Ýurduň iň içgin yzarlanýan kazyýet diňlenişikleriniň birinde belarus kazyýeti oppozisiýa aktiwistlerine, bloggerler toparyna hem-de sürgündäki oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň adamsy Sergeý Tihanowskä höküm çykarýar.
Kazyýet oppozisiýa syýasatçysy Tihanowskiýni 18 ýyl möhlet bilen, blogger we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geňeşçisi Ihar Losigi bolsa 15 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi.
2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlarynyň öň ýany saklanyp, häzirki wagtda Gomel şäherinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edilýän alty adamyň ählisini hukuk goraýjy toparlar syýasy tussaglar hasaplaýar. 173 gün bäri dowam edýän kazyýet diňlenişigi Belarus taryhynda iň uzaga çeken kazyýet diňlenişikleriniň biri boldy.
Demokratiýa tarapdar hereketiň basylyp ýatyrylmagy diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň 2020-nji ýylyň awgustynda ýene wezipä gelmeginden soňra, diňe ýaramazlaşmak bilen boldy. Oppozisiýa we Günbatar saýlaw netijelerini ykrar etmeýär.
Höküm çykarylanlaryň arasynda saýlawdan çetledilip, yz ýany tussag edilmezden ozal Lukaşenka garşy bäsleşmegi meýilleşdiren tanymal wideo blogger Sergeý Tihanowskiý hem bar.
Tihanowskiý saýlawdan çetledilenden soňra, onuň syýasatda entek öwrenje bolan aýaly Tihanowskaýa saýlawçylary mobilizledi we, Günbatar hökümetlerine görä, hem-de oppozisiýa görä, saýlawlarda ýeňiş gazandy.
Saýlawlaryň yz ýany, özüniň hem-de çagalarynyň howpsuzlygy bilen bagly aladalaryň arasynda Tihanowskaýa Belarusdan gaçdy we şondan bäri hem Litwada sürgünçilikde ýaşaýar.
“Şu adamlaryň barlygynyň özi režim üçin jenaýatdyr. Olar azat Belarusda ýaşamaga garaşanlary üçin repressiýa duçar bolýarlar” diýip, Tihanowskaýa kazyýet hökümi baradaky habarlaryň yz ýany twit ýazdy.
“Diktatator özüniň iň güýçli garşydaşlaryndan aç-açan ar alýar. Ol syýasy tussaglary ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edip, ümsüm öz repressiýalaryna dowam ederin öýdýär. Ýöne tutuş dünýä syn edýär. Biz durmarys!” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, kazyýet hökümi çykarylanlaryň arasynda blogger we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geňeşçisi Ihar Losik hem bar. Ol saýlawlardan öň tussag edildi. Losik özüniň meşhur Telegram kanalyny ulanyp, jemgyýetçilik tertibini bozmaga taýýarlykda aýyplandy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý Lukaşenka režimini Losige we beýleki žurnalistlere “ýazgarylmaga mynasyp” çemeleşmegi bes etmäge çagyrdy.
“Onuň we beýleki günäkärlenýänleriň soňky bäş aý bäri ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen diňlenişigi aýylganç adalatsyzlyga mysal boldy. Biz ýene bir gezek Lukaşenka režimimini habar guramalaryna, žurnalistlere we Ihar ýaly bloggerlere hüjüm etmegi bes etmäge hem-de Losige aýalynyň we gyzynyň ýanyna dolanyp barmaga rugsat bermäge çagyrýarys” diýip, Flaý höküm çykarylmazdan öň aýtdy.
Prezidentlige dalaş eden Mikalaý Statkewiç, oppozisiýa aktiwistleri Wladimir Tyhanowiç, Artýom Sakau we Dmitri Papou hem kazyýet diňlenişiginde höküm çykarylanlaryň hataryndadyr. Statkewiç 14 ýyl, Tyhanowiç 15 ýyl, Sakau 16 ýyl, Papou 16 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.
Tussag edileli bäri deslapky tussaghanada saklanýan günäkärlenýänler dürli “jenaýatlarda”, şol sanda jemgyýetçilik tertibini bozmakda, ýigrenji öjükdirmekde, Merkezi saýlaw komissiýasynyň işine päsgel bermekde, jemgyýetçilik tertibini bozýan çäreleriň guramaçylygyna gatnaşmakda aýyplanýarlar.
Käbir günäkärlenýänleriň näme sebäpden bilelikde kazyýet jogapkärçiligine çekilýändigi, ýa-da diňlenişigiň näme sebäpden ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýändigi aýdylmaýar.
Belarusda saýlawlardan soň onlarça müň adam tussag edildi. Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler 800-den gowrak adamyň syýasy tussag hasaplanýandygyny aýdýar.
Garaşsyz media serişdelerine, oppozisiýanyň sosial media kanallaryna we graždan toparlara azar berildi we ýapyldy, oppozisiýa wekilleriniň aglabasy bolsa ýa türmede, ýa-da sürgündedir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.