Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we türk prezidentleriniň maşgala suraty: Türkmenistanyň Birinji hanymy ilkinji gezek mediada


Türkmen we türk prezidentleriniň maşgala suraty. Sagdan çepe: Ogulgerek Berdimuhamedowa, Gurbanguly Berdimuhamedow, Rejep Taýýip Erdogan, Emine Erdogan. 27-nji noýabr, 2021 ý. Aşgabat. Türkmenistan.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala suratyna düşdi. Türkmenistanyň Birinji hanymy Ogulgerek Berdimuhamedowa ilkinji gezek mediada göründi.

27-28-nji noýabrda türk prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar.

Türkmen mediasyna görä, Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanynda ýokary derejeli myhmany resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogany Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanynda garşylady.

Dabarada iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy. Resmi dabaradan soňra iki lider Aşgabadyň Oguzhan köşkler toplumynda ikiçäk duşuşdy.

Metbugat habarlaryna görä, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda iki ýurduň habar agentlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary syýasat edaralarynyň hem-de bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Türk metbugatyna görä, duşuşyklarda iki ýurduň arasynda sekiz ylalaşyga gol çekildi.

Resminamalara gol çekişlik dabarasyndan soňra iki ýurduň döwlet baştutanlary metbugat ýygnagyny geçirdi.

Berdimuhamedow türk kärdeşini Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin” ordeni bilen sylaglady. Türkmen prezidenti bu sylagy Erdoganyň Türkmenistanyň halkara abraýyna goşan goşantlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam bermekde bitiren işleri bilen esaslandyrdy.

28-nji noýabrda myhman Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatda geçiriljek 15-nji sammitine gatnaşar.

Bu aralykda, iki döwlet lideriniň düşen maşgala suraty sosial mediada peýda boldy. Prezidentleriň maşgala suratyny özüni Twitterde žurnalist diýip tanyşdyrýan Zaher Dowran sosial mediada paýlaşdy.

Suratda sagdan çepe Türkmenistanyň Birinji hanymy Ogulgerek Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Türkiýäniň Birinji hanymy Emine Erdogan görkezilýär. Bu surat bilen Türkmenistanyň Birinji hanymy ilkinji gezek mediada göründi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň "Watan" habarlary gepleşigine görä, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynyň yz ýany, ýokary derejeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi. Resmi agşamlykda iki ýurduň prezidentleri söz sözlediler. Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň kadrlarynda iki ýurduň birinji hanymlary resmi agşamlyk stolunyň başynda görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG