Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky tutda-baslyklar tussag žurnalistleriň sanynyň köpelmeginiň bir sebäbi boldy


Belarus žurnalisti Uladzimir Laptsewiç, 20 gün tussaglyjdan soň.
Belarus žurnalisti Uladzimir Laptsewiç, 20 gün tussaglyjdan soň.

“Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy 1-nji dekabra çenli dünýäde 488 žurnalistiň we metbugat işgäriniň tussag edilendigini, munuň topar 25 ýyl gowrak mundan ozal metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap edip başlaly bäri iň agyr görkeziji bolandygyny aýtdy.

Öz ýerine ýetirýän işleri bilen baglylykda tussag edilen metbugat işgärleriniň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hususan-da Mýanmada, Belarusda we Hoňkoňda metbugat işgärlerine görkezilýän basyşlar sebäpli, 20% artdy diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 16-njy dekabrda çap edilen ýyllyk metbugat azatlygy hasabatynda aýdylýar.

Munuň tersine, bu ýyl öldürilen metbugat işgärleriniň sany 46 adam bolup, bu düýbi Parižde ýerleşýän metbugat azatlygy guramasy 1995-nji ýylda öz ýyllyk hasabatyny çap edip başlaly bäri iň az ýitgi boldy. Bu ýagdaý Siriýadaky, Yrakdaky we Ýemendäki "çaknyşyklaryň azalmagy" bilen bagly diýip, beýanatda aýdylýar.

Adam ölümi ýene bir gezek Meksikada we Owganystanda köp bolup, degişlilikde bu iki ýurtda ýedi we alty adam öldi. Owganystandaky žurnalistlere garşy edilen hüjümleriň köpüsiniň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" toparynyň ýerli bölümi ýa-da "Talyban" guramasy öz üstüne aldy. Bu ganhorlugyň arkasyndaky adamlaryň “bitiniň burny hem ganamaýar”.

Metbugat azatlygy guramasynyň habaryna görä, Hytaý indi bäşinji ýyl žurnalistleri we metbugat işgärlerini iň kän türmä basýan ýurt bolmagynda galýar; Pekiniň Hoňkoňa edýän gözegçiligini güýçlendirmegi zerarly, 1-nji dekabra çenli bu ýurtda 127 sany žurnalist ýa metbugat işgäri türmä basyldy.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň maglumatyna görä, türmede oturan 53 žurnalist bilen, Mýanma bu sanawda ikinji, Wýetnam bolsa, 43 adam bilen üçünji boldy.

RSF-nyň habaryna görä, Belarus 32 žurnalisti we beýleki metbugat işgärlerini, media dolandyryjylaryny, direktorlary, buhgalterleri ýa-da aklawçylary tussag edip, köp metbugat işgärini türmä basmakda dördünji boldy. Bu ýurt geçen ýylyň degişli döwründe ýedi metbugat işgärini türmä basypdy diýip, “Serhetsiz reportýorlar” belleýär.

Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka 2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen dawaly saýlawdan soň tutuş ýurt boýunça dörän köçe protestlere jogap edip, demokratiýa tarapdar hereketi we garaşsyz metbugaty basyp ýatyrmak üçin rehimsiz çäre görmäge başlady.

Belarusda tussag edilen erkeklere garanda aýallar köp boldy, ýagny olaryň 15 sanysy erkekler bolsa, 17-si aýallar boldy we bu ýagdaý, aýallaryň saýlawdan soňky hereketde oýnan rollary sebäpli, belarus häkimiýetleriniň däp bolan patriarhal çydamlylygynyň gutarandygyny aňlatdy.

Şeýle-de gurama heniz dünýäde türmä düşen beýle kän zenan žurnalisti hasaba alamandygyny, bu ýyl olaryň umumy sanynyň 60 bolandygyny aýtdy.

Mundan başga, RSF tutuş dünýäde 65 žurnalistiň we olaryň kärdeşleriniň zamun alnandygyny aýtdy. Bularyň tas hemmesi diýen ýaly, ýagny Malide saklanýan fransuz žurnalistinden başgasy, Ýakyn Gündogarda, Siriýada, Yrakda we Ýemende.

XS
SM
MD
LG