Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ähli bazarlar we söwda merkezleri 15-nji dekabrda "açylar"


Illýustrasiýa suraty

2021-nji ýylyň 15-nji dekabryndan başlap Türkmenistanda ähli bazarlaryň, söwda merkezleriň doly işledilmegi ýola goýulýar. Bu barada ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň öz agzalaryna iberendigi aýdylýan hatda bellenilýär. Garaşsyz türkmen.news neşiri bu hatyň nusgasydygy aýdylýan resminamany 15-nji noýabrda çap etdi.

Ýatlatsak, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýekeje hadysasynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri tomus paslynyň ahyrlarynda berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Bu çäklendirmeleriň çäginde ýurduň bazarlary we söwda merkezleri indi üç aý çemesi wagt bäri ýapyklygyna galýar. Bu waka, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň ozal görlüp-eşidilmedik derejede köpelen mahalyna gabat gelipdi.

"Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölümi, Birleşmäniň başlygynyň 08.11.2021 senedäki geçirilen önümçilik hepdelik ýygnagynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Size, 2021-nji ýylyň 15-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň ähli bazarlarynyň, söwda merkezleriniň doly işledilmeginiň ýola goýulýandygyny [habar berýär]" diýlip, hatda aýdylýar.

Bölüm müdiriniň orunbasary B.Agaýew tarapyndan 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda gol goýlandygy aýdylýan hatda birleşmäniň agzalarynyň özlerine degişli bolan söwda merkezlerinde Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän gullugynyň adatdan daşary toparynyň talaplaryna laýyklykda ähli arassaçylyk kadalaryny berjaý etmelidigi hem bellenilýär.

"Alyp barýan işleriňizde zyýansyzlandyryş serişdeler bilen üpjünçilik işlerini geçirmekligi, hökmany agyz-burun örtükleri (maska) dakynmaklygy, möwsüme görä geýinmekligi, kesgitlenen aralygy saklamaklygy tabşyrýarys" diýlip, hatda aýdylýar.

Şeýle-de, onda birleşmäniň agzalaryna "2021-nji ýylyň ahyryna çenli garamagyňyzdaky işgärleriňiz bilen zähmet haklary boýunça doly hasaplaşyklary geçirmegiňizi tabşyrýarys" hem diýilýär.

Azatlyk Radiosy agzalara iberilendigi aýdylýan bu hat barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin 16-njy noýabrda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen habarlaşdy. Telefona jogap beren resmi bu barada özlerine ýurduň Ministrler Kabinetinden görkezme gelmese, hiç hili maglumat berip bilmeýändigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynda, ýurtda koronawirusyň soňky tokuny möwjäp başlanda, wirusa garşy karantin çäklendirmelerini güýçlendirip, bazarlaryň, dükanlaryň, ilata hyzmat ediş we güýmenje nokatlarynyň, şol sanda gözellik salonlarynyň, dellekhanalaryň, restoranlaryň, kafeleriň ýüzlerçesini ýapdy.

Netijede müňlerçe adam gazançsyz galdy. Bu ýagdaý, Türkmenistanda bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen ilatyň güzeran eklenjini has-da kynlaşdyrdy.

Soňky aýlarda ýurduň dürli künjeginde bazar satyjylary häkimiýetlere protest bildirip, bazarlaryň gaýtadan açylmagyny talap etdiler. 1-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde onlarça bazar satyjysy işiň täzeden başlamagyny talap edip, bazaryň gapdalyndaky uly köçäni petikledi. 21-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda 100-den gowrak bazar söwdagäri bazar petiklemelerine nägilelik bildirip, şäher häkimliginiň öňüne bardy.

Türkmen hökümeti pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeler sebäpli işi togtadylan edara-kärhanalara, şeýle-de işsiz galan raýatlara döwlet tarapyndan nähilidir bir kömegiň berilýändigi ýa berilmeýändigi barada köpçüligiň öňünde beýanat bilen çykyş etmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçysy Türkmenabatda işi togtadylan bazarlardaky söwdagärlere soňky üç aý bäri salgyt tölegleriniň hem-de kireý tölegleriniň adatdakysy ýaly töledilýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG