylmagyna görä, ol “ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi”.

Türkmen prezidentiniň nebit-gaz ýolbaşçylary bilen eden we TW teswiranamasynyň arkasynda galan gürrüňi Aşgabadyň howa metan zyňyndylaryny köp goýbermekde tankyt edilýän wagtyna hem-de Ýewropa Bileleşigindäki hyzmatdaşlary tarapyndan ýatladylan ykdysadyýet diwersifikasiýasy çagyryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, hökümet mejlisi Angliýanyň Glazgow şäherinde global howa maýlamasy meselelerine bagyşlanyp geçirilýän iki hepdelik maslahatyň ortalaryna gabat geldi.

Bu maslahata gatnaşan türkmen wekiliýetiniň başlygy S. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan “Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary goldaýar we oňa doly derejede, mümkingadar gatnaşmak maksady bilen, onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirýär”.

Bu gezekki käýinçleriň nebit-gaz ýolbaşçylaryna we baş prokurora gönükdirilmegi, eger-de howa goýberilýän zyňyndylar we Türkmenistanyň adresine aýdylýan tankyt bilen bagly bolsa, prezident bu pudagyň önümleriniň mundan aňryk hem köpeldilmegi barada mesele gozgamajak ýaly. Ikinji tarapdan, ol ýurduň daşary ýurtlara iberýän eksport önümleriniň nebit-gaz önümlerini hasaba almanyňda hem köpelendigini ynandyrmaga çalyşýar.

Türkmen hökümetiniň çap edýän ösüş sanlaryny ne abraýly halkara guramalary ygtybarly hasaplaýar, ne-de olar ilatyň durmuş, gazanç şertleri, ýurtdaky azyk üpjünçiligi bilen tassyk bolýar. Şol bir wagtda-da hökümet işsizligiň derejesi, ýurtdan gidýän adamlaryň köpelýändigi baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Megerem şu ýagdaý bilen bagly, häkimiýetler döwlet TW-siniň wagyzlaryny ol ýa-da beýleki görnüşde ýalana çykarýan maglumatlaryň garşysyna yzygiderli göreş alyp barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG