Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COP26: Esasy üns garyp ýurtlara goldawyň artdyrylmagyna gönükdirilýär


6-njy noýabrda Glazgowda müňlerçe demonstrant, şol sanda tebigaty goraýjy aktiwistler ýöriş geçirdi.
6-njy noýabrda Glazgowda müňlerçe demonstrant, şol sanda tebigaty goraýjy aktiwistler ýöriş geçirdi.

BMG-niň Klimatyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisiniň ikinji hepdesinde esasy üns howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin garyp ýurtlara goldawyň artdyrylmagyna gönükdiriler. Muňa baý we ösýän ýurtlaryň krizisi ýeňletmek üçin bilelikde işleşip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi babatynda synag hökmünde garalýar.

8-nji noýabrda Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçirilýän ýygnakda hökümetler global maýlama garşy göreşmek we munuň eýýäm ýüze çykan zyýanynyň öwezini dolmak boýunça töwekgelçilikli ýurtlara nädip ýardam edip boljakdygy barada ylalaşyk baglaşmaga synanyşýarlar.

Britaniýanyň halkara söwda boýunça sekretary Anne-Marie Trewelýan azyndan 26 ýurduň we sebitiň, şol sanda ABŞ-nyň we Ýewropa Komissiýasynyň ministrleri bilen ýygnak geçirip, olary ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin has köp iş etmäge çagyrýar.

Britaniýa iň gowşak, gorawsyz ýurtlara howanyň maýlamagynyň täsirlerine garşy göreşmek üçin 400 million dollar töweregi maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Dünýäniň 200-e golaý ýurdunyň wekili COP26-a gatnaşyp, 2015-nji ýyldaky Pariž konferensiýasynda ylalaşylan çäreleri, howanyň ortaça maýlamasyny Selsiýa boýunça 1,5 we 2 dereje arasynda çäklendirmegi durmuşa geçirmegiň ýollaryny gözleýärler.

Sammitde 8-nji noýabrda çap ediljek hasabatda, eger dünýäde howanyň maýlamasy Selsiýa boýunça 2,9 dereje gyzsa, onda iň gowşak 65 döwletiň jemi içerki önüminiň 2050-nji ýyla çenli 20 göterim, 2100-nji ýyla çenli 64 göterim pese gaçjakdygy görkeziler.

Geçen hepde müňlerçe demonstrant, şol sanda tebigaty goraýjy aktiwistler Glazgowda ýöriş geçirip, global maýlama bagyşlanan COP26 halkara maslahatynda gyssagly çäreleriň bellenilmändigini aýtdylar.

6-njy noýabrda demonstrantlar, şol sanda talyplar, aktiwistler, syýasatçylar we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary güýçli ýagşyň aşagynda ellerini birleşdirip, Glazgowyň şäher merkezine tarap ýörediler.

Daşky gurşawy goraýjy aktiwist Greta Thunberg BMG tarapyndan maliýeleşdirilýän konferensiýany "şowsuzlyk" diýip häsiýetlendirdi.

Bellesek, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisinde Türkmenistanyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem çykyş etdi.

Onuň öz çykyşynda aýtmagyna görä, Türkmenistanyň “milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça” nazarda tutýan “ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýar”.

“Biz Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary goldaýarys we oňa doly derejede, mümkingadar gatnaşmak maksady bilen, onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirýäris” diýip, türkmen DIM-niň web saýty S.Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar. 19-njy oktýabrda “Bloomberg” neşirinde çap bolan maglumatda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gaz känlerinden syzyp çykýan zyňyndylaryň daşky gurşaw üçin uly problema döredýändigi bellenilipdi.

Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

Nebit we gaz pudagynyň kömürturşy gazy we metan zyňyndylaryny goşmak bilen, parnik/ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga çalyşýan wagtynda, Türkmenistan, öňki Sowet respublikasy Merkezi Aziýada metan zyňyndylarynyň we metan syzmalarynyň möçberi we ýygjamlygy boýunça dünýäniň gaz öndürýän ýurtlaryň arasynda iň ýokary derejelerde durýar diýip, neşiriň habarynda bellenýär.

XS
SM
MD
LG