Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow Balkan we Daşoguzdan soň, Lebap we Mary bazarlaryna aýlandy


Illýustrasiýa suraty. Döwlet TW-sinden alyndy.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunabsary Serdar Berdimuhamedow täze ýylyň öň ýany, prezident kakasynyň tabşyrygy boýunça Balkan we Daşoguz welaýatlaryna amala aşyran saparlaryndan soňra, Lebap we Mary sebitlerindäki bazarlara aýlandy. Azatlygyň habarçylary wise-premýeriň welaýatlara amala aşyrýan saparlary barada döwlet metbugatynda aýdylmaýan jikme-jiklikleri habar berýärler.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigine görä, Serdar Berdimuhamedow 20-nji dekabrda Balkan, 21-nji dekabrda Daşoguz, 22-nji dekabrda Lebap welaýatlaryna sapar etdi. Azatlygyň habarçylary kiçi Berdimuhamedowyň 23-nji dekabrda Mary welaýatyna sapar edendigini habar berýärler.

Bu sapar bilen baglylykda, habarçymyza görä, 22-nji dekabrda welaýatyň jemagat gullugynyň işgärleri Mary şäheriniň köçelerini arassalamak işlerine çekildi.

Marynyň “Gök bazary”, “Lälebazary”, “Ýüpek ýoly” söwda merkezi wise-premýeriň saparyna taýýarlyk gördi.

Azatlygyň ikinji habarçysy Serdar Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda 23-nji dekabrda Aşgabat – Mary magistralynyň ugrunda ýerleşýän köpugurly bazarda hem taýýarlyk işleriniň geçirilendigini habar berdi.

Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar wise-premýeriň welaýatlardaky bazarlara, şol sanda Marynyň bazarlaryna edýän saparlarynyň dowamynda “bolçulyk sahnalarynyň” goýulýandygyny aýdýarlar.

“Emeldarlar ‘bazar’ atly teatr sahnalaşdyrýarlar. Alyjylar we satyjylar öňünden ýazylan senariýa boýunça çykyş edýärler” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyga mälim bolşuna görä, 23-nji dekabrda Serdar Berdimuhamedow heniz Marynyň bazarlaryna aýlanmanka, ol ýerlerde döwlet telewideniýesi üçin bazarlar wideo ýazgy edilipdir.

Azatlygyň beýleki habarçysy wise-premýeriň saparyndan eýýäm bir gün ozal, 22-nji dekabrda alyjylaryň Marynyň “Gök bazaryndan” çykarylandygyny habar berdi. Has ozal, Azatlygyň habarçylary ýokary derejeli emeldaryň sebit bazarlaryna edýän saparlarynyň dowamynda diňe öňünden bellige alnan raýatlaryň bazarlara goýberilýändiklerini habar berdi.

“Günortan sagat 12-den soň, polisiýa alyjylary ‘Gök bazardan’ çykaryp kowup başlady” diýip, bir maryly söwdagär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Günortandan soňra bazarlar ýapylyp, Serdaryň saparyna taýýarlyk görüldi. ‘Bolçulyk’ hökmünde ýasama bazar döredildi diýsem ýalňyşmaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň habarçysyna görä, sebit ýaşaýjylary Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda sähel aşaklan bahalar sebäpli, her niçik-de bolsa, azyk harytlaryny satyn almaga howlugýarlar.

“Halk Serdaryň gelen döwri harytlary arzan nyrhdan satyn almaga howlugýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy wise-premýeriň saparynyň yz ýany bahalaryň üýtgemek ähtimallygy barada howatyrlanmalaryny beýan etdi.

22-nji dekabrda Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň köpugurly bazaryna aýlanyp, söwda tekjelerindäki azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy we nyrhlar bilen tanyş boldy.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan bir türkmenabat ýaşaýjysy kiçi Berdimuhamedowyň saparynyň yz ýany, özüniň bazara barşy barada gürrüň berdi.

Habarçymyza görä, kiçi Berdimuhamedow 23-nji dekabrda irden 9 töwereklerinde Türkmenabatdan Mara ugrady.

Wise-premýeriň saparynyň yz ýany, “men Ak bazara baryp, bahalar bilen gyzyklandym. Almanyň bir kilesi alty manat, pyrtykal sekiz manat, nar 15 manat, armyt 15 manat, bananyň kilesi 25 manat, sogan dört manat, kartoşka alty manat, tüwi ýedi manat, mal etiniň bir kilesi 35 manat, balyk 25 manat” diýip, ýerli ýaşaýjy wise-premýeriň saparynyň yz ýany türkmenabat bazaryndaky bahalar barada habar berdi.

Azatlygyň ikinji habarçysy Täze ýyl baýramynyň öň ýany, Maryda adamlaryň arzan bahadan azyk harytlaryny satyn almaga howlugýandyklaryny habar berdi. Ol ähli harytlaryň arzan bahadan çäkli möçberde elýeterlidigini belledi.

“Meselem, bir kilogram konditer önümini satyn almak mümkin. Ýöne harytlar bir sagadyň dowamynda satylyp gutarýar. Şeýle-de, bu harytlaryň ýaramlylyk möhleti belli däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Döwlet telewideniýesi 22-nji dekabrda Lebabyň bazarynda döwlet syýasatyna alkyş okaýan satyjylary we alyjylary görkezdi.

Türkmenistanda eýýäm soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizis köp raýaty subsidirlenen harytlara garaşly goýdy. Azatlyk Radiosy azyk harytlaryny satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän nobatlar, nobatlarda ýüze çykýan ýakalaşyklar barada habar berdi.

Berdimuhamedowyň saparynyň yz ýany, Türkmenabadyň bazaryna sapar eden ýerli ýaşaýjy et önümlerini satyn almak üçin söwda tekjeleriniň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigini gürrüň berdi. “Ýöne miwe satylýan tekjeleriň öňünde nobat ýok” diýip, ol belledi.

Azatlygyň habarçysy Lebabyň etrap bazarlarynda hem gök-bakja önümleriniň bahalarynyň aşaklandygyny habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji dekabrda öz orunbasary Serdar Berdimuhamedowa welaýatlara aýlanyp, azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy, bazarlardaky bahalar we oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyş bolmagy tabşyrdy.

Bu tabşyrygyň yz ýany, sebitlere amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlaryň fonunda, synçylar Gurbanguly Berimduhamedowyň öz ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedowy ýurduň prezidenti wezipesine taýýarlaýandygyny aýdýarlar.

Kiçi Berdimuhamedow soňky ýyllarda prezident kakasy tarapyndan ýokary wezipelere göterildi. Ol şu wagta çenli ýurduň parlamentinde, daşary işler ministrliginde, senagat ulgamynda, sanly ulgamda hem-de ýurduň maliýe, ykdysadyýet we gözegçilik pudagynda ýokary wezipeleri eýeledi. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow belli bir wagt Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG