Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen paýtagtynda YHG-nyň XV sammiti geçirilýär


YHG-nyň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary

28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) XV sammiti öz işine başlady. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmegine geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin gelen döwlet, hökümet baştutanlary paýtagtda bir gün ozal dabaraly ýagdaýda garşy alyndy, olar bilen sammitden öň dürli derejedäki gepleşikler geçirildi, hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekildi.

Mundan başga, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

YHG-nyň ministrler duşuşygy
YHG-nyň ministrler duşuşygy

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda bu gurama gatnaşýan ýurtlaryň işewür forumy geçirildi. Garyşyk formatda geçirilen foruma 170-den gowrak delegat, şol sanda 40 daşary ýurtly we 138 sany türkmen wekili gatnaşdy. Mundan başga, wideo aragatnaşygy arkaly, foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak adam gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar YHG ýurtlarynyň işewür gurluşlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurama agza ýurtlaryň baý tebigy we adam resurslaryna eýe bolup, geljekde ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň esasy wezipeleriniň biriniň maýa goýum hyzmatdaşlygyny goldamakdan ybaratdygy nygtaldy. Mundan başga, işewür toparlaryň wekilleri gurama agza ýurtlaryň işewür adamlarynyň özara gatnaşygy, täze bazarlara çykmagy, şeýle-de öňdebaryjy tejribeleri we ýokary tehnologiýalary alyşmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

27-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikler tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Berdimuhamedow türk kärdeşini Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin” ordeni bilen sylaglady. Türkmen prezidenti bu sylagy Erdoganyň Türkmenistanyň halkara abraýyna goşan goşantlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam bermekde bitiren işleri bilen esaslandyrdy.

Sadyr Žaparov sammite gatnaşýar
Sadyr Žaparov sammite gatnaşýar

G.Berdimuhamedow şol gün Pakistanyň prezidenti Arif Alwin bilen hem duşuşdy. Prezidentler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagynyň iki ýurda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Türkmen lideri Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen hem duşuşdy. Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeňleşdirilýändigini bellediler.

Myhmanlary garşy alýan çagalar
Myhmanlary garşy alýan çagalar

Döwlet baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine, okgunly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, maýa goýum işleriniň höweslendirilmegine ýardam bermegi ugur edinýändiklerini tassykladylar.

Berdimuhamedow Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygynda YHG-niň XV Sammitiniň gün tertibi, sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmen we özbek prezidentleri ylalaşyklara goş çekiş dabarasynda
Türkmen we özbek prezidentleri ylalaşyklara goş çekiş dabarasynda

Türkmen lideri Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Husraw Nozirin, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew dagy bilen hem gepleşik geçirdi.

Azeri prezidenti Ylham Alyýew sammite gatnaşýar
Azeri prezidenti Ylham Alyýew sammite gatnaşýar

Forumyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowmaynda ýangyç, energiýa toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda we beýleki ugurlar boýunça anyk bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik duşuşygynyň netijeleri boýunça Gazagystan, Türkmenistan we Eýran demirýol administrasiýalarynyň arasynda GTE (Gazagystan - Türkmenistan - Eýran) demir ýol koridoryny durmuşa geçirmek barada özara düşünişmek jarnamasyna gol çekildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň bahasy 11 mln ABŞ dollaryna barabar nebit-gaz önümlerini YHG-nyň agza ýurtlarynyň kompaniýalaryna ibermek, bahasy 35 mln dollarlyk eksport-import amallary üçin şertnamalar baglaşyldy.

Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde 1985-nji ýylda Türkiýe, Eýran we Pakistan tarapyndan döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) 1992-nji ýylda Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan hem goşuldy.

Bu gurama söwda we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin sammitleri, ministrleriň ýygnaklaryny we yzygiderli mejlis geçirýär.

Türkmenistan 28-nji noýabrda geçirilýän sammiti 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde kabul edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG