Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynda uzak wagtlap suw bolmady


Ýaşaýyş jaýlary suw bilen üpjün edýän turbalar bejerilýär, Aşgabat, iýul, 2021

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynyň ençemesinde suw ýok. Ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaý birnäçe gün bäri dowam edýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary maglumat berýär.

4-nji noýabrda paýtagtyň Parahat-1, 2, 3, 4 şeýle-de, Parahat-7 we Parahat-11 etrapçalarynda ýene-de suw bolmandyr. Bu etrapçalaryň ýaşaýjylary günüň birinji ýarymynda agyz suwsuz galypdyr. Bu barada habarçylaryň biri 4-nji noýabrda irden habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Parahat-7-de ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligi suw daşaýan awtoulag arkaly ýola goýlupdyr.

Bir gün öň 3-nji noýabrda öýlän Parahat-1 we Parahat-9 etrapçalarynyň ýaşaýyş jaýlarynda suwuň kesilendigini Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz aýdypdy we suw problemasynyň beýleki etraplaryň ençemesinde dörändigini belläpdi. Ol suw daşaýan awtoulag bilen ýaşaýyş jaýlara suw getirilendigini aýtdy.

Parahat etrapçalarynda paýtagtyň iş gür ilatly ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär.

Aşgabatda merkezleşdirilen suw üpjünçiligi yzygiderli görnüşde kesilýär. Tutuş etrapçalarda suwuň kesilmegi diňe bir soňky hepdäniň dowamynda ikinji gezek ýüze çykýar.

30 we 31-nji oktýabrda 10-njy etrapçada suw üpjünçiligi bozulypdy. Şol günüň özünde "Daşoguz" bazarynda esasan gül satylýan böleginde turba ýarylyp, palçykly hapa suw akypdyr.

Azatlygyň habarçylaryna görä, Aşgabadyň häkimiýetleri şu günler ençeme etrapda birden suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäbini we suwuň ýaşaýyş jaýlara haçan beriljegini aýtmandyr.

Bu ýagdaýda adamlar suw üpjünçiligini özbaşdak ýola goýmaga çalyşýarlar we zapas edinýärler.

"Biziň öýümizde 100 litrlik suw zapasy bar" diýip, çeşmelerimiziň biri aýdýar.

Şu ýylyň tomsunda Aşgabadyň ýaşaýjylary ençeme gezek birnäçe günläp suwsyz oturdy.

Gyş paslynyň golaýlamagy bilen, Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki ýerlerinde ilatyň suw, gaz, elektrik togy bilen üpjünçiliginiň bady gowşaýar ýa-da doly kesilýär.

Şeýle-de, habarçylar howanyň sowuklygy sebäpli Aşgabatda şu ýyl ýyladyş möwsüminiň wagtyndan ir başlandygyny we başdan sandan çykýandygyny habar beripdi. Şäheriň köp gatly jaýlarynda ýyladyş ulgamy adatça 12-15-nji oktýabr aralygynda işledilýän bolsa, şu ýyl 6-njy oktýabrda işe girizildi.

Habarçylar şu günler paýtagtda jaýlara ýylylyk bermek boýunça işlerinde bökdençlikleriň yzly-yzyna döreýändigini aýdýarlar. Oba ýerlerinde ýaşaýjylar öýlerini ýylatmak üçin şu günler odun ýakmaly bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG