Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Olar iki gezek oýlanmaly". Taýwanyň Daşary işler ministri dünýä ýurtlaryna Hytaýa "bagly bolmagyň" howpludygyny duýdurýar


Taýwanyň Daşary işler ministri Jozef Wu Çehiýanyň parlamentiniň ýokary palatasynda – Senatda onuň başlygy Miloş Wystrçil bilen duşuşandan soň, Pragada metbugat konferensiýasynda çykyş etdi. Çehiýa respublikasy, 2021-nji ýylyň 27-nji oktýabry.
Taýwanyň Daşary işler ministri Jozef Wu Çehiýanyň parlamentiniň ýokary palatasynda – Senatda onuň başlygy Miloş Wystrçil bilen duşuşandan soň, Pragada metbugat konferensiýasynda çykyş etdi. Çehiýa respublikasy, 2021-nji ýylyň 27-nji oktýabry.

Taýwanyň Daşary işler ministri Jozef Wu Azatlyk Radiosy bilen giňişleýin söhbetdeşlik geçirdi. Ol öz çykyşynda, dünýä ýurtlaryna Pekin bilen gaty ýakyn gatnaşyklardan geljek netijeler, Hytaýdan injek uruş howpy barada duýduryş berdi hem-de Ýewropa saparynyň möhüm ugurlary hakda aýdyp geçdi.

Ýewropa ýurtlaryna, şol sanda dünýä derejesinde Hytaý bilen ykdysady we syýasy nukdaýnazardan has ýakyn aragatnaşykda bolýanlara Taýwanyň Daşary işler ministri Jozef Wu: "Olar iki gezek oýlanmaly" diýip, ýönekeý duýduryş bilen ýüzlendi.

— Eger siz özüňizi Hytaýa garaşly diýip pikir etseňiz, daşary syýasatyňyzda ýoýulmalar başlanyp biler. Eger siz hereketleriňiz ýa-da syýasatyňyz, hatda özüňizi alyp barşyňyz Hytaýa garaşly diýýän bolsaňyz, onda [seresap boluň], sebäbi iş mümkinçilikleriňizi howpa salmak islemersiňiz – diýip, Wu Azatlyk Radiosy bilen Pragada geçirilen ýörite söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu çagyryş öz-özüni dolandyrýan ada döwletiniň baş diplomatynyň Ýewropadaky möhüm sapary mahalynda boldy. Hytaý bolsa ol adany öz territoriýasy hasap edýär. Taýwan ministriniň diplomatik kampaniýasyndaky çykyşlarynyň bir bölegi, Taýwany Pekiniň awtoritar syýasatyna, “söweşiji- möjek” taktikasyna alternatiwa hökmünde goýulýar. Hytaýyň "karz duzagy" diýlip atlandyrylýan diplomatiýasy Afrikadan Merkezi Aziýa çenli dünýädäki maýa goýumlary bilen baglanyşykly amala aşyrylýar.

Taýwan Hytaýdan 1949-njy ýyldaky raýat urşy wagtynda bölündi. Wunyň pikirine görä, adanyň taryhy we Pekin bilen baglanyşykly tejribesi bu iki ýurt barada hakykatdanam aýratyn düşünje berýär. Hytaýyň barha artýan tutanýerliligi, “Bir guşaklyk – bir ýol” hilegärlikli proýekti olary barha köp aladalandyrýan bolmagy mümkin.

Dürli ugurlar boýunça geçirilen söhbetdeşlikde Wu Taýwanyň Hytaý bilen söweş töwekgelçiligi, ABŞ-nyň ada bolan ygrarlylygy, Ýewropa bilen diplomatik gatnaşygy barada durup geçdi, ol Pekin bilen gatnaşyk açmak ugrunda hereket etmäge synanyşýan beýleki ýurtlara hödürläp biljek sapaklary barada hem aýtdy.

Fransiýa we Germaniýa ýaly Ýewropa ýurtlary soňky ýyllarda Hytaýy barha ýygy tankytlaýarlar, ýöne Pekin bilen ykdysady gatnaşyklaryna we Hytaýyň girdejili bazarlaryna girmegine howp salmazlygy üçin, seresaply bolmagy-da dowam etdirýärler.

Mundan daşary-da, gündogarda Wengriýa, Çernogoriýa we Serbiýa ýaly ýurtlar Hytaýyň maýa goýumlaryny gutladylar hem “Bir guşaklyk – bir ýol” atly örän uly taslama goşuldylar, netijede korrupsiýanyň ösmegi we daşky gurşawyň zaýalanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Hytaý meselesinde Ukraina hem gapma-garşylyga duçar boldy: Hytaýyň maliýe çeşmelerinden peýdalanýan Kiýewe sanjym üpjünçiliginiň deregine Pekin syýasy basyş edip, Sinjiangda adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky tankytlardan ýüz öwürmelidigini talap etdi.

— [Hytaý] korrumpirlenen amallara ýüz tutýar – [olar] puly göni korrumpirlenen syýasatçylaryň jübüsine goýýarlar [we] köp zat wada berýärler, ýöne hakykatda berýänleri ujypsyz bolup biler. Olaryň gatnaşýan taslamalary käwagt gaty pes hilli. Şeýlelikde, olaryň ählisini birleşdirseňiz, Hytaý bilen çynlakaý söwda etmek isleýän islendik ýurt üçin, gaty gowy sapak bolar diýip pikir edýärin – diýip, Wu aýdýar.

Täze gulluga alnanlar Taýwanyň demirgazygyndaky Sinçžu welaýatyndaky harby türgenleşik mekdebinde. Taýwan hökmany harby gullugy bes etmek we doly meýletin gulluga geçmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz durýar. Häzir meýletinçiler ýeterlik däl. 2013-nji ýylyň 22-nji apreli.
Täze gulluga alnanlar Taýwanyň demirgazygyndaky Sinçžu welaýatyndaky harby türgenleşik mekdebinde. Taýwan hökmany harby gullugy bes etmek we doly meýletin gulluga geçmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz durýar. Häzir meýletinçiler ýeterlik däl. 2013-nji ýylyň 22-nji apreli.

DIPLOMATIKI GÜÝÇ

Uly söwda delegasiýasy bilen gelen Taýwanyň daşary işler ministri Slowakiýanyň, Çehiýa respublikasynyň resmileri bilen duşuşyk geçirdi, Polşada we Brýusselde saparda boldy, şeýle hem 29-njy oktýabrda Italiýada geçirilen G20 sammitiniň çäginde çykyş etdi.

Şeýle-de bolsa, Taýbeýiň halkara derejesinde özüne bolan ünsi ýokarlandyrmak we hormat gazanmak isleginiň asla ýeňil däldigini göz öňünde tutup, Wu Taýwanyň hoşniýetlilik we duýgudaşlyk gazanmak ugrundaky güýçli tagallalaryny mälim etdi.

Häzirki wagtda diňe 15 ýurduň 24 milliona golaý adamyň ýaşaýan adasy bilen resmi diplomatik gatnaşyklary bar. Olaryň hem köpüsi 1970-nji ýyllardan bäri resmi gatnaşyklaryny Pekine geçirdi. Ýewropada Watikandan başga hiç bir ýurt ýok.

Hytaýyň basyşy sebäpli köp hökümet Taýwanyň ýokary derejeli ministrlerini kabul etmek islemeýär we Pekin Wuny kabul eden ýurtlara eýýäm berk duýduryş berdi.

Hytaýyň dünýä derejesinde täsiriniň ýokarlanmagyndan soň, Taýwan köp zyýana galdy. Pekiniň ykdysady we syýasy täsiri bütin dünýäde giňelip barýarka, köp ýurtlar we halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we Bütindünýä Saglyk Guramasy Taýwanyň ykrar edilmeginden ýüz öwürdiler. Taýwanyň dünýädäki ýurtlaryň aglaba köplügi bilen resmi gatnaşygy ýok.

— Taýwan bir zady gazanyp, täze dostluga ýol açyp ýa-da halkara sahnasynda bir zatlar edip bilse, hytaýlylar utulýandyklary barada oýlanýarlar-da, Taýwanyň halkara gatnaşygyny azaltmaga çalyşýarlar. Şu ugurdan Taýwan bilen Hytaýyň arasynda mydama göni bäsdeşlik gidýär – diýip, Wu düşündirýär.

Hytaý soňky ýyllarda has söweşjeň herekete geçýär diýip, Wu hasap edýär. Sinjiang welaýatyndaky uýgurlar we musulman azlykdakylara garşy "täzeden terbiýeleýiş lagerlerinden" başlap, söwda tejribesindäki aladalary bilen Taýwana ýitirilen statusynyň käbirini gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik açdy. Wu Taýbeýden sapara ugramazdan ozal muny Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarda täze eýýämiň başlangyjy diýip yglan etdi.

— Hytaýyň isleýäni näme, Taýwanyň halkara jemgyýetçiliginde dostlary we goldawy bolmazdan, ýeke galmagyna göz ýetirmekdir. Elbetde, men Daşary işler ministri hökmünde, Taýwanyň dostlarynyň bolmagyny üpjün edýärin – diýip, Wu aýdýar.

Hytaýyň kenar ýaka şäheri Sýamynyň alnyndaky Şihu adajygynda Taýwanyň baýdagy çekilipdir. 2021-nji ýylyň 19-njy oktýabry.
Hytaýyň kenar ýaka şäheri Sýamynyň alnyndaky Şihu adajygynda Taýwanyň baýdagy çekilipdir. 2021-nji ýylyň 19-njy oktýabry.

HYTAÝ BILEN GATNAŞYKLARDAKY DARTGYNLYLYK WE ABŞ-NYŇ BORJY

Pekin Taýwany Hytaýyň bir welaýaty hasaplaýar hem onuň yzyna goşulmagyny, zerur bolsa güýç bilen birikdirilmegini isleýär.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda Taýwanyň "birleşmegi" miras meselesine öwrüldi we Hytaý Taýbeýe garşy harby, diplomatik hem-de ykdysady basyşy güýçlendirdi.

Soňky ýyllarda Hytaýyň uçarlary gündelik diýen ýaly olaryň üstünden aýlanýar, oktýabr aýynyň başynda, sanlyja günüň içinde Hytaýyň 150 töweregi harby uçary Taýwanyň howa giňişligine aralaşdy.

Taýwanyň Goranmak ministri Çiu Go-cheng ýakynda Hytaýyň 2025-nji ýyla çenli Taýwana “giň gerimli” çozuş edip biljekdigini duýdurdy.

Bu güýç täsirleri ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Waşingtonyň Taýwany goramagy wada bermegine sebäp boldy. Hytaý tarapyndan hüjüm edilse, Waşington Taýwanyň goragynda durjakdygyny wada berdi, munuň özi ABŞ-nyň syýasatynda üýtgeşme bolup biljekdigini görkezýär.

Baýdeniň bu sözleri Pekinde berk seslenme döretdi: Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbin Taýwan meselesinde eglişiklere ýa-da geçirimlilige “ýer ýokdugyny” aýtdy.

Wu Baýdeniň çykyşynda ABŞ-nyň öz syýasatyndan birjik-de yza çekilmeýändigini aýtdy we "Taýwan öz goragy üçin jogapkärçiligini duýýar" diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Pekini ykrar etmek üçin, 1979-njy ýylda Taýbeý bilen resmi diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Waşington Hytaýyň Taýwana bolan talaplaryny aç-açan goldamaýar, ýöne Taýwan gatnaşyklary baradaky kanuna laýyklykda, ol ýurduň özüni gorap biljekdigini kepillendirýär hem-de olara, ýany ada abanýan ähli howplara "çynlakaý alada" hökmünde garaýar.

Waşington Taýwana ýarag satmagyny dowam etdirýär. Taýwanyň prezidenti Staý Ingwen 28-nji oktýabrda CNN telekanalynda, ABŞ goşunlarynyň Taýwan goşunyny taýýarlaýandygyny tassyklady.

— Aslynda uruş hiç kimiň bähbidine däl, ýöne bu diňe paýhasly ýolbaşçylar üçin. Käte biz Pekindäki liderleriň paýhasly däldiginden alada edýäris, aýratyn-da, olaryň içerki kynçylyklary ýüze çykan wagtynda – diýip, Wu belleýär.

Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy bilen Taýwan üns merkezinde galmagyny dowam etdirýär.

Amerikan goşunlary awgust aýynda gyssagly ýagdaýda, Owganystany terk edenlerinde, Baýdeniň tankytçylarynyň köpüsi, şeýle hem Hytaýyň resmi habar serişdeleri ABŞ tankytlap, onuň Taýwana beren borçlaryny sorag astyna aldy.

Wunyň pikiriçe, Owganystan bilen meňzeşlikler hiç bir tankyda laýyk gelmeýär.

— Hytaýlylar ABŞ-nyň ygtybarsyzdygyna hemmeleriň ynanmagyny gazanmak isleýär, iň zerur wagtynda, Birleşen Ştatlara Taýwany taşlamagy mümkin diýdirjek bolýar. Bu Hytaýyň dezinformasiýa kampaniýasy. Olar muny ýyllar boýy dowam etdirip gelýärler. Biz özümizi goramagy doly ýüregimize düwdük. ABŞ-nyň resmileri eger biz özümizi goramasak, kömek edip bilmejekdiklerini aýdyp gelýärler. Owganystanda biz başga hadysany görýäris, adamlar özleri üçin söweşmek islemeýäne meňzeýär, ýöne Taýwanda ýagdaý düýpden başgaça. Biz azatlygy we demokratiýany goramak isleýäris we biz özygtyýarlylygymyzy goramak isleýäris – diýip, Wu mälim edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG