Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda turan güýçli şemal sebitiň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik döretdi


Elektrik sütünleri.

Mary welaýatynda 16-njy noýabr güni agşam sagat 7 töwereklerinde turan güýçli şemal sebitiň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde bökdençlik döretdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatdan habar berýär.

Güýçli şemal netijesinde sebitiň dürli etraplarynda, şol sanda Garagum etrabynyň we Baýramaly etrabynyň birnäçe obasynda tok öçdi.

Azatlygyň habarçysyna görä, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň dört obasynda bir wagtda kesildi. Ýöne diňe bir “Ak altyn” daýhan birleşiginde däl, eýsem, ýanaşyk obalaryň ählisinde elektrik çyralary ýanmandyr.

Habarçymyza görä, Garagumyň etrap merkezinde we merkeze golaý obalarynda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi aradan az salym geçenden soň, gaýtadan dikeldilipdir, ýöne köp obada tok gaýtadan öçüpdir. Çetki obalarda bolsa bir gün ozal agşam 7 töwereklerinde sönen tok ertesi güni hem berilmändir.

Elektrik üpjünçilik edaralarynyň işgärleri sebitde ýüze çykan elektrik bökdençligini güýçli şemal bilen hem-de “elektrik simleriniň çakyşmagy” bilen düşündirýärler.

Bir sebit ýaşaýjysy elektrik üpjünçilik edarasyna jaň edip, toguň haçan berlip başlanjakdygy barada gyzyklanypdyr.

“Simler çakyşýar. Şemal ýatandan soňra, biz elektrik sütünlerine aýlanyp, simleriň üzülen ýeri barmy, aýlanyp görmeli bolarys. Sebäbi täze sim bolmansoň, bu simleri biz ‘senden maňa barýança’ edip, bejeripdik. Biz şol simleri barlap, onsoň tok goýbereris” diýip, ýerli ýaşaýjy elektrik işgäriniň sözüni getirdi.

Agşamara turan güýçli şemalyň yzy ýagyşly howa bilen utgaşypdyr. “Ýagyş daňdan sagat 4-e çenli dowam etdi” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

“Biziň çaga wagtymyzda-da şeýledi. Sähel şemal bolsa, ýagyş ýagsa tok kesilerdi. Häzir hem şol döwür. Hiç zat üýtgemedi. Gyş günlerinde tok peç ulanaýjak wagtyň tok ýok. Öýlerde gaz ýok. Gaz ozalam haýal, gyş günleri has hem haýallaýar. Biz gara pejiň içinde odun ýakyp günümizi görmeli bolýarys. Biz eýýäm köp wagt bäri şeýle durmuşda ýaşaýarys” diýip, bir goja Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde oba durmuşy barada gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 17-nji noýabr güni irden sagat 11 töwereklerinde obalarda elektrik üpjünçiligi gaýtadan dikeldilipdir.

“Emma tok öňküsinden gaty haýal” diýip, bir oba ýaşaýjysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. “Çyralar gaty haýal ýanýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanyň çet obalarynda gaz üpjünçiligi pes bolansoň, köp adam tok peçlerde nahar bişirýän ekeni.

“Tok peçlerde öňler bir çäýnek suw 2025 minutda gaýnaýan bolsa, indi bu gün bir çäýnek suw tok peçde 45 minutda gaýnaýar” diýip, oba ýaşaýjysy tok üpjünçiliginiň güýjüni ölçedi.

“Onda-da öňküler ýaly lasyrdap gaýnamaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Marynyň tok kesilen obalarynyň birinde ýaşaýan bir elektrik işçisi ýörite enjam bilen wagtal-wagtal öýlere berilýän toguň güýjüni barlaýan ekeni.

“Aslynda öýlerde toguň güýji 220-230 wolt bolmaly diýýär, ýöne häzir toguň güýji 100-110 wolt görkezýär” diýip, oba ýaşaýjysy elektrik işçisiniň sözlerini getirýär.

“Diňe gazy haýallatman, indi togy hem haýallatdylar” diýip, oba ýaşaýjysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan ýangyç gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Ýöne hususan-da oba ýerlerinde ýurt raýatlary ýyllarboýy gaz we tok üpjünçiligi bilen bagly dürli kynçylyklary başdan geçirip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG