Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2021-nji ýylda türmä basylan žurnalistleriň sany artdy, Belarus iň erbet bäşlige girdi


Meşhur blogçy we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geňeşçisi 2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda belarus häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi. Losik häzir ýapyk gapylaryň arasynda sud edilýär.

Dünýä boýunça türmä basylan žurnalistleriň sany 2021-nji ýylda ýene bir gezek rekord derejä ýetdi. Hususan-da, şu ýyl metbugat azatlygyny goraýjylar üçin “darykdyryjy ýyl” boldy diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitet 9-njy dekabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

Komitetiň täze hasabaty žurnalistik işi üçin türmä basylan žurnalistleriň sanynyň rekord derejä, 293 adama ýetendigini anyklady. 2020-nji ýylda bu san 280 adamdy. Žurnalistleri goramak baradaky komitet tapgyr alty ýyl bäri azyndan 250 žurnalistiň gözenegiň aňyrsynda galýandygyny hasaba alýar.

Galyberse-de, 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli 19 žurnalist öz işlerinden öç alnyp öldürildi. 2020-nji ýylda 22 žurnalist öldürilipdi. Başga-da, 18 žurnalist gümürtik şertlerde aradan çykdy, olaryň nyşana alnyp-alynmandyklaryny anyklap bolmady diýip, hasabat aýtdy.

Bu ýyl üç žurnalist çaknyşyk barýan ýerlerde habar taýýarlaýan wagty öldürildi. Başga-da iki žurnalist yzy gandöküşiklige ýazan protestler ýa-da köçe çaknyşyklary barada habar taýýarlaýan wagty öldürildi.

Hytaý soňky üç ýyl bäri dünýäde iň köp žurnalist tussag edýän ýurt bolmagynda galýar. Ol ýerde 50 adam gözenegiň aňyrsynda galýar. Birma fewralda bolan harby agdarylyşykdan soňra media serişdelerine garşy girişilen basyp ýatyrmalardan soň, häzir dünýäde iň köp žurnalist tussag edýän ikinji ýurt boldy. Müsür, Wýetnam we Belarus ilkinji bäşlige girdi.

Häzirki wagtda Belarusda 19 žurnalist gözenegiň aňyrsynda galýar, geçen ýyl 10 žurnalist tussag edilipdi. Belarusda tussaglykda saklanýan žurnalistleriň sany Žurnalistleri goramak baradaky komitet 1992-nji ýylda maglumat ýygnap başlaly bäri, häzirki wagtda iň ýokary derejä ýetdi.

“Bu güýçlenýän awtokratlaryň kadalary barha äsgermezçilik edýändiklerine we olaryň häkimiýet başynda galmak üçin halkara normalara göz-görtele boýun egmeýändiklerine” mysaldyr diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitet aýtdy.

Hasabat maý aýynda Minske gonmaga mejbur edilen ýolagçy uçardan düşürilip, tussag astyna alnan oppozisiýa blogçysy Raman Pratasewiçiň ýagdaýyna salgylanýar. Awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka Pratasewiçi we onuň söýgülisi Sofiýa Sapegany tussag etmek üçin öz ýurdunyň howa giňişliginden geçip barýan “Ryanair” uçarynyň ugrunyň üýtgedilmegini buýruk berdi.

Pratasewiç 2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlarynyň yz ýany dörän raýat tolgunyşyklaryna gatyşykda aýyplanýar. Ol 15 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Pratasewiç we Sapega saklanaly bäri öý tussaglygynda galýarlar.

Žurnalist tussag etmekde dünýädäki orny gowulaşýan ýurtlaryň biri hem Türkiýedir. Ozal Türkiýe iň köp žurnalist türmä basýan ýurt hökmünde hasaba alnypdy. Ol geçen ýyl 20 žurnalisti boşadansoň, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň täze sanawynda bu ýyl altynjy orny eýeledi. Türkiýede 18 žurnalist heniz hem tussag astynda galýar.

Ýöne gurama 2016-njy ýylda bolan agdarylyşyk synanyşygyndan soň türk häkimiýetleriniň girişen basyp ýatyrmalarynyň Türkiýede esasy akym mediany ýok edendigini we köp sanly žurnalisti bu käri terk etmäge mejbur edendigini belledi.

Saud Arabystanynyň 10 tussagy boşatmagy bu ýurdy iň erbet bäşlikden çykaryp, sekizinji setire getirdi. Ýöne “Waşington Post” üçin makala ýazan belli Riýad tankytçysy Jamal Haşogginiň 2018-nji ýylda ganhorlyk bilen öldürilmegi, galyberse-de 2019-njy ýylda birnäçe adamyň tussag edilmegi köp sanly žurnalisti sem eden bolmagy mümkin. Bu ýurtda 14 žurnalist gözenegiň aňyrsynda galýar.

Şeýle-de, 2021-nji ýylda dünýä COVID-19 pandemiýasy we klimatyň üýtgemegi ýaly problemalar bilen başagaý wagty repressiw hökümetler ynsan hukuklarynyň depelenmegi boýunça jemgyýetçilik gahar-gazabynyň “kütelýändiginden” habarlydy diýip, hasabat aýdýar.

Maglumat garaşsyz media garşy çydamsyzlyk meýliniň umuman ýokarlanýandygyny görkezýär.

Galyberse-de, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň soňky hasabatyna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli Türkmenistanda bir žurnalist gözenegiň aňyrsynda galdy. Ýatlasak, maý aýynda turkmen.news neşiri özüniň ýurt içindäki ştatdan daşary habarçysy Nurgeldi Halykowyň galp aýyplamalar bilen 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi. Munuň yz ýany komitet Halykowyň derhal boşadylmagyna çagyryş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG