Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda talyp gyzy öldürmekde güman edilýän saklandy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenabatda geçen anna güni öz jaýynda öli tapylan gyzyň janyna kast etmekde güman edilip bir ýaş ýigit tussag astyna alyndy. Bu barada Azatlygyň şäheriň polisiýa bölümindäki çeşmeleri maglumat berýärler.

Ýatlatsak, 26-njy noýabrda Lebabyň administratiw merkezinde bir talyp gyz ilki zorlanyp, soňy bilen hem kükreginiň bäş ýerinden pyçaklanyp öldürilipdi.

Azatlygyň polisiýadaky çeşmesi bu jenaýat boýunça bir ýaş ýigidiň saklanandygyny mälim etdi, şeýle-de jenaýat, şol sanda gyzyň öldürilmegi bilen bagly käbir jikme-jikleri gürrüň berdi.

Emma saklanan güman edilýäne resmi taýdan aýyplamanyň bildirilmändigi, şeýle-de derňew we sorag işleriniň heniz hem dowam etdirilýändigi sebäpli, ol bu maglumatlary häzirlikçe köpçülige ýetirmezligi sorady. Galyberse-de, Azatlyk pidanyň we onuň hossarlarynyň hem şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

Bu aralykda, garaşsyz turkmen.news neşiri hem öz çeşmelerine salgylanyp talyp gyzyň janyna kast etmekde güman edilýänleriň saklanandygyny habar berdi. Neşir 1-nji dekabrda çap eden maglumatynda ýaş gyzyň ýakynda hallaşýan ýigidi bilen durmuş toýuny tutmak planlarynyň hem bolandygyny belledi.

Türkmenabatdaky ýokary okuw jaýlarynyň biriniň 3-nji ýyl talyby ejesi bilen bir kwartirada ýaşaýan ekeni, wakanyň bolan wagty ýaş gyzyň ejesi öýde däl, işde ekeni. Polisiýadaky çeşmämiz jenaýatçynyň gyzyň öýde ýekeliginden peýdalanandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz bu jenaýatyň şäheriň ilatynyň arasynda gahar-gazap bilen garşylanandygyny, şeýle-de adamlaryň jenaýatçynyň berk jogapkärçilige çekilmegini talap edýändiklerini hem sözüne goşdy.

Merhum gyz bilen tanyşlygy bolan türkmenabatlylar ony “akylly, edepli we owadan” gyz hökmünde ýatlaýarlar diýip, habarçymyz sözüne goşdy.

Bellesek, Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralary bu jenaýat boýunça Azatlygyň soraglaryna resmi ýagdaýda jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Azatlyk bu jeýanat bilen bagly ýagdaýlary yzarlamagyny we soňky özgermeler barada habar bermegini dowam etdirer.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýokarlanýan jenaýat hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.

Ýurtda ykdysady krizis, galyberse-de häkimiýetler tarapyndan boýun alynmaýan pandemiýa we onuň getiren çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, Azatlygyň habarçylary ýönekeý raýatlaryň gündelik duçar bolýan kynçylyklary, barha ýitileşýän durmuş krizisi, artýan jenaýat hadysalary, ýygjamlaşýan ogurlyk wakalary, talaňçylyk we beýleki sosial problemalar barada yzygiderli habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG